Halyň niçik,
gardaşym?!
Aglaýaňmy,
gülýäňmi?…
Ýa, galyp derde,
gamlanýarmyň,
görünmejek buljumda?
Ýa, ýumşak ýerde
oturyp,
ýüzüp ýörmüň,
ýüzülmejek Gulzumda?
Ýa, ýakylsa-da,
ýanabilmez,
diri bag deý,
tüteýämiň assadan?
Ýa, ýazylsa-da,
diýlebilmez
murapbag deý,
igleýäňmi gussadan?...
Sen maňa
süýtdeş däl –
– bigan…
Şoň üçin saňa
diýemok –
– dogan.
Çünki,
aýry süňkümiz,
lagtamyz,
batgamyz,
çotgamyz,
kytgamyz,
ugur-utgamyz...
Ýöne!
Meniň üçin,
bütewi deý,
süňňümiz.
Şonuň üçin,
azara goýýa
meni,
ne hala
salnany
seni...

SÖZ


Mende bir Söz bar,
hökman aýdylmaly olam.
Bilemok aýtjagym kime.
Daňamy?
Tüme?!
Ýa güme?!
Dostumamy?
Byradarym – ömrüme syrdaş,
Aýtdym.
Almady.
Aňşyrmady.
Üns bermedi...
Belki, oň üçin, meň Sözüm
däl-de, wajypdyryn Özüm...

Mende bir Söz bar.
Onam bukman,
kime-de bolsa birine
aýtmaly hökman.
Kime?
Doganmamy?
Başyndan agdyk derdi!
Hemme gepimi diňlese-de
janu birle tenden,
käte olam ýadaýar menden...
Wagty ýok şo esasy Sözüm diňläre,
kelle çakyşdyryp, Sözüm hakda
düşnüksiz,
gümürtik,
içginden-içgin ýaňrara...
Bilýän, oň üçinem, Sözüm
däl-de, wajyp meniň Özüm...

Bir Söz bar mende.
Aýdylmak isläp urunýar tende.
Köňül-kitabymyň çaň basan gatyn
açyp, çekmeli oňa kimiň dykgatyn?
Başdaşamy?
Çagalaň aladasy, hysyrdysy öýüň,
doldurýar onuň dünýäsin.
Başagaýlygyna aňkaryp her daýym,
Gelenok ony boş warsaka güýmäsiň...
Onsoňam,
sygmaýaka şo Sözüň agramy özüňe,
urup bormy o ýüki “Garagözüňe”?!
Şoň üçinem, diýýäň içiňden:
“Gerek däl-laý, oňa meň Sözüm,
Ýeterlik ýanynda gezip ýörenim Özüm”.

Bir Söz bar mende,
Şolam egsilere göwün tapanok Jahanda.
Erkim alyp elimden,
käte sypýaram dilimden.
Näme hakda ol?
Düşünemzok, ne men, ne il-gün.
Bir bilýän onuň barlygyn,
gursagym, kalbymam oňa darlygyn.
Bilýän ýene oň juda aýdylasy gelýänin,
aýdylyp bilmän,
ýa aýdylsa-da düşünilmän,
bagry tütäp, diriligine ölýänin...
Belki meň o täsin Sözüm,
ilki ýormalydyryn,
diňlemelidirin,
eşitmelidirin,
özüm.

© Öwezgeldi Begliýew