SerdarAtaýewiň "Döredijilik adamynyň resepti" eserinden täsirlenen nezire görnüşli liriki esse.
Hormatly okyjym, resepti sanap başlamazymdan ozal, bularyň aramyzda syr bolup galjagyna berk ynanmak isleýärin. Sebäbi bu resept betpälleriň eline düşse, ýalňyş maksatlara gulluk etmegi mümkin.
1. Ilki bilen, ap-akja kagyzyň ýüzüne öz pikir ummanyň düýbünden tapan gymmatly daşlaryňy oklaýarsyň.
2. Onuň üstüne-de tohumyny bir ekseň, 10 ýylda bir gögerýän tejribe gülüniň kökünden goşýarsyň.
3. Elbetde, uklap bilmedik gijeleriňiziň düýşünden sogrulan zehini hem kem atyp bolmaz.
4. Şuňa biraz öňdengörüjilik dänelerini sepeleseň hem has gowy ys berýär, ýöne ol kän tapylýan zat däldir.
5. Täzeje ýolunyp getirilen, üstüniň çygy gitmedik ideýalardan hem ataýsaň, tagamyna doýup bolmaz. Päh, ol lezzetleriň sazlaşaýşynydagy diýsene!
6. Iň esasy zatlardan biri hem (ýene bir gezek aýdýaryn, şol bolmasa bolýan däldir) — iň çuň duýgularyňdan syzylyp çykan ýekeje damja gözýaş.
7. Onsoň, şu içindäkileri özboluşly ýol bilen — her kimiň özüne mahsus boluşly ýoly bilen — gowy edip, ep-esli wagt garyşdyrmaly. Soňra hepde-on gün garaşdyryp, ýene täzeden garyşdyrmaly (şeýdip 3-4 gezek). Aslynda, bu sowuk iýilýän tagam bolanlygy üçin köp garaşdyrylýar. Soňky hereket bolsa, ony hökmany suratda iň owadan, nepis, saýlama söz gülleri bilen bezemekdir. Ol tarapy ylhamyň gelişine bagly — näçe bezeseň, bezäp oturmaly. Şeýdibem, ajaýyp, hakyky şygyr tagamy taýýar bolýar.
Dadyp görenlere gyssanmagy maslahat beremok. Diňe ýuwaşjadan çeýnäp iýeniňde hakyky lezzetini duýup bolýandyr. Käwagt bolsa, içiňe düşenden soň, ýürek-bagryňy ýakyp gitmegi hem ähtimal. Garaz, ägä bolmaly!
Ine, gadyrly okyjym. Men saňa iň gymmatly zadymy amanat edendirin. Ony aýap saklamaga maňa kömek et.

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...