Gyzlar gyzlar, siz dünýäniň bezegi.

Bu dünýäden dünýä bolarmy sizsiz!

Asmanyn zeminiň bar gözelligi

Sizin gaşyňyzda bir agyz sözsüz

Dyzyna çökýär, duz kessin.

*

Haçan başlandyka siziň waspyňyz?

Ol waspyň öňi ýok, gutarmaz yzam

Siziň ýaly taryp edilen däldir.

Patyşalar-a däl, Allanyň özem.

*

Dünýä döräp size aýdylan waspyň

Müňden bir bölegin aýtsalar bize-

Ýagny erkeklere, onda biz bir wagt

Däliräp, Dübleşip, çykardyk düze.

*

Size agaçlaram, güllerem aşyk

Bagbanyň özi-ha aşyk has beter.

Altmyşdanam(60) aşan gojadyr weli

Yzyňyzdan ogryn-ogryn ses eder

*

Men gül ýolsam şol bagbanyň bagyndan

Gül aglar, bagbanam taýagyn salar

Siz ýolsaňyz gül bagbanyň bagyndan

Gül güler, bagbanam görmedik bolar.

*

Siz çöle barsaňyz ýanaklaryňyzy

Sazaklar sazakdan gabanyp ogşar

Siz derýa girseňiz aýaklaryňyzy

Balyklar balykdan gabanyp ogşar.

*

Siz daga çyksaňyz keýikler sizi

Keýikmika diýip ysgaşyp öter

Näzikler içinde iň näzigi siz

Beýikler içinde ondanam beter

*

Köşek gözeli.

Goýun gözli gözeller

Gara gözli

Mawy gözli gözeller

Maral gözli

Hüwi gözli gözeller

Bir birinden

Gowy gözli gözeller.

*

Şahyryň gaşynda siz otyrsaňyz

Müň ýyl gözüň gyrpman bakmagy mümkin

Ýöne weli ýaman göz bilen däl-de

Sizi ýaman gözden saklamak üçin.

*

Ömürboýy siziň gözleriňizden

Goşgy okap goşgy gözleýän gözler

Birden alaç tapman gyrpylaýsa-da

Şöhläňizden gamaşýandyr, gözeller

*

Diňe gözleriňiziň şöhlesi däl-de

Egin egine berip köçä çyksaňyz

Öň mahal ýer basan aýajyklaryňyz

Şor basan,kir basan aýajyklaryňyz

Çöp basan, çör basan aýajyklaryňyz

Gamaşdyryp barýar gözleri bu gün

Köçelerden aýak derýasy akýar

Ol derýaň şöhlesi kän ýigitleri

Käteler büdredýär.

Käte-de ýykýar.

*

Siziň bolsa gaýtam böwregiňiz bökýär

Olaň büdreýşine gülýäniz gaýta

Wah diňe ýigitleriň büdreýşine däl

Ýeriň ýarygyna-da gülýäňiz käte.

*

Gaşymdan lowurdap siz ýöreseňiz

Meni hem büdredip ýykmagyňyz mümkin

Ýöne bir goşgyny menden alyň siz

Her gezek büdredip ýykanyňyz üçin.

*

"Aýajyklaryňyz, wah, aýajyklaryňyz",

Diýip ömürboýy gaýtalan Puşkin

Göräýse şu günki aýajyklary

Ýörite-ýörite büdremek üçin

Köçelere şeýle çykmagy mümkin.

*

Köçeden lowurdap siz ýöreseňiz.

Meniň göwnüme-de bolmagy mümkin

Siziň özüňizem käte käteler

Biri-biriňize şeýle bir içkin

Şeýle bir hyrydar seredýärsiňiz

Diýdirýär: "Özlerem özüne aşyk"

Şeýdip gözellige bakar gözellik

Şeýdip haýran galar ýaşlyga ýaşlyk.

*

Siziň yzyňyzdan seredip şonda

Kijijik howsala duýýaryn käte

"Gözelligi, goy synlasyn gözellik,

Emma gorasynam!" diýýärin käte.

*

Wepadar muşdakmy,Biwepa muşdak

Siziň aşyklaryňyz köp bolýar örän

Goraň siz, goraň siz gözelligňizi,

Her dürli muşdakläň köpdügne görä.

*

Muşdaklaň özüniň köpdügi ýaly

Olaryň gepi-de köp bolýa örän

Goraň siz, goraň siz gözelligňizi,

Käte gepiň ýöne geçdigne görä.

*

Uruşmy ýaragmy, Adatmy, dinmi

Gözellik ýagysam köp bolýar örän

Gözelligi baýdak edip göteriň.

Heniz GÖDEKLIGIÑ köpdigine görä.

*

Şаhyr ähli gözelligiň dogany

Şahyr ähli gödeklige ýagydyr

Haýsy halkda gowy gyzlar köp bolsa,

Şo ýerleriň şahyrlaram gowudyr

*

Haýsy ýerde gowy şahyr köp bolsa

Şo ýerleriň gözellerem edepli

Şahyrlaryň mekdebidir gözeller

Şahyrlaram gözelleriň mekdebi

*

Häzirem şeýledir, Ýene şeýle bor

Şeýdip kemal berer mekdebe mekdep.

Ýöne weli siziň gözelligňiziň

Ysy has päkize, Reňki has köp

*

Her gözden seçilýär özüçe mähir

Her yüzden seçilýär özüçe güneş.

Biziň weli käbir şahyrlarymyzyň,

Sesem, ýüzem, ysam, reňkem meňzeş

*

Bizem özümiziň goşgularymyzda

Nusga alyp siziň dürlüligňizde

Dürli reňkli, dürli ysly bolmagy

Öwrenip bilsedik gözeller, sizden.

*

Şonuň üçin şony öwrenjek bolup

Gözümiz aýyrman gözleriňizden.

Käteler öteräk seredäýsegem

Gaty görüp durmaň, gözeller, bizden!

✍🏻Kerim.Gurbannepesow.