Haýkyrýan gözlerEşitgir bolupdyryn,
gitdikçe-de eşitgirleşýän.
Dünýäň nirinde bolsa-da,
gülüşýän-u-gürleşýän,
Men eşidýän!
____________________
I:ň: ýaman dert — eşitgirlik
we
iň uly bagt — kerruhlyk.
Ýogsa ýedi ýeňňem gelip,
Gulagyma, damagyma
Gurşun eredip guýdular...
...Men şonda-da eşidýärin.
Daaaaaat! Bibat!
_____________________
Gapdyraýyň, şoň sesini,
Ýapaýyň-da, ýataýaýyn!
Indi ençe ýyldyr, en-çe
Ýen-je, ýen-je, ýen-je, ýen-je:
TV-ni döwmek — arzuwym!
____________________
Dymmasaňyz dymmaň, emma...
Kitap ýaly ümsüm boluň!
Sümsünjiräň, ymsynjyraň
Kemsinjiräň, ham-sygyn-jyraa:ň!!!
Misginsokar, kümsük boluň,
Ýöne jyňkyňyz çykmasyn!
____________________
Zarynlamaň, taryplamaň,...
Tiňňildetmäň, şo dutaram!
Ýagşu-ýaman hiç bir sesi
Eşdesim gelmän urunýan...
Öz ýüregmiň sesine-de
Ýyllardyr uklabilemok.
Ýyl-lar-dyr
dünýäniň sesinden gaçýan,
Adamyndan gaçýan, guşundan gaçýan,
Ýapragyndan gaçýan, ýagşyndan gaçýan,
Gaçýan...
Neçün sesler kowlaýar meni?!
___________________
Gygyryp-gygyryp aýdym aýdýaryn,
Paýyş-paýyş sögýän, keýpi bar, keýpi!
Haýyş, hiç zat aýtmaň,
men şeýle-de gözlem bilen eşidýärin.
Haýyş, hiç zat görkezmäň,
men şeýle-de kalbym bilen görýärin.
Haýyş, ýalňyz goýmaň,
Ýalňyzlykda hasam sürünýär dünýä.
Müň bir reňkli, müň bir heňli öwülýän dünýäň
Unduldy indi müň derdi.
Müň bir owazly dünýämi,
Ine,
şu gözler düňderdi!
......
____________________
Laçyn PÜRJÄÝEWA
Edebiyat kafesi 17.03.2024

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...