Salawmaleýkimler. Goşgy ýazmak gowy zat, şeýle dälmi? Hasam halaýan gyzyňa ýazmak? Ýöne hemme wagt beýle bolmaýar...
6-njy klasda okap ýörün. Klasda bir gyz bar, bir-birimizi halaýas. Halaýas diýsemem duşuşyk zat ýok, agşam öýde hat ýazyp ertesi güni bir-birimiziň kitabymyza ýa-da sumkamyza goýýarys. Toýda zatda uzakdan bir-birimize seredip gülüşýäs. Bar bolanam şu. Bir gün gyz bilen söwüşdik. Näme üçin söwüşenimem bilemok, bolgusyz samsyk zat bolmaga çemeli. Gyz meniň bilen gürleşenok, hat berenok. Men hat ýazyp kitabynyň arasyna goýýan, sumkasyna atýan welin, bolar ýaly däl, okamanjyk ýyrtýar näzlije söýgülim.
1 hepde ýaly gürleşmedi meniň bilen. Näme etsem-goýsamkam diýip pikirlendim, nädip gyz meniň bilen ýaraşar? Ine, soňunda kelläme bir pikir geldi: Gyza goşgy düzmek we düzen goşgymy okap kasseta ýazdyryp gyza bermek pikiri. Şu wagt içiňizden diýýänsiňiz: "Haý samsyk, beýle-de bir pikir bormy?". Sebäbi men özüm diýýän. Ýöne ol wagtlar ol pikir örän gowydyr öýdip pikir edipdim, hat-da özüm ýanymdan buýsandym.
Goşgyny ýazdym. Goşgy diýmäge dilim baranok. Ikinji kupleti häzirki ýaly ýadymda:
Sen meniň söýgilimdiň,
Näme boldy öýkelediň?
Hatym almasaň ýazmaryn,
Ýüzüňe-de seretmerin...
Görüşiňiz ýaly, kupletiň başdaky iki setirinde gyza ýalbarýan, näme öýkelediň diýýän. Soňky iki setirde-de hatymy almasaň ýüzüňe-de seretmerin diýýän. Şolar ýaly gowy goşgy. Gyz bu goşgyny eşitse ýaraşmaga beýlede dursun, obadan göçer.
Goşgyny okap ýazdyrdym magnitafonda. Goşgy gutardy, kassetada-da entek ýer köp. Ýene ýazga dowam etdim, gyza güjük ýaly ýalbarýan: "Hatyjaa, ýaraş meniň bilen, men bir kesele duçar boldum we indiki hepde operassiýa bolýaaan, ýaşap ýaşajakdygymam belli däääl" diýip jögileýän. Ynansyn diýip aram-aram burnumy çeken bolýan, aglaýa diýdirjek bolup. Aý, garaz masgaraçylyk. Şeýdip aglap eňräp kassetanyň bir tarapyny doldurdym. Beýleki tarapy entägem boş.Indi bir dur ahyry samsyk, şonça samsyklyk etdiň? Ýok dostlar durmadym. Durup bilmedim. Kassetanyň beýleki tarapyna-da Nury neressäniň ilkinji albomyndaky "Hatyja" diýen aýdymyny ýazdyrdym, Seýdiniň goşgusy:
Gözüne sürme ýaraşar,
Biline tirme ýaraşar.
Saçyna örme ýaraşar,
Saçlary şamar Hatyja.
Ertesi güni okuwa gitdim. Klasa girdim, kitaplarymy stola goýup daşary çykdym. Kasseta-da ýanymda, nädip bersemkäm diýip pikirlerenýän. Borlaý, bir ýagdaýyny tapyp bererin diýip klasa geldim. Kitaby açdym welin, Hatyjanyň hatyny gördüm. Meniň bilen ýaraşdy, şeýlelik bilen kassetany bermedimem...
Aradan birnäçe ýyl geçdi, okuwy gutardyk, Hatyja başgasy bilen durmuş gurdy. Bizem näme, gulluk, okuw diýip aladalanyp ýörüs. Kasseta-da ýatdan çykdy Hatyja-da. Kim bilýä nirä goýdum kassetany, Hudaý bilýä. Bir gün it ýaly kañkap agşam öýe geldim. Köwşümi çykaryp durkam eýwandan bir owaz gelýär. Sesi garganyň sesi ýaly ýetginjek bir zatlar-a samyrdaýar: "Hatyjaa, ýaraş meniň bilenn, men operassiýa bolýaaan, men ölyääännn". Bu näme diýip içeri girsem, öýdäkiler meniň ooool dolduran kassetamy tapyp diňläp otyr ekenler. Men öýe girdim welin, gülküleri asmana galdy. Ejem, jigilem hemmesi gyrylýar. Entägem kakam ýokdy öýde, agzyma deperdi. (Agzyma deperdi diýsem, agzyma aýagyny goýup ýuwaşja itip göýbererdi). "Bu näme, näme edýäňiz siz, adamçylygyňyzam ýokmaý?" diýip ylgap magnitafony öçürdim. Adamçylyk priçom bärde? Näbileýin näme diýjegimi bilmän samradym-da bir zatlar. Soňam kiçijik çagalar ýaly torsarylyp öz otagyma gitdim. Otagymda otyryn ejemiň sesi eşidilýä, telefonda gürleşýä: "Hahaha, gýýww Aýgözel, meniň oglum şahyr bolup kasseta çykarypdyr ahaha, hökman alyn daşary çykan wagtyňyz ahaha..." Gülmekden gürläp bilenok. Ana, şeýdibem meniň şahyrlyk karieram gutardy.
Her kim öz edip bilýän işini etmeli. Men kim goşgy kim. Ajykdym.

Teswirler (12)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...