Aşgabat, 04.03.2010 ý., sagat 10:41
Işde otyryn. Aýalym jaň edýär. “Ezizim, aşgamky toýy ýatdan çykaran dälsiň-ä. Gaýrat et, işden wagtynda çykaweri. Toýa gijä galmaly. Toý sowgatlarynam taýyn edip goýdum. Hoş”
Dubaý, 07.05.2018 ý., sagat 19:47
Meşhur “Dubai Mall” söwda merkeziniň içindäki eskalatorlaryň birinden ikinji gata galyp barýaryn. Yz ýanymda duran, daş sypatyndan hindä meňzeýän iki ýaş juwanyň özara gürrüňi biygtyýar gulagyma eşidilýär: “Wah ezizim, şaý-sep magazinde seniň halan şaýyňy indiki aý alaýaly. Bu aý bank kreditimizi doly ýapaýaly”... “Wedant, sen maňa gezek gelende hemişe şeýdýäň, kreditiň bir alajy tapylar-la. Alasym gelýär. Şol şaý sepi alman şu ýerden gitmäli...”
Nýu Ýork, 19.11.2019 ý., sagat 21:49
Men meşhur Times meýdanynda ýöräp barýan. Gapdal ýanymda bir dabara howlugyp barýan iki juwanyň gulagyma gelen gürrüňi: “Äşli, mähribanym, täze geýimiň, ökjeli köwşüň diýseň owadan bolupdyr. Saňa gelşipdir. Agşamky dabaradan soň Nebula gideris, daňa çenli hoşwagt bolarys. Indiki aýyň ahyryna-da Puerto Riko gidýäris. Men eýýämden oňa sabyrsyzlanýan”; “Maýk, sag bol janym. Bolýa, Nebula-da gideris. Puerto Riko-da. Menem sen ýaly, sabyrsyzlanýan. Ýöne şu gije men adatdakylardan azrak şerap içjek. Sebäbini özüň bilýäň”...
Daşkent, 15.08.2025 ý., sagat 23:47
Men şäheriň merkezinde ýerleşýän “Magic City” seýilgähinde (ýerliler bi ýere başgaça “Özbegistanyň Disneýlendi” diýýär ekeni) doňdurma iýip çykalga tarap ýöräp barýan. Uly mähelläň arasynda gulagyma eşidilýän sözler: “Akram, söýgülim, ertir ir bilen Çorşu bazara gideli. Soňan Bibi Hanuma baryp, meniň halan matamy alaly. Bolýamy?!” “Bor ezizim, sen diýersiň-de heý men ýok diýerinmi. Gideris. Gideris...”
Stambul, 03.05.2014 ý., sagat 09:11
Metroda Stambulyň iň gadymy we meşhur bazaryna (“Kapali Çarşi”) tarap barýan. Ýanymda oturan iki sany garryja är-aýalyň çalarak eşidilýän gürrüňi: “Bu gezek Gurban baýramyna hasam howlukýan. Çagalarymyzy, agtyklarymyzy görmänime ýarym ýyldanam köp wagt geçdi...”
Türkmenabat, 06.08.2017 ý., sagat 20:17
Kursdaşymyň kakasynyň ak goýun toýunda otyryn. Goňşysy mikrofonda toýy gutlaýar: “Goňşy, ak goýuň toýuň gutly bolsun. Çagajyklaryň, agtyjaklaryň bagtyna guwan. Abraýyň hasam belent bolsun. Gapyňa diňe toý diýip geleli...”
Frankfurt, 17.11.2022 ý., sagat 08:03
Säher bilen ýöriş etdim, soň bolsa düşlän myhmanhanamyň golaýynda ýerleşýän çörek önümleri bişirýän dükana geldim. Dükanyň içindäki oturylýan ýerlerde tas ýer ýok diýen ýaly. Aýak üstünde-de ýene şonçarak adam nobata dur. Nobatym ýetende kofe we kruasan haýyş etdim. Arkamdaky iki ýaş juwanyň pyşyrdysy: “Karl, men agşam işdeşlerim bilen aşgamlyk edinýärin. Soňam kluba gideris. Sen maňa garaşma-da, arkaýyn ýatyber...”
Baku, 19.11.2025 ý., sagat 19:48
Şäherdäki meşhur taryhy ýadygärlikleriň biri bolan “Gyz galaň” öňünde surata düşdüm. Hazaryň kenarynda gurlan seýilgähe tarap ýöräp barýaryn. Ýakymly, salkyn howa bar. Ýolugra barýarkam, şeýleräk gürrüňe şaýat boldum: “Huseýn, iň soňky çykan iphone-y alasym gelýär. Indiki aý doglan günüm, şoňa sowgat edäý. Gürleşdikmi söýgülim?!...”
London, 28.03.2026 ý., sagat 22:47
Londonyň ilkinji metro ulgamlarynyň biri bolan Piccadilly Line metrosy bilen Londonyň gijeki durmuşynyň merkezi bolan Soho tarap barýaryn. Gapdalymda oturan är-aýalyň gürrüňi biygtyýar maňa eşidildi: “Ewlin, ýüregmiň soltany, çagalaryň kolledj tölegin-ä şu aý doly ýaparys. Ýöne maşynyň kredit tölegini indiki aýa süýşürmeli bolýarys. Indiki aýdan meniňem aýlygym ýokarlanýar. Wii, men ikimize şu ýylky Wimbledon tennis ýaryşyna iki bileti alandyryn.” “Bolýa süýjüjäm. Şu aý çykdajylarymyz köpräk boldy. Indiki aý elimiz giňeşer. Waýýý gowydygny! Men onda häzirden Wimbledona geýjek eşigimi saýlaýyn...” (Wimbledonyň başlamagyna üç aý wagt bar-a, häzirden eşik saýlamak biraz irräk dälmikä?!...)
Türkmenbaşy, 04.08.2003 ý., sagat 21:03
Otlyda paýtagta barýaryn. Küpede menden başga bir ýaş gyz, hem de är-aýal bar. Agşamlyk üçin ýanyma alan zatlarymy, üzüm, gowurdak wegazly suwy stoljyga ýerleşdirip, oturanlara hödür etdim. Olaram öz ýanyndaky iýmitlerini paýlaşdylar. Soň çaý demlendik. Ýaşy ellä golaýlan erkek adam bilen bir salym gümür-ýamyr etdik. Körpe ogly Türkmenbaşyda gulluk edýär ekeni. Onuň yzyndan gelipdiler. Bir gün rugsat alyp görüşipdirler. “Şol körpämi hem sag aman öýli-işikli edip bilsem, armanym ýok” diýdi...
Berlin, 19.06.2015 ý., sagat 13:19
Şäher merkezindäki restoranlaryň birinde işleşýän firmamyň ýolbaşçysy bilen günortanlyk edinýärin. Hem-de alyp barýan işlerimizi gürleşýäris. Gürrüňimiziň arasynda, onuň aýaly jaň etdi. Agşam ýeke perzendi, 15 ýaşly ogly Markyň doglan güni ekeni. Maşgala dabarasynda gijä galman öýe gelmegi haýyş eden ekeni...
Nýu Deli, 14.06.2017 ý. sagat 10:39
Aeroportdan düşlejek myhmanhanama bardym. Bellän otagyma giriş etmek üçin kabulhanada (reception) nobata durun. Meniň ýaly nobata duran, görnüşinden syýahatça (turist) meňzeýän iki iňlisiň özara gürrüňi: “Uilýam, ertir Agra gideli, ol ýerde bir gije düşläli. Soňam Goa gideli. Nýu Delhi-de köp eglenmäli. Özüň bilýäň-ä bu şäheriň nähili ýerdigni. Ozalam şu dynç alyşa ölüp ýetdim. Gyzyldan gymmatly wagtymy bu porsy, hapa şäherde geçiresim gelenok..."
Santorini, 02.08.2024 ý., sagat 11:43
Mawy deňiziň kenarynda, saýawanyň aşagynda kokteýlimi süzüp otyryn. Aňry ýanymda, dynç almaga gelen orsýetli är-aýalyň gürrüňi: “Mähribanym, Kirpe-de gideli, ol ýere gitmänimize esli wagt boldy. Birem, ol ýerde meniň halaýan egin-eşik dükanym bar. Şoňa-da degeris. Täze, gowja geýimleri bar bolsa, göreris...”
Batumi, 22.07.2025 ý., sagat 00:47
Mono Hall-dan çykdym, kelle edil tüpeň ýaly. Güňläp dur. Goh-galmagal, aýdym, tüsse, şerap... Klubda keýpi kökledim. Bäş minut çemesi uzaklykdaky myhmanhanama tarap ýöräp barýaryn. Ýolugra gapdalymdan ýöräp barýan iki ýaş gyzyň gürrüňini eşitdim: “Şu gezek söýgülim bilen däl-de, ýeke özüm, seniň bilen dynç almaga gaýdanyma diýseň begenýän. Ýaňy klubdakak söýgülim telim gezek jaň edipdir, sms baryny ýazypdyr. Ertir turup jogap ýazaryn-da. Men oňa aýtdym-a joram bilen Batumä gitjek diýip. Şeýdip ýürege düşmek nämä gerekkä?!...”
Hawa, köneleriň aýdyşy ýaly, horoz ähli ýerde birmeňzeş gygyrýar. Adam hemme ýerde adam bolýar. Onuň aladasam, hysyrdysam, gaýgysam birmeňzeş. Tapawudy ýok, hindi, arap, iňlis, fransuz, özbek, türkmen ýa ermeni, dünýäniň ähli ýerinde ýaşaýan adamlaryň durmuşdaky aladalary, meseleleri umuman meňzeş ekeni. Milleti, ynanjy ýa käriniň hem o diýen tapawudy ýok ekeni.
Häzire çenli dünýäniň elliden gowrak ýurduna syýahat etdim. Dürli ýaşdaky, kärdäki, milletdäki adamlar bilen gürrüňdeş boldum. Bu babatdaky öz tejribämden görenim, eşidenim, şaýat bolanlarym-a, ine, gysgaça şeýleräk. “Horoz ähli ýerde birmeňzeş gygyrýar” diýleni juda jaýdar aýdylan, dogry söz ekeni.
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (11)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...