Hormatly moda-söýer we gelşikli geýinmegi halaýan gadyrdan okyjy!
Gündelik ýaşaýşyň hysyrdysynyň içinde ýugrulyp gidýän islendik ugurda bolşy ýaly, moda barada söhbet açylanda hem senagatyň öz dilinde gürlemek ýerlikli başarnykdyr. Reňkli sahypada moda industriýasyna başaşak çümmezden ozal sizi bu senagatda işjeň ulanylýan adalgalar bilen tanyşdyrmakçy.
Şu makalada beýan ediljek adalgalar stil we trendlere gönükdirilen ýerli sahypa “Streetstyle Ashgabat” tarapyndan rus dilinde taýýarlandy; sahypalaryny şu ýerden yzarlamagy maslahat berýärin!
Biz şu gün iň esasy adalgalardan başlarys.

Autfit (outfit) — bu bir görnüşde egin-eşikleriň, aýakgaplaryň we aksessuarlaryň stil boýunça sazlaşygy.
Bu sazlaşygyň aýdyň bolmalydygyny, onuň düzümine makiýažyň we saç bezeginiň girmeýändigini aýratyn bellemek gerek.
Couple outfit ýa-da jübüt obrazlar
Bu, esasan, birmeňzeş reňk topary, bitewi stil we matalaryň mümkin bolaýjak sazlaşygyndan gelip çykýar.

Mast-hew (must-have)
Göni terjime edilse, sende “bolaýmaly zatlar”. Möwsümde örän aktual bolan moda geýimi ýa-da aksessuar. Mysal getirsek: birbada hemme kişiniň aşa söýgüsini gazanan kelte sport balaklaryna, panamalara we boýun zynjyrlaryna mast-hew diýsek bolar. Şeýle hem bu adalga hiç hili ornuny tutup bolmajak zatlary — gara köýnek, wodolazka, gök jinsi ýaly sende bolaýmaly egin-eşikleri we aksessuarlary aňladýar.
Kapsula garderoby
Örän oňat sazlaşýan we özara utgaşykly görnüşi emele getirýän 5–10 sany egin-eşiklerden we aksessuarlardan ybarat bolan toplum.
Iň oňat kapsula garderobynyň 70%-i düýpli (esasy) geýimlerden, 30%-i bolsa, has modaly (möwsümiň trendlerine laýyk gelýän) zatlardan ybarat bolýar.

Kapsula garderoby: bu näme we haýsy tarapdan amatly?
Kapsula garderoby möwsüme laýyk gelýän egin-eşikleriň dogry saýlanan ýagdaýynda, çäksiz görnüşleri döredip bolýandygy bilen amatlydyr. Görnüşleri düzmek kyn bolmaz, sebäbi egin-eşigiň her biri garderobdaky başga egin-eşik bilen örän oňat sazlaşar.
Kolor bloking ýa-da kolor blok (color blocking)
Bir görnüşde 2–3 (iň köpi 4) reňkiň ulanylmagyny talap edýän stil. Onda, esasan, goýy öwüşginler ulanylýar. Ulanylýan reňkler hem ýiti, hem ýiti däl bolup bilerler.
Hut şu usul “reňkli” görnüşi ýylyň ähli pasyllarynda ulanmaga mümkinçilik berýär.
Kolor blokingde ýazgylar ýa-da suratlar ulanylmaýar. Diňe bir tondaky (goşmaça suratsyz, bezegsiz, ýazgysyz) geýimleri, aksessuarlary we aýakgaplary ulanjak boluň. Bu doly derejede reňk bloklarynyň täsirine ýetmäge mümkinçilik berer.
Kolor blokingde reňkleriň ulanylyş düzgüni bar:
60% — esasy reňk
30% — goşmaça reňk
10% — aksent (ünsüňi çekýän reňk)
Ýiti reňkli eginbaşlaryň daş görnüşi sada bolmaly.
Paltolaryň we penjekleriň reňklerini aýakgaplaryň reňki bilen utgaşdyryň! Aýakgabyň ökjesiniň galyňlygyny we umumy dizaýny ýadyňyzda saklaň! Görnüşiň beýleki böleklerindäki ýaly, sadalygy ýitirmeli däl.

Kolor blok eginbaşlar
Düşnükli dilde aýtsak, bu — birnäçe reňklerden ybarat bolan kombinirlenen önümler. Bu görnüşdäki eginbaşlar diňe reňki bilen däl, eýsem, matalary bilen hem tapawutlanyp bilerler. Biçime hökman üns beriň — ol häzirki zamana laýyk gelmeli!

Palatso balaklary
Bu zenan balaklary. Olar açyk, bykynlardan başlap giňeýär, köplenç, biliň ýokarsynda saklanýar, daşdan bolsa ýubka meňzeýär.
Daşdan göräýmäge, palatso balaklary beden görnüşini uzaldýan ýaly duýulýar. Ol syraty has-da özüne çekiji edýär.
Palatso — bu ýere çenli ýetýän giň balaklardyr. Onuň nusgalarynda diňe biliň liniýasy üýtgeýär.
Balaklaryň esasy ölçegi — olaryň uzynlygydyr. Ol aýaklary we aýakgaplary dolulygyna ýapmaly, beýik ökjeli aýakgap geýlen bolsa, onuň ýarysyny ýapmaly.
Köplenç, olary ýeňil matalardan tikýärler. Emma brendleriň köpüsi güýz/gyş möwsümleri üçin bu balaklaryň ýüňden ýasalan görnüşlerini hem hödürlediler.
Palatso balaklaryny näme bilen geýmeli?
Howa maýyl wagty palatso balaklaryny ýuka bluzkalar we köýnekler, gysgaldylan žaketler we krop-toplar, maýkalar we futbolkalar bilen geýiň!
Biliň ýokarsyndan berkidilýän balaklar köýnekler we jemperler bilen gowy sazlaşýar. Ofis stili üçin artykmaç bezegsiz wodolazka gelşer.

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...