Ala gözlim aglama,

Syla bilmen gözýaşlarňy.

Biçäre men golum bagly.

Darykmakdan kelläm öçük.

Söýgimizde soňky göçüm.

Çyram öçük

Tümde galdym,

Köýdüm ykbala har bolup.

Özgä ýar bolup,

Özümden galmady derek.

Kerep baglady bagtymy.

Wagtymy, günäkärlemegiň,

Bärlemegiň?!

Rahatlandyr göwnümi

Gowy bolar diý.

Garaňky maňa sensizlik,

Täleýim arap elipbiýi.

Beýiksiň sen hyýanatdan.

Hemaýatyň bilen bolarys hüşgär.

Duýgulam üşär.

Jemalyňy düýşlerime düşäp,

Ömürlik terk etdim bizi.

Bagyşla diýere ýok ýüzüm,

Soňkyja sözüm

Hoşgal.

*******

Uzuk Agamyradowna