Hiç zat hakda hiç zat ýazasy geldi.
Ýaman erbet!
Edil ýöne, şeýlebir ýazasy geldi welin, içi byjyk-byjykdan dolup, ölüp barýar...
Ýöne, hiç zat hakda nädip hiç zady ýazjak?!
“Hiç zat” hiç zat bolar-da. O hakda, ýekeje harp-a beýle-de dursun, hatda dyngy belgi ýazdygyňam, ol eýýäm, hiç zat hakdaky hiç zat bolmagyny bes edýär-de, nämedir bir zat hakdaky nämedir bir zada öwrülýär.
Asla, adamzadyň müňlerçe ýyllaň dowamynda toplan tutuş edebiýaty, ylmy, sungaty, pelsepesi... nämedir bir zat hakda nämedir bir zat dämi nä?!
Hiç zat hakdaky hiç zady hiç haçan, hiç kimem ýazyp bilmändir.
Iň bolmanda, iki aýagynda ýöreýänleň arasyndan kimdir biri.
Onuň sebäbem başda aýdyldy.
Ýekeje belgi goýuldygy hiç zat hiç zat bolmagyny tamamlaýar.
Onuň welin, şol barada şony ýazasy gelip ölüp barýar.
Goý muňa: “syrtyň açykka ilden üýtgeşik boljak bolan bolmak” diýen tagma ýelmesinler!
Goý muňa, diliniň awusyny nirä nämetjeklerini bilmän ýörenler: “Guýa ýeňle-de at gazan!” diýşen bolup, dodak çöwürsinler!
Goý muňa, eýlekileň düşünmedik jümlesine özleriniň düşünendigine ýa-da düşünýändiris öýdýändigine heýjanelek bolup, erkek gyýan (towşan) deýin birnäçe sapar salym salmazdan yzba-yz aýyş pursatyny başyndan geçirýänler: “Brawissimo!” diýip, gürrüldili bimany çarpyldy eýlesinler!
Goý muňa...
Barybir, nämedip nämetseler-de, onuň ýazasy gelýär.
Şol barada!
Hut şol görnüşde!
Çünki, hiç zat hakda hiç zat, adamzat döräp, entege bu güne çenli ýazylmadyk zat!
Nämedir bir zatlar barada nämedir bir zatlardan dünýe doly!
Emma, hiç zat hakda hiç zat welin, edil şagalaňly toýa çagyrylman gelip, indem, bezemen, mes myhmanlaryň hümerinden çeträge çekilip, “gel, geç” diýip mürehet edilmeg-ä baýaky, hatda: “barmysyňam” diýilmedik misgin deý, gelenine ökünip, utanyp, horaşaja geýminde ýüzüni sallap dur!
Dünýe – nämedir bir zatlaryň dünýesi!
Hiç zatlaryň orny bolsa, bu ýalaMçy-da – köwüş bazaram däl!
Toý-meýlisiň bolýan howlusyndan daşrakdanam daşrakda gezmeli!
Özüniň mazlum sypaty bilen, pakyr-bende roýy bilen döwre gurap bezm kylýan nämedir bir zatlaryň gözüne görnüp, olaryň keýpini gap bilinden döwmez ýaly!
Şonuň üçinem hiç zat hakda hiç kim hiç zat ýazmaýar.
Sebäbi birinjiden-ä bu mümkin däl.
Üçünjidenem, hiç zat hakda hiç zat ýazanyň üçin hiç kim hiç zat nemetmez.
Munuň üstünden bökülip ötülen ikinji sebäbine-de goý her kesiň özi düşünsin!
Belki, şol – hiç zat hakda hiç zatdyr?!...
© S.Ataýew

Teswirler (7)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...