Ilki bilen bir zady boýun alaýyn: UI/UX dizaýnda meniň tejribäm entek uly däl. Bolsa 3-4 ýyl bolup barýar. Maslahat bermäge entäk ir. Şonuň üçin bu makala maslahat däl. Bu, müşderi bilen işleşende tolgunmagy nädip ýeňýändigim barada ýönekeý gürrüň.
Tanyş ýagdaý: birnäçe gün işleýärsiň. Kofe içýärsiň. Ýene kofe. Ahyry ajaýyp çözgüt çykýar. Owadan, logiki, dogry web saýt. Müşderä görkezýärsiň. Ol uzak seredýär-de: "Hmm… Logony birneme ulaldyp bolmazmy?" diýýär.
Tanyşmy?

Ideýamy gowy görkezmek üçin özüme birnäçe düzgün goýdum.
1. Tekstiňi soňky minuda goýma
Taslamany onlaýn görkezýän bolsaň, düşündiriş hatyny öňünden ýaz. Tekst birneme "dynç almaly". Ertesi täze dynç alan kelläň bilen okasaň, logiki ýalňyşlary görersiň. Tonuňy hem düzedersiň. Gijäniň içünde ýazylan hat köplenç ýa gaty resmi bolýar, ýa-da gaty köçe dil.
Mümkinçilik bar bolsa, ýüzbe-ýüz duşuş. Göni gürleşeniňde soraglara jogap bermek has aňsat. Üstesine, müşderiniň haýsy sahypada gaşyny çytandygyny hem görýärsiň.
2. Temany öwren
Müşderi bilen bir dilde gürleşmeli. Çörek zawody üçin web saýt edýän bolsaň, iň bolmanda hamyryň nähili gabarýandygyny bil. Degişýärin, ýöne diňe nädip iş proseslerini edýärler, öz müşderilerine näme berjek bolýarlar, öwrenmeli. Pudagy gowy bilseň, müşderi seni "surat çekýän adam" däl-de, hünärmen hökmünde görýär.
3. Müşderini işe goş
Ondan biznesi barada köpräk gürrüň bermegini haýyş et. Soraglar ber. Adamlar öz işi barada gürrüň bermegi halaýarlar. Iň gowy tarapy: soňra müşderi taslama "bu oglanda (ýa-da gyzda) meniň hem pikirlerim bar" diýip seredýär. Öz pikiriňi tankytlamak bolsa kyn.
4. Öz çözgüdiňe ynan
Meniň pikirimçe, iň esasy düzgün şu. Deňeşdirip görüň:
— "Men size gerek zady etdim, bu işlär, sebäbi konkurentleriňizi hem öwrendim."
We...
— "Men bu ýerde birzatlar çyzdym, belki halarsyňyz…"
Birinjisi hünärmeniň sesi. Ikinjisi bolsa ýalňyşandygyny öňünden boýun alýan adamyňky. Sen özüň ynanmasaň, müşderi näme üçin ynanmaly?
Soňky söz
Belki bu ýola täze başlan kimdir birine meniň kiçijik tejribäm peýdaly bolar. Ýatda sakla: müşderi duşman däl. Ol diňe seniň kelläňdäki zady entek görmedi. Seniň işiň - oňa görkezmek.
Logony ulaltmak bolsa… başga makalanyň temasy.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...