Bu günki ýazgymda size bütin dünýäde gitdigiçe has giňden ýaýraýan täze tehnologiýa – emeli aň (EA) [iňlisçesi: Artificial Intelligence - AI]; onuň häzirki ösüşi hem-de onuň dürli ugurlara ýetirýän täsirlerini birnäçe jähtden ele alyp, bu baradaky öz pikirlerimi size iň sada we düşnükli ýagdaýda ýetirmäge synanyşdym.
Emeli aň (gysgaça EA) tehnologiýasy bilen soňky iki ýylda has ýakyndan gyzyklanýan, ony öwrenýän ynsan hökmünde, gysgaça şuny aýdyp bilerin: EA önümlerini hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalaryň häzirki iş depgini bilen dünýädäki kompaniýalaryň, guramalaryň, ýurtlarynyň Hökümetleriniň we ynsanlaryň hiç birisi aýakdaş gidip bilmeýär. Öňdebaryjy EA kompaniýalary bolan OpenAI we Anthropic AI, ortaça, her bir ýarym aýdan täze modelini çykaryp, ulanyşa girizýär. Emma sarp ediji hökmünde ynsanlar, Hökümetler, kompaniýalar we guramalar täze modelleri şeýle tiz ýagdaýda öwrenip-özleşdirip, işe ornaşdyryp ýetişmeýär.
“MAŞYNLAR* PIKIR EDIP BILERMI?”
Emeli aň bilen bagly gözlegler, ylmy we barlag işleri biziň çak edişimizden has ir başlady. Angliýaly matematik Alan Turingiň 1950-nji ýylda ýazan ylmy işiniň birinji sözlemi şeýleräk mazmunda: “Men “maşynlar* pikir edip bilermi?” diýen soragy gözden geçirmegi teklip edýärin.” Bu soragyň jogabyny doly tapmak üçin adamzada altmyş ýyldan gowrak wagt gerek boldy. 2012-njy ýylda birbada bolup geçen iki waka ýokarky soragyň jogabyny tapmakda aýgytlaýjy rol oýnady. Birinjisi, tehnologiýada gazanylan öňe gidişlikler; ikinjisi bolsa AlexNet. Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň aýagyna OpenAI kompaniýasy ChatGPT emeli aň modelini köpçülige hödürledi. Soňky wakalardan ählimiz azda-kände habarlydyrys.
*bu ýerde maşyn diýlende - kompýuter (ýagny, elektroniki maglumat saklaýjy we hasaplaýjy maşyn/enjam) göz öňünde tutulýar.
EMELI AŇYŇ ÜÇ SÜTÜNI
Emeli aň tehnologiýasyny ilerletmek, degişli tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamak üçin üç sany serişde gerek: maýa (kapital-pul); data (maglumat); energiýa.
Edil üç aýakly tagan ýaly, emeli aň pudagy ine, şu üç sütüniň üstünde otyr. Emeli aň boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň Amerika we Hytaýdan çykmagyň sebäpleriniň biri hem, (elbetde başga sebäpleri bilen bir hatarda), ýokarda agzalan üç serişdäniň ählisiniň ummasyz uly mukdarlarda elýeterli bolmagydyr.
Bu babatda maýa, esasanam ABŞ, Hytaý, Ýewropa ýaly ösen ýurtlarynda has uly mukdarlarda bar. Tutuş dünýäde bir ýylda emele gelýän jemi maglumat (data) her ýylda ortaça 25% artýar. 2026-njy ýylda 268 ZB (zettabytes) (1 ZB = 1 trillion GB) möçberinde maglumat öndüriljekdigi çaklanýar. Muňa geçen ýyllardaky öndürlen maglumatlar girmeýär. Bir söz bilen aýtsak, näçe diýseň maglumat (data) bar. Üçünji sütün bolsa energetika. Ine hut şu sebäpden, elektrik energiýasynyň önümçiligiň geljekde tutuş dünýäde ýokary derejede artmagyna garaşylýar.
OPENAI, GOOGLE, MICROSOFT, ANTHROPIC NÄHILI PIKIRDE?!
Meniň soňky bir ýylyň dowamynda emeli aň boýunça öňdebaryjy esasy kompaniýalar bolan OpenAI, Google, Microsoft, Anthropic-iň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen dürli çäreleriň çäklerinde, şeýle-de ikiçäk duşuşyp, emeli aň pudagynyň häzirki ýagdaýy we ýakyn geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçiligim boldy. Şol gürrüňdeşliklerde agzalýan kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň pikirlerini gysgaça size ýetireýin. Olaryň ählisem, hödürleýän çözgütlerinden (ChatGPT, Gemini, Copilot, Claude AI) kompaniýanyň häzirlikçe hiç-hili peýda gazanmaýandygyny, zyýana işleýändiklerini beýan etdi. (Geň gördüňiz gerek?!...) Häzir ol kompaniýalaryň esasy göreşi we maksady – önümlerini has köp sanly ulanyjylara (kompaniýalar, guramalar, şahslar) ýetirmek arkaly, halkara bazaryndaky öz ornuny has berkitmekden ybaratdyr. Olar ýakyn geljekde, peýda çykjakdygna ynanýarlar.
EMELI AŇYŇ ULANYLŞY BOÝUNÇA KÄBIR GÖRKEZIJILER
Birinjiden, biz häzire çenli, diňe ýaňy dünýä inip, heniz aýagam bitmedik modelleri ulanyp gördük. Modeller yzygiderli kämilleşdirilýär. Ikinjiden, modelleri ulanmak heniz dünýä derejesinde köpçülikleýin häsiýete eýe bolmady. Hazirki günde dünýäde ýaşaýan adamlaryň ortaça 8%-i emeli aň modelleri yzygiderli ulanýar. Üçünjiden, bu görkeziji kompaniýalarda (guramalarda) 10%-e ýetmeýär. Şeýle-de, ýurtlaryň Hökümetleri babatda hem degişli görkeziji 10%-den pes. Ýagny, dünýä derejesinde emeli aň modellerini yzygiderli ulanýan şahslaryň, kompaniýalaryň (guramalaryň), Hökümetleriň paýy 10%-e hem ýetmeýär. Bu görkeziji 50%-den geçýänçä, dünýä derejesinde emeli aň modelleri ornaşdyryldy we giňden ulanylýar diýip aýdyp bilmeris.
EMELI AŇYŇ DÜRLI UGURLARA ÝETIRÝÄN TÄSIRI
Emeli aň tehnologiýasy bilen ýakyndan gyzyklanyp, bu ugurda okan dürli çeşmelere, dünýäniň dürli künjeginde geçirlen birnäçe tehnologiýa forumlaryna gatnaşyp öwrenen maglumatlaryma we geçiren söhbetdeşleklerime salgylanyp, size gysgaça ine şu aşakdakylary ýetirip bilerin.
Emeli aň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, jemgyýete düýpli täsir ýetirer.
Bilim – pudaga heniz giňişleýin ornaşdyrylmady. Günbatar ýurtlarynda emeli aň modellerinden peýdalanýan mekdep okuwçylaryň we talyplaryň arasynda geçirlen deslapky barlagyň netijelerine görä, okuwçylaryň (talyplaryň) berilýän öý işlerinde alýan bahalary ýokarlandy. Emma, ýazmaça synaglarda öňkä garaňda bahalary peseldi. Okuwçylar (talyplar) täze öwrenen maglumatlaryny ýatda saklamaklyk babatda öňki döwre garanyňda peseldi. Bir söz bilen, emeli aňyň bilime häzirlikçe (!) peýdadan köp, zyýany bar.
Çeper edebiýat we çaphana işi – Ýewropada geçirlen kitap sergileriň birine gatnaşdym. Çärede söhbetdeş bolan ýazyjylar we çaphana işgärleri emeli aňyň olaryň gazanjyny düýpli peseltmeginden howatyrlanýarlar. Eger, ine şi görkezijä ser salsak, onda olaryň aladalary ýersiz däl. Ýagny, ýakynda çap edilen maglumata görä, soňky wagtlarda Amazon-da satylýan kitaplarynyň 50%-den gowragy emeli aň arkaly ýazylan kitaplar ekeni.
Ynsanyň döredijilik ukybyna täsiri – Geçen ýyl geçirlen bir ylmy barlagda, emeli aň modelleriniň ynsanyň döredijilik ukybyny şahsy babatda häs artdyrýandygy, emma tutuş jemgyýet babatda bolsa, peseldýändigi anyklanypdyr. Täsin maglumat. Ýagny, emeli aňyň ynsan döredijilik ukyby babatdaky köpdürliligi aradan aýyrýandygny aýtmak bolar.
Kompaniýalarda zähmet çekýän işgärlere täsiri – Soňky iki-üç ýylda, esasanam ösen ýurtlardaky kompaniýalarda emeli aňdaky özgerişlere salgylanyp, işgärleriň köpçülikden işden boşadylmagy ýüze çykdy. Galyberse, emeli aň modelleri ornaşdyran kompaniýalar işgärlerinden, şol bir iş gününiň dowamynda iş netijeliligini ýokarandyrmagy talap etdiler.
Bu bolsa, işgärleri ruhy taýdan has güýçli stresi, aladalanmany başdan geçirmegi getirdi. Soňky wagtlarda bolsa, ilki başda işgäri (esasanam pes wezipelerdäkileri) işden çykaryp, olaryň işini emeli aňa ynanan kompaniýalar, emeli aňyň toslamalaryny/säwliklerini görüp, çykarylan işgärleri tizden-tiz yzyna işe çagyrmaga girişdi.
Kompaniýalara ýetirýän täsiri - Emeli aňy ornaşdyrmak kompaniýalar üçin uly maddy çykdajylary emele getirýär. Ilki başda, köp kompaniýalar beýleki kompaniýalardan yza galmajak bolup, gymmadam bolsa, emeli aňy ornaşdyryp başladylar. Ýolbaşçylar bir ýylda emeli aňa sarp edilýän jemi çykdajylaryň ujypsyz bölegine birnäçe işgäri işledip biljekdiklerine göz ýetirip, bu ornaşdyrmak prosesini haýallatdylar.
Kanunçylyk işine täsiri – Size täsin bir maglumaty aýdaýyn: Şu günki günde, Amerikada emeli aň boýunça işleýän kompaniýany esaslandyrmak we ýöretmek, gamburg satýan restoran açyp, ony ýöretmekden ýüz esse aňsatdyr. Emeli aň ugurda işleýän firmany iň gysga wagtda resmileşdirip, işläp başlamak mümkin. Emma gamburg restoran açmak üçin gerekli resminamalary resmileşdirmek, hem-de beýleki talap edilýän şertleri ýola goýmak üçin birnäçe aý, hatda bir ýyldanam gowrak wagt gerekdir.
Aýtjak bolýan zadym, emeli aň boýunça kanunçylyk işi, entek Amerikada hem kanuny taýdan düzgünleşdirilmedik. Galyberse-de, tehnologiýa kompaniýalary diňseň tiz wagtda modelleri ulanyşa girizýärler. Kanun çykaryş işi bolsa, köp wagt we birnäçe adamyň bilelikdäki zähmedini talap edýär. Bu ýagdaý, diňe Amerikada däl, tutuş dünýäde şeýleräk.
Ýazgy çendenaşa uly bolmaz ýaly, beýleki ugurlary agzamakdan saklanýaryn. (Belki, geljekde başga bir ýazgyda giňişleýin belläp geçerin).
MODELLERIŇ MÜMKINÇILIKLERI
Mälim bolşy ýaly, emeli aň modelleriniň mümkinçilikleri gün geçdigiçe has artýar. Ýakyn geljekde, dürli ugurlarda emeli aňyň işgärleriň ýakyn hemrasyna öwrüljekdigni ynamly aýdyp bilerin. Eýýäm, häzirki wagtda emeli aň modelleri iş başarjaňlygy ynsan başarnygy bilen deňeşdirilse, ýa deň, ýa-da has öňde. Hawa, emeli aň modelleriniň geljekde häzirki ýagdaýyna garanda birnäçe esse has ýokary derejelere çykmagyna garaşylýar.
Ýeri gelende emeli aň modelleri baradaky, adatça göze ilmeýän, emma iňňän möhüm bir zady belläp geçeýin. ChatGPT, Gemini, Copilot, Claude AI ýaly öňbebaryjy EA modelleri - adaty günbatarly (ýewropaly, amerikaly) adamyň pikir ýörelgisini, oý-düşünjesini, dünýägaraýşyny beýan edýär. Sebäbi, şol EA modelleri işlenip düzülende ulanylan maglumatlar (data) günbatarly şahslar-ulanyjylar tarapyndan ýazylan-döredilen maglumatlardyr. Muny, ýaňy-ýakynda geçirlen bir ylmy barlag hem tassyklady.
GEPIŇ TÜMMEK ÝERI: BIZE NÄHILI GELEJEK GARAŞÝAR?!
“Gelejek barada gürleýän adam, hakykaty aýtsa-da, ýalan sözleýändir.” (arap nakyly). Bu arap nakylynda bellenşi ýaly, elbetde, bize geljekde nämeleriň garaşýandygny hiç kim takyk aýdyp bilmez. Sebäbi, gelejegi emele getirýän ähli şertleriň şu günden bilinmegniň mümkin bolmazlygy sebäplidir.
Ýöne, meniň häzire çenli, bu babatda okan, öwrenen, eşiden maglumatlaryma salgylanyp, pikir ýöretmäge çalyşaýyn. Biz emeli aň, dünýä derejesinde has giňişleýin ornaşdyrlandan soň (ýene 5-10 ýyldan), dürli hünärlerdäki iş ýerlerindäki işler-ýumuşlar biziň şu günki günde göz öňüne getirşimizden düýpli üýtgär.
Edil kompýuter, Internet tehnologiýasy ornaşdyrlanda bolşy ýaly, iş prosesleri awtomatlaşdyrlar, özgerer. Şahs hökmünde biziň şu günki günde edip biljek iş esasy işimiz – modelleriň nähili işleýşini we olary işde dogry peýdalanmagy öwrenmekdir. Eger muny başaryp bilsek, onda biz köplerden işde bir ädim öňde bolarys.
Ýene bir zady aýdaýyn, emeli aňyň mümkinçilikleri näçe kämilleşse-de, işde doly derejede ynsanyň ornyny tutup bilmez. Sebäbi, tutuş dünýäde ynsan paýhasyna, tankydy pikirlenme ukybyna, empatiýa, dolandyryş, uýgunlaşma bolan isleg ýokarlanar. Emeli aň sowatlylygy - iş ýerlerinde iň esasy talap edilýän başarnyklaryň birine öwrüler.
Ýazgyny her näçe gysga göwrümde saklamaga çalyşsam-da, tema giň bolansoň, öňki ýazgylardan göwrümi has ulyrak boldy. Eger ýazgyny ahyryna çenli okap çykan bolsaňyz, siz bu ýazgydan iň bolmanda ýekeje täze, peýdaly bir zady öwrenensiňiz diýip umyt edýärin. (Goý, şeýle bolsun!)
Sag-salamat galyň!
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (38)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...