Aýal ýene ogluna hat ýazmaga oturdy. Ýene aglap ýazdy. Gözýaş döküp oturandygyny kimdir biriniň göräýmeginiň mümkindigi barada asla pikirem etmedi. Şo-ol ýazdy oturdy. Edil öňki hatlarynda edişi ýaly, esasan soňky günleriň täzeliklerini gözýaşa garyp, kagyza siňdirdi. Arasynda “Indi näme gür bersemkäm?” diýýän ýaly, galamyny gyra taşlap, hyýala çümdi. Derrewem aýňaldy. Ahyrynda öten agşamky gören düýşüni  beýan edip, hatyny soňlady. Kagyzy epläp, ozalky ýazan hatlarynyň arasynda ýygşyryp goýdy. Burnuny çekip, gözýaşyny sylyp otyrka:

– Şu hatlaryň nämä geregi bar? – diýip, öz-özünden sorady. – Kim okasyn? Seň ýazýan hatlaryňy ogluň okamajagyny bilýäň-ä! Ol harp tanamaga ýetişmänkä, bäş ýaşynda ölüp gitdi. Okalmajak haty nämüçin ýazýarsyň?

Aýal birhowa gözüni süzüp oýlanandan soň:

– Gönimden gelsem, bularyň okalmagyny men isläbem baramok. Hatyň okalmagy zerur däl, ýazylmagy möhüm! – diýip öz sowalyna özi jogap gaýtardy.

 

Oktýabr, 2002-nji ýyl. Mary.

Kakamyrat ATAÝEW. "Ýolaýryt" kitabyndan.