Ana, ýene çykdy ruhum göwrämden,
Agdaryp goýberdi stoly birýan.
Soňam oturgyjyň çep aýaklaryny,
Garbady-da ýanyndakyň syrtarýan,
Ýüzüne ýapyp goýberdi.

Soň bir ýarym metr zeminden üzňe,
Howada pyrlandy.
Atabaýewlerçe taekwon-doçalap,
Sag aýak la çep gulaga TARP!

Depdi, diňe depdi,
Pyrlanyp depdi.
Şol it ýüze depdi, diňe şo ýüze.
Köwşüniň çüý ýaly ökjesi bile
Petir bezän ýaly etdi.
Ýazzy maňlaýa-da basdy tagmasyn.

Heh!

Ýok, dyrnalamady, şarpyk çalmady,
Aýasyny düwüp, ýumruklamadam.
Sebäp öň aýaklar bilen çörek iýýänin
Ne halda bolsa-da unutmaýardy.

Gepem ýok, sözem ýok.
Diňe gürp-gürp-tarp.
Tarp-tarp-gürp!
Nähili hezillik, nähili lezzet?!
Baş arzuwyna ýeten ruhum tans etdi:
Lez-gin-ka-a-a!
As-sa-a-a!!!
Hem hip-hop.

Soň bagtyýar halda girdi göwräme,
Göwramiň heýjandan uçasy geldi,
Emma ol otyrdy dommaransyrap,
Keýpden çykan ruhum bolsa içimde,
Jykyr-jykyr-jykyr-jykyr gülýärdi.
Heşelle kakýardy, häk, şeýtan diýsän!

Sypaýçylyk üçin bir zat aýdaýyn,
Aslynda ruhumyň özi birhili:
ol ýagjaryp duran ýüzi — halanok.
ol aç hem azgyn bakýan gözi — halanok.
ol samsyk syrtarýan ernem — halanok,
bogazja bolmasa, garnam — halanok.
Of, meniň nejisje, pürjeje ruhum!
Ouf, ýa-a-a!

© Laçyn Pürjäýewa