Öňem ençeme gezek ýanjapdym: ejem pahyr biçak zehinli, tüýs hakdan içen üşükli adamdy. Rusçany bilşi dagy ony özi ýasan ýalydy. Oglankak Teke bazaryna mellegimizde ýetişdiren hyýarymyzy, bulgar burçumyzy, pomidor, kelem, käşir, badamjanymyzy, ýatakdaky sygrymyzy sagyp, özümizden artan süýt-gatyk süzmäni, günde heýgenek iýsegem iýip ýetişmeýän ýumurtgalarymyzy satmaga äkidişerdim. Şo taýda-da käte-käte erbet-erbet, saçlar-a erik mürepbesi çalnyp, gatadylyp doňdurylan minara ýaly, ýüzlerindenem ýaltanman gyryp alsaň, ap-arkaýyn harydyň hijem tükenmejek hek satýan dükan açynybermeli, hyrsyz orus, ermeni we ýene näjüre millet daýzalar sataşardy.

Baý-baý, ejem şolar bilen jinnekçe-de basylman, keýp edip, suňşuryp-suňşuryp bir sögüşerd-ä!

Eger walla, ol-a birje ýa ýartyja gep dagy alyp galmak ekeni.

Bäşden bir gepem alyp galmaz.

Gaýta şol hyrsyz saýryýeňňeler gepde basylyp, ökjä tüýkürip başlaryny gutaryp bilseler müňde bir yrzadyrlar.

Ütülen towuk deý gybyrdyklap, ejemiň alnyndaky “jeň meýdanyndan” ýeňsäni el ýaly edip bilselerem olara Hudaýyň berdigidi.

Gepde ýeňeni bilenem ejemiň söweş işdäsi ine-gana ganmadyga meňzärdi. Ol göýä, “ýetimi ýetip ur, ýetibilmeseň atyp ur” diýlenine meňzedip, garşydaşlarynyň yzyndanam ýene bäş-üç oýnam gepi orusçalap, türkmençeläp, ermeni-kürtçeläp, azeriçeläp zyňyp iberip galardy.

Menem dokuz-on ýaşymda.

Şonuň ýaly müddetler gözümi jüýjerdip, heziller ederdim.

Edil ýöne, elime blaknot-ruçka alaga-da, ejemiň sözleri seneýazgysy bolup taryhda galar ýaly, olary birme-bir stenografirläp başlaberesim gelerdi.

Bir saparam ejem bazarda burny mähnet meňli ermeni daýza bilen öte zalym harçaňlaşdy.

Ol daýza, göýä “Görogly” şadessanyndaky diňe şan-şöhrat agtaryp ýören çetýurtly ykmanda pälwanlar deýin: “Aşgabat iliniň Teke bazarynda sögüşmekde ussat, ýagyrnysy ýere degmedik pälwan hatyn barmyş. Şonuň bilen söz döwdüleşmesinde salşyp görmän ölsem, jahan ýüzünden menem uzur-uzur ahmyrda ötmüş” diýen arzuwy-yhlas bilen ejemiň ýanyna ýöriteläp gelen ýalydy.

Özem bu “başa-baş gep söweşinde” ýeňşiniň ikuçsyz gutulgysyzlygyny üpjün etmek maksady bilen öňünden pelança günläp türgenleşik geçene çalym edýärdi.

Ýöne şol daýza-da, dili herniçe ýaman zor bolsa-da, ejemden ýeňildi.

Menem şonda ejemdir ermeni daýzanyň biri-birine “oklap-gapdy” oýnaşýan geplerine gulagymy pakgardyp, harytlaryň sereşlenip goýulýan bilboýy sekiçesi – “prilawka” diýilýän zadyň aňyrsyndaky belent oturgyçda joňkaryp otyrdym. Özümem söz söweşine bijaý kelläm gyzdymy nämemi, öte geçenimi duýman galypdyryn. :-) Birdenkä nädip gürläp goýberenimi özümem aňşyrman:

-Eje! Şoňa: “ejeň s...keýinem” bir diýsene!-diýäýipdirin.

Göni, ara sekundam salynman, “Şarp!” boldy ýeňsäme.

 

***

 

Elem ýaman agyrdy, pahyryň.

Soňundan näçe dözmän, näçe gyýylsa-da, eden işine ökünip aňyrsyna çykyp bilmän, ýüregi sanjyp dursa-da, gaňryşyna gaýtdygyň ýeke demem säginip ýa ikirjiňlenip durmazdy.

Gaýgyrman, çem gelen ýeriňe tokuladyp goýbererdi.

Eger girisine ilmän gaçsaňam, näme eline ilse dazyrdadyp yzyňdan zyňardy.

Özem, eger-eger: “şu zat şundan deger-ow, müçükdirer-ow, soň ony bakyp-bejerjek bolup ýene özüm başujunda hünibirýan aglap, tenha özüm kösenerin-ow” diýmez.

Gaýta: “Ylaýym degsin-de, mazaly endamyny jasladyp, çürkesin” diýip zyňar.

Gahar edip goluny salganda-da, eli degen ýerini awundyryp taşlaýardy.

Nähili bolgusyzdan gelen bir ýoknasyz hokga goparsam-da, tutuş öýmüzde meni urup bilýän, meni urmaga dözýän diňe ejem pahyrdy.

Ýöne ejem bizi näçe zabun tutsa-da ondan eger-walla dyrnagyň ujy ýalam eýmenmezdik.

Näçe uraýsyn, ýene etjegimiz içimizdedir.

Ýöne görgülimiziň öte gaty gahary gelip, ony hakykatdanam ynjydanymyzda, urman-ýençmän, käýýemän, diňe: “Agşam kakaň bir işden gelsin! Onsoň şoňa aýdyp seni etdirişime seret! Içim-ä bir sowadaryn!” diýip haýbat atdygy besdi.

Injigiňdenem, ýumşak ýeriňdenem bar ysgynyňam, bolanja bezzatlygyňam zym-zyýat bolar.

Ejeňe özüňi kakaňa aýtdyrmazlyk üçin mumly ýüplüge dönersiň. Ol näme buýursa, bir diýenini iki gaýtalanman, aýdylanyny iki ýa üç däl, bäş, on esse bitirmäge desbi-dähilsiň.

Bilemok nämesindendigini, kakam halys bir gözdençykgynç ýakymsyzlyk edäýmeseň, diňe maňa däl, hiç haýsymyza-da eger-eger el galdyrmaýandygyna garamazdan, hemmämizem ondan öler ýaly gorkardyk.

Giç öýlän dagy, öýde heziller edip telewizor görüp ýatansyňyz.

Ejeňiz daşardan: “çykyň, ony ediň, muny ediň” diýip gygyrýandyr.

“Bolýa-how, häzir barýan” diýip ýatan ýeriňizden jogap berip, diýýämisiňem diýmersiňiz, eplenip ýatyşyňam üýtgetmersiňiz.

Ýogsa ejeňiz dergazaba münüp öýe girse, dogryny-nädogryny seljermän, hemmäňi birýan ujundan kesewi bilen saýgylap başlamakdanam gaýtmajakdygyna magat gözüňizem ýetip durandyr.

Emma piňiňize-de däldir.

Birdenem daşardan köne, “birinji wipisge” diýilýän “žiguliniň” tanyş tarryldysy, öýüňizden 1-2 çatryk aňyrdan eşidiler.

Uly-kiçi hemmäň, edil gowuz ýeriňizden ary çakana döner.

Kim golaýda bolsa böküp turar-da, telewizory öçürer.

Hümer bolup zut daşaryk ylgarsyňyz.

Kim mallaradyr towuklara ot-iým bermäge.

Kim mellekdäki ekine otag etmäge ýa kätmen urmaga.

Gyzlar sübsä ýapyşyp daşaryny süpüren bolarlar ýa-da içki öz otaglaryna sümülip, tikin maşynyň başyna geçerler.

Hatda kakamyň süýrdepejiginden ysgamakdan özge jinnek ýakymsyz garamaga dözmeýän, ýaňy aýak, dil biten kindiwanjalaram agalarydyr uýalarynyň ugruna, moýmudyklaşyp daşaryk çykarlar-da, ejemize ýa biziň birimize nämedir bir zat daşaşan bolarlar, kömekleşensirärler...

...Ejem pahyrymyň pahyr bolanyna 15 ýyl ötdi.

Ondan öňem urlup akyl berilmek ýaşyndan kän-kän öň çykypdym.

Emma şonda-da häli-häzirlerem, käte biderek gyzmalyk bilen tentegräk, samsygrak bir iş edip, biriniň göwnüne bihuda degsem ýa hata goýbersem, “birdenkä ýeňsämden ejem gelip, gulagymyň düýbüne doňduryp goýberäýmesin-aý” diýýän ýaly, biygtyýar yzyma garanjaklanymy duýman galýan.

Soňam ýene pahyrlarymyň ikisem birden ýadyma düşýär-de...

 

***

 

...Şol sapar Teke bazarynda, özüm üçinem oslagsyz agzymy hapalap, adalatly şarpyk iýenimde-de oturgyçdan tüwdürilip ýere düşüpdim.

Gözümden ot çykyp gitd-ä.

Asyl kelläň gyzgynyna biziň öýde, biziň maşgalada hapa-paýyş sözi diliňe almagyň iň aýylganç “jenaýatlaryň” biridigi huşumdan uçan bolaýsa nätjek...

...Ýöne ejem pahyr, dili ýiti, häsiýetem juda, juda, juda garadangaýtmazam bolsa, ile-güne biçak medeniýetli çemeleşip, asyllylygy bilen köplerden tapawutlanyp, köneden gelýän zenan edebinem, erkek edebinem gaty kän-kän zatlardan ýokardan goýýardy.

Özem edepliligi, dokmädeligi, özgä bolan sylanyşyklylygy juda berk tutýan, terbiýesi biçak päkize ynsandy.

Çagalarynam köpçülikde-de, öýde-de özlerini mümkin boldugyça saýhally alyp barar ýaly edip terbiýeläp, görüm-görelde görkezip bilýän, danyşment bendedi.

Soň-soňlar ulalansyrap, käte ejemi ugruna kowaýman, gyzarylan bolup, gaňryşyna gaýtsaň dagy pahyr:

-Şujagaş hüňürdijikleňňe meňzeş gepjagazlary, öz kakam-ejem-ä beýlede dursun! “Aýalyň ýerdäki Hudaýy” diýilýän, siziň kakaňyzdanam ýekkeje gezegem, dynnymja saparam çeken däldirin! Wah, arman-arman, arman! Gözümiň-ä garasy, ýüregimiňem saryja ýagy bolaýýaň-da, jan ogul!... Seniň teniň sähel dartylyp titräýdigi, seniň göwräňden müň beter öňünçäsi, meniň şirin janym simap kibi sandyrap, gamyş kibi galdyrap başlaýýar-da...-diýip zeýrenerdi, görgülim.

...Keremi agdyk Allahym dag kibi günählerimi dary kibi saýyp geçewersin, geçewersin, geçewersin-dä, hernä... hernä, hernä...

© S.Ataýew. Ejem. Ýatlamalar we hekaýalar ýygyndysy. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.