Käte-käte oturyp, durmuşda geçen ýolum hakda oýlanýan. Özümiň aňyýet (mental) ýagdaýyma ser salýan. Öz-özüme (düşünje taýdan) baha berýän. Gysgaça aýtsam, men iki dünýäň çatrygynda.
Meniň deň-duşlarym hem şeýle. Diňe meniň neslimiň wekilleri däl-de, bizden soňky nesillerde-de, ýaşlarda-da şeýle ýagdaý bar. Diýjek bolýan zadymy, aşakda size çürt-kesik ýetireýin. Makalany okap tamamlanyňyzdan soň, bu barada ähli ýazan zatlarym size kemsiz düşnükli bolar.
Meniň çagalygym segseninji ýyllara gabat geldi. Ýagny, öňki Sowet Soýuzynyň möwrüdiniň ötüp barýan ahyrky ýyllary. Şol ýyllarda doglanlaryň ýadyndadyr. Günbataryň dürli harytlary, aýdym-sazy, medeniýeti öňki soýuzyň çägine ýaňy aralaşyp başlapdy. Günbatardan bize diňe harytlar, hyzmatlar we sungat aralaşmady. Harytlar bilen bir hatarda günbatar dünýäsiniň aň-düşünjesi hem bize aralaşyp başlady.
Dünýä şeýle tiz ösýär we özgerýär. Häzirki taryhy emeli aň eýýamynda bolsa, tehnologiýada ýyldyrym tizliginde ösüşler bar. Häzirki emeli aňdaky ösüşiň göwrüminden, biz entek doly habarly däl. Bu günki günki dünýäniň ähli künjegi bilen bagly dessine maglumat almak mümkin.
Emeli aň bolsa, Internet üsti bilen maglumat alyş-çalşyny has hem ýokarlandyrýar. Emma, diňe bir maglumat däl, başga medeniýetlere, halklara degişli aň-düşünje, edim-gylymlar, iýmitlenmek, geýinmek endikleri we beýleki birnäçe zatlar Internetiň üsti biziň her birimize aralaşýar. Biz bu ýagdaýy duýmaýan bolsagam, aňyýet (mentalitet) taýdan bu proses yzygiderli bolup geçýär.
Men hem, köpümiz ýaly adaty türkmen maşgalasynda ulaldym. Milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza eýerilip terbiýelendim. Men doglan wagtym Soýuz Soýuzy entek dargamandy. Geçmişde galan sowet dünýäsiniňem bir çetini görüp ýetişdim. Ömrümiň häzire çenli geçen ähli ýyllarynda, ýurdumyzda ýaşadym. Ýurdumyzda bilim aldym. Ýurdumyzda zähmet çekýärin.
Muňa garamazdan meniň aň-düşünjämde, milli edim-gylymlarymyz, edep-terbiýämiz bilen bir hatarda sowet dünýäsinine hem-de günbatar dünýäsine degişli düşünje hem bar.
Zehinli şahyr Gurbannazar Ezizowyň öz kärdeş dostuna ýazan bir hatynda şeýleräk setirler bar: “Men öýdäki (maşgaladaky) terbiýe bilen mekdepdäki terbiýäň ähmiýetini we tapawudyny bilýärin. Häzirki wagtda maşgaladaky terbiýe mekdepdäkiden has täsirli. Men mekdepde berilýän bilim-terbiýäň üstünde has çynlakaý oýlanmagy, iş geçirmegi teklip edýärin. Geljekki duşuşygymyzda bu barada giňişleýin gürrüň ederis.”
Şahyryň haty ýazan mahaly, ýagny 1970-nji ýyllarda, ýurdumyzdaky mekdeplerde çagalara berilýän bilim-terbiýe barada, ony has-da özgertmek boýunça toplumlaýyn işleriň geçirilýän ýyllarydy. G.Ezizow hem öz döwrüniň aktual jemgyýetçilik meselesi boýunça pikirini hat üsti bilen dostuna ýetirýär.
Öňler, çagaň - geljekki ynsanyň bilim-terbiýesinde iki zat - öý (maşgala) we mekdep bardy. Çaga ilki öýde (maşgalada) edep-terbiýe berilýärdi. Soň, mekdebe gidensoň bolsa, mekdepde bilim we terbiýe-düşünje alýardy. Meniň çagalyk ýyllarymda-da ýagdaý umuman şeýleräkdi. Öý we mekdep bardy.
Soňky ýigrimi ýylda, akylly (smart) telefonlaryň we Internetiň giňden ýaýramagy bilen, çagaň (ynsanyň), düşünjesine täsir edýän üçünji giňişlik peýda boldy.
Ýagny, maşgala we mekdep bilen bir hatarda, ynsanyň aň-düşünjesiniň, dünýä garaýşynyň şekillenmeginde indi üç zat täsir ýetirýär: maşgala, mekdep, we Internet. Internet diýmek bilen men, esasan sosial mediýa; aýdym-saz; kino we beýleki güýmenje maksatly kontentleriň sarp edilýän platformalaryny göz öňünde tutýaryn.
Men häzire çenli, dünýäniň ellä golaý ýurduna syýahat etdim. Baran ýat ýurtlarymda özümiň kynçylyk, kesekilik çekmän, dessine uýgunlaşýandygyma göz ýetirdim. Men munuň düýp sebäbini, meniň durmuşda häzire çenli geçen ýolumda görýärin. Ýagny men, Sowet Soýuzynda doguldym, özbaşdak ýurdumyzyň çäginde bilim aldym, maşgala gurdym.
Men şeýle-de köp ýyllardan bäri Internetden peýdalanýaryn. Ýagny, meniň aňymda ýokarda agzan zatlarymyň ählisiniň orny we täsiri bar. Geçen ýolum, taryhy jähtden iki aýry döwürde ösmegim meniň uýgunlaşmak (adaptasiýa) endigimi has-da berkitdi.
Bir kitapda şeýleräk mazmundaky maglumaty okapdym (kitabyň ady ýadyma düşmedi). Adam haçan-da ýaşaýan (tänyş bolan) ýerinden başga ýurda, nätanyş ýere syýahat edende, ilki bilen onuň aňynda aman (diri) galmak instinkti herekete geçýär ekeni. Ýagny, täze baran, syýahat eden ýerinde-ýurdynda, ynsan aňynyň ilkinji nobatda üns berýän zady – onuň aman galmaklygyny üpjün etmeklik.
Şol sebäpli, birnäçe ýurtlara syýahat etmeklik, ynsanyň aňyndaky aman (diri) galmak instinktini has hem berkidýär ekeni. Daşary ýurtlaryna (nätanyş ýerlere) syýahat etmegiň, (beýleki peýdalary bilen bir hatarda), göze ilmeýän, ine şeýleräk peýdasy hem bardyr.
Şu günki güne çenli iş boýunça birnäçe günbatar kompaniýalary, şol ýurtlaryň ýaşaýjylary bilen işleşdim. Köp ýyllyk tejribämden, günbatarly adamlar bilen ysnyşykly gatnaşyklarymdan, olaryň düşünjesi, edim-gylymy barada hem içgin öwrendim. Galyberse-de, Internetdäki kontentleriň üsti bilen hem häzire çenli günbatar dünýäsine degişli birgiden zady gördüm, öwrendim.
Men iki dünýäniň aň-düşünjesini, edim-gylymyny aňymda göterýärin. Bir ýanda biziň milli edim-gylymlarymyz, edep-terbiýämiz, däplerimiz, girim-çykymymyz; beýleki ýanda bolsa günbataryň aň-düşünjesi, girim-çykymy, edim-gylymlary.
Elbetde, men aslymy bilýärin. Tanaýaryn. Men bu pikirlerimi ýazmak bilen köklerimi, aslymy inkär edip, tutuşlygyna günbataryň aň-düşünjesine eýermek meýlim ýok. Şeýle-de birini saýlap, beýlekisini köteklemek niýetimem ýok. Hiç kime-de iki dünýäden diňe birini saýlamagy hem ündämok. Bu her kimiň öz karary, öz pikiri, özüniň geljek netijesidir.
Men bu barada gürrüň açmak bilen, mental (aň-düşünje) derejede, göze görünmeýän, emme adamyň gürleýşine, gündelik durmuşda özüni alyp barşyna, beýleki adamlar bilen işde-durmuşda gantnaşyklaryna diýseň çuňňur täsir ýetirýän dünýägaraýşyň, düşünjäniň ähmiýetini nygtamak isleýärin.
Meniň aňymda hem biziň milli dünýämiz; hem-de düýbünden başgaça bolan günbatar dünýäsi ýaşaýar. Aň-düşünje taýdan, ine şu ikisi hemişe el-ele; bileje otyr. Gerek ýerinde, aňdaky gerekli bukjadan gerekli maglumaty, tejribäni alyp, hereket edýärin.
Meniň pikirimçe, meňkä meňzeş ýagdaý hemmäňizde-de bardyr. Bu ýagdaý diňe biziň halkymyza mahsus ýagdaýam däl. Dünýäniň köp ýurtlarynda adamlarda mental (aň-düşünje) taýdan şeýle ýagdaý bar. Gündogarda, Afrikada, Günorta Amerika ýurtlarynda ýaşaýan adamlar, aň-düşünje derejesinde iki dünýäniň çatrygynda bolýarlar. Olar hem şeýle ýagdaýy başdan geçirýärler. Olarda-da aň taýdan, iki dünýä bar: “meňki, maňa mahsus dünýä” we “beýleki, keseki dünýä.”
Günbataryň dünýäsinde ulalan adamlaryň aň-düşünjesinde biziňki ýaly ýagdaý ýok. Olarda aň-düşünje (mental) taýdan iki dünýä ýok. Şol sebäpli, olaryň aňynda, bu babatda biziňki ýaly pikirem, göreşem ýok. Olaryň pikirlenişiniň biziňkiden tapawutly bolmagynyň bir sebäbem meň pikirimçe, ine şu ýagdaýdyr. Günbatarda ýaşaýan adama, onuň aň-düşünjesine düşünmek, ony tanamak üçin, ilki bilen, ine şu aýdanyma göz ýetirmek wajypdyr.
Meniň pikirimçe bizdäki bu ýagdaýyň birnäçe artykmaçlyklary hem bar. Bu ýagdaý, biziň her birimizi şahs hökmünde has-da kämilleşmäge itermelidir. Sebäbi biziň, günbatarlylardan tapawutlylykda, iki dünýäniň iň gowy taraplaryny birleşdirmäge mümkinçiligimiz bar. Ýagny, günbatar dünýäsindäki bize peýda getirjek edim-gylymlary, düşünjäni alyp, öz durmuşymyza ornaşdyryp, has-da kämilleşip bileris. Goý, bu şeýle bolsun!
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...