MENDEN ÝENE-DE BIRI 😱

Irden turýaň, gözleriňi açýaň. Görýän zadyňam edil saňa meňzeş ýene bir adam. Özem ony diňe sen görüp bilýäň. Şol bir sypat, şol bir beden, şol bir sen. Birnäçe sekuntyň dowamynda haýsyňyzyň hakykatdygyňyza-da akyl ýetirip bilmeýäň. Gorkuly bir hekaýa gürrüň berip oturan ýaly bolsam-da, bu hakykat!

Bu ýagdaýy başyndan geçiren adamlar bar. Özem bu adamlar hadysany paranormal hadysa däl-de, özleri oýa wagtlarynda, özlerini bilýän wagtlarynda bolup geçen gysga, emma örän gorkuly hadysadygyny belleýärler.

Olaryň käbiri öz bedenlerini gabadynda görendiklerini, käbiri bolsa, öz bedenlerini daşyndan synlandyklaryny aýdýarlar.

Alymlar bu ýagdaýyň üstünde uzak wagt bäri işläp gelýär. Newrologiýada bu hadysa "Heautoscopy" diýilýär. Örän seýrek gabat gelýän bu ýagdaýyň sebäbini migrenden, epilepsiýadan ýa-da beýnimizdäki käbir näsazlyklardan görülýär.

Çünki beýnimiz diňe daşarky dünýäni däl, eýsem öz bedenimizi-de her pursat täzeden işläp bejerýär. Bu sistema sähel bozulsa, "Men edil şu ýerde" diýen duýgymyzam bozulyp bilýär.

Terjime eden: Bazar Annaýew

Çeşme: Internet sahypalary