Düýn Mara toýa gitdim. Welaýatara syýahat eden wagtym, adatça öz ulagmy goýup, taksili gidýärin. Bu gezegem şeýtdim. Düýn säher bilen öýden Änewe çenli taksi tutdym. Änew bazarynyň golaýyndaky duralga baryp, entek maşyndan düşmänkäm, üç-dört sany Mara gidýän taksist baran ulagymyň gapysyny açyp, “agam, Maramy?!", “agam, bir adam bolsa ýöreýän”, “agam, gelseň, ýöreýäs” diýip ala-goh boldylar. Gelen müşderini almak üçin jan etdiler. Men howlukmaç bolamsoň, ugrajak bolup duran maşyna mündim.

Bir salymdan Mara tarap ýola düşdük. Taksist, yzda oturan orta ýaşly aýala ýüzlendi. “gelneje, gapyňy siltele, ýapyldymyka?!”. Gelin: “hawa, gapy ýapyk”. Taksist, “bor gelneje, ýolda gaçyp galmasaň bolýa”...

Taksistde Hemra Rejepowyň Akyş Saparow we Nury “kasoýyň” aýdan aýdymlaryny ýerine ýetiren ýazgysy bar ekeni. Ýolboýy Hemraň ýerine ýetirmeginde Akyş we Kasoýyň aýdan meşhur aýdymlaryny diňledik.

“Adam gürleşe-gürleşe, haýwan ysgaşa-ysgaşa” diýlişi ýaly, maşynda oturan üç erkek bolup, ýolugra tanyşdyk, gümür-ýamyr etdik. Taksist-ä on bäşden ýyl gowrak bäri Mary-Aşgabat-Mary aralygna kireý edýär ekeni. Yzda oturan etli-ganly, tegelek ýüzli ýigit bolsa paýtagtda toýlarda-sadakalarda aşpezlik edýän ekeni. Häzirki wagtda bolsa öýüne dynç almaga barýar ekeni. Şeýle-de obadaky öýüne ussa çagyrypdyr, kiçiräk gurluşyk işleri bar ekeni.

Ýene bir salymdan taksist, beýleki iki ýolagçyň Baýramala barýandygny aýdyp, menden Maryň niresine barýanymy sorady. Menem oňa, nädýärkä diýip, sen nirä çenli äkidýäň diýdim. Ol, “agam, hakyny töle-de, depämde şänik döw. Nirä diýseň, mesele däl. Çärjew, Farap, Buhara, Daşkent...” (Düýnki taksist-ä hakyny töleseň, Daşkent däl, Dubaýa, Stambula çenlem äkitjek).

Maryly taksistleriň şu gylygny halaýan. Hakyny töläp, razy etseň, Mara däl, has uzagrak ýerlere-de äkidýärler. Kireý edýän taksistler umuman işeňňir adamlar. Gije-gündiz işleýärler.

Tejende aýak ýazmak üçin bir salym sägindik. Yzda oturan aşpez ýigit bilen bilen, dükana baryp kofe içdik. Dükanyň içinde kassaň ýanynda duran taksist bolsa otlan çilimini bir gezek içine sorup, dükänyň satyjysyny yşarat edip, maňa şeýle diýdi, “muň öňüne bir goltuk ot oklamaly. Güýmensin, otursyn.” (Her gün azyndan iki gezek sataşýan dükandaky ýaňky satyjy bilen arasynda özboluşly tanyşlyk bar bolmaga çemeli). Menem, “bolmasa, ýorunja oklaý” diýsem, hezil edip güldi. Onýança satyjam degşip, jogap gaýtardy: “agam, sen muny diňleme. Munuň öz öňüne ýandak oklamaly. Derek ýok, adamçylygam pesdir...”

Tejenden ugradyk. Yzda oturan aşpezlik edýän ýigit gürrüňe başlady. “Oba barsam, tanyş-bilişlerimiň, goňşy-golamlaryň çagalaryny çagyryp, olara dürli tagamlary bişirip berýän. Kiçiräk gazanda palaw bişirip berýän. Çagalaram eline çemçe alyp, gazanyň daşyna geçýärler. Ýany bilen kolonkada aýdym açyp berýän. Özüm çagaçyl, agam hasam beter çagaçyl. Nahar iýip bolýança egninde çaga oturdyp bilýär. Näme, bokurdagňy tapsaň; jaýyň, gelim-gidimiň bolsa; öýüňde gazanyň gaýnap dursa, durmuşda başga näme gerek, dogrymy agam?!...”

Hawa, aşpez ýigit mamla. Kanagat – iň uly baýlyk. Dünýewi islegleriň bolsa çägi ýok. Dogrysy, durmuşdäky ähli islegleriň yzyndan ýetibem bolanok.

Soň ol aşpez ýigit ýene gürrüňine dowam etdi. Ol “agam, ýaş wagtym ilki ussaçylyk etdim, obada jaý saldym. Soň, aşpezligi öwrenip, toýlara gatnap başladym. Gazanjym erbet däl. Aýlykly işi halamok. Aýlykly işe girseň, her gün şol bir adamlary görüp, ýadaýan. Toýda welin, her gün başga bir adam görýän. Şol sebäplem, men-ä otursam-tursam, toý bolsun dilip dileg edýän” diýdi-de, loh-loh edip güldi.

Meň pikirimçe ol dogry aýdýar. Aýlykly işde, her gün şol bir adamlary – işdeşleriňi görýäň. Toýlara gitseň welin, her gün başga, nätanyş adamlary görýäň. Toý has gyzykly.

Az wagt geçensoň, ýaňky aşpez ýigdiň ejesi jaň etdi. Edil her bir eje ýaly, onuň ejesem aladaçyl bolmaly. Ol ejesininiň beren bir soragna “hawa eje, gelýäs sag-aman. Ýok, taksist haýal sürüp barýar, 90-ndan barýar” diýdi. Men maşynda öňde oturdym. Ol “maşyn 90-ndan barýar” diýende, maşynyň tizlik görýän ýerine seretsem, maşynyň tizligi 180 km-sagat ekeni. Ýaňky aşpez ýigit telefonda gürleşip bolansoň, ýylgyryp, “agam, ejeme 180-den barýas diýsem, ýüregi ýarylyp, tiz kömek çagyrmaly bolardy. Menem aýdyp bilmedim” diýdi.

Ugran wagtymyzdan iki ýarym sagat bolmanka, Mara bardyk. Baran toýumda-da kemsiz hezzet-hormat etdiler. Toý gyzykly geçdi.


 

"GABANÝAN-GABANÝAN..."

Bu günki ýazgymy, Aşgabatdan Mara gidemde, ýolugra takside diňläň aýdymlaryň biri, Nurmuhammet Meredowyň “Gabanýan” aýdymynyň bir bendi bilen jemleýän. (Bu aýdyma taksiste haýyş edip, yzly-yzyna üç gezek diňledik).

 

Söýdüm ezizim,

On alty ýaşda aý gyz,

Gabanýan-gabanýan,

Bolýan diwana...

  

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.