Hakykatdanam biziň durmuşymyzyň, biziň durmuşda özümizi alyp barşymyzyň 99 göterimini diýen ýaly, şu düşünje kesgitleýär. Çagalykdan başlap tä amanadymyzy tabşyrýançak ýa-da halys garrap, bu pany dünýäniň ähli zadyna biparh garap başlaýançak biz ilden kem galmazlyga ymtylýarys. Ilki, ýaňy ýörjen-ýörjen çaga döwrümiz öz doganjyklarymyzdan, goňşularyň özümiz ýalylaryndan kem galmajak bolup, güýjümiz ýetse-ýetmese olar bilen deň ylgaşmaga, çarp urmaga, gemrişmäge, basalaşmaga çalyşýarys.

Soň mekdepde ilkibada öz deňdeşlerimizden okuw okamakda, harplygy öwrenmekde, sanlary bilmekde, goşgy ýat tutmakda, surat çekmekde kem galmajak bolup, yhlaslylykdan ýaňa dilimizi çykaryp sowat öwrenýäris.

Soňra 5-6-njy synpa geçenimizden soň özümiz ýalylaryň arasyndan bir-iki sany has bezzadragy tapylyp, barymyza şol garagolluk keselini ýokaşdyrandan soň okuw okamazlykda, mugallymyň diýenini etmezlikde, mekdepden, sapaklardan gaçmakda, umuman garagollukda kem galmajak bolup başlaýarys.

Soň wagt geçýär, eýýäm ýaşy on bäş – on alta ýetip, “gyzlar bolýar hyýalyň”, onsoň “söýüşmekde”, gyzlary “yrmakda”, olar bilen “gezmekde” ýaşytdaşlarymyzdan kem galmajak bolup çytraşýarys.

Şol syrly, bu dünýäniň däl-de başga bir, has gyzykly, has täsin, has jadyly bolan dünýäniň, özüňizden has ajaýyp ýaşaýjylaryna ýaranmak üçinem sen ýene-de ilden kem galman geýinmeli. Ilden kem galman aýdym-saz diňlemeli. Aýfonyň bolmaly. Syrlaşyp duran dar jalbar-jinsi geýmeli (munuň ýaly jalbar arrykdan gelen şilliň uzyn sypatyňa gowy gelişýärem).

Saçyňy başardygyňdan ösdürmeli. Başardygyňdan sakgalsapyň (bakenleriň) agzyňa girjek bolup durmaly.

Ilden kem galmajak bolup, ýuwandan-ýuwan, kilçikden-kilçik geplemeli. “Çotga, çyra, lampa, waňk, güň, şetdaly…” diýen ýaly, hakyky manysy düýbünden başga bolan ýoňsözleri (moda) köpräk ulanmaly…

Umuman ilden kem galmajak bolsaň etmeli işiň juda kän…

Sen gaty delowoý…

Soň wagt geçýär, harby gullukdan gelýärsiň, eýýäm öňki durmuşda öz öňüňde goýan “pellehanalaryň, çelgileriň” üýtgeýär. Indi sen ilden kem galmajak bolsaň, gowy işiň, gowy hünäriň bolmaly, başarsaň özbaşyňa ulagyň bolmaly, olam arzanragy däl-de gymmadragy, soň öýlenmeli.

Ilden kem galmajak bolsaň toýuňam iň gymmat restoranda, tutuşlygyna iki ýarym sagatlap, gaty, biçak uzak wagtlap hoş owazy bilen fonogrammanyň astynda aýdym aýdyp, halky güýmäp berýän aňrybaşy gymmat bagşyly geçmeli.

Bu zatlary üpjün etmek üçinem, ataň-eneň, doganlaryň, üstesine özüňem olara aýtman bergi-borç baryny edeniňiz bolsa, hiç, toýdan soň berginiň aşagyndan çykmak üçin tutuş maşgalaňyz bolup birnäçe ýyl zähmet çekmelidigiňiz hem şetdaly. Esasy zat ilden kem galmasaň bolýar.

Maşgalaly bolanyňdan soň-a ol ilden kem galmazlyk keseli hasam güýjeýär. Ilden kem galmazlyk üçin, mümkinçiligiň bolsa-bolmasa ýaşaýan jaýyň otag sany köp bolmaly, içi gymmatbaha goşdan doly bolmaly, azyndan bäş sany telewizoryň, üç sany holodilnigiň, dört sany kondisioneriň, alty sany elektrik tok pejiň, iki sany kompýuteriň bolmaly.

Ryzkyň açylyp ýagdaýyň gowurak bolsa-ha, onda, bu-u-u-uw, näme, dünýä iki gezek gelýärsiňmi, hözirini bir gör ahyry, hökman aýalyň-a sany näçe köp bolsa ýagşy…

Magtymgulydan gowy bilýän dälsiň, olam: “Iýip-içip, münüp-guçup, öt ýagşy” diýipdir, şonuň üçinem, dawaý, bas, sapy çykýança…

Ýagdaýyň barmy?

Başga zada üns bermek nämä gerek?!

Ine, şeýle dünýägaraýyş bilenem biziň aglaba köpümiz ýaşaýarys.

Dogry, ile görä bolmak erbet zat däl.

Ata-babalarymyz aýdypdyrlar: “Il bilen gelen toýda baýram”.

Ýöne at-abraýda, hünärlilikde, ile peýda berip ýagşylyk etmekde, arassalykda we beýleki gowulyklarda iliň naýbaşy adamlary bilen deňleşjek bolman, sähel pursatda ýeliň demine düşen peşmek ýaly sowrulyp gidýän maddy gymmatlyklar babatda, ýalan şöhrat babatda, hakykatdanam baý bolmak däl-de baýsyramak babatda, özüň ýaly haýsydyr bir zat-“syraýan” bilen deňleşjek bolup dyzap, gül ömrüňi tozan edip üfläp ýörmek dogrumyka?!

 

*****

Her bir halkyň özüne mahsus, ol halky beýleki halklardan tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän häsiýetli alamaty bar. Mysal üçin, ýaponlar ýeriň ýüzünde iň sypaýyçylykly millet hasaplanýar.

Olarda hatda, ýakudzalar (ýapon guramaçylykly jenaýatçylyk birleşigi, mafiýa), kimdir birini jezalandyranlarynda, onuň garnyna gylyç sokup durkalar: “Indi bolsa siziň ölmegiňizi haýyş edýärin!” diýýärmişler.

Ýa-da samuraýlar garşydaşyny ýeňenlerinde, şol sözleri haýyş etmek äheňinde diýýärmişler.

Megerem özbek doganlarymyzyň hem esasy milli mahsuslygy sypaýyçylyk bolsa gerek. Olarda hatda är-aýal hem biri-birine: “sen” diýip ýüzlenmeýär.

 

Sypaýyçylyk barada ýomagy bilýänsiňiz-le.

Iki sany özbek gardaşymyz demirýol menzilinde otla münjek bolup dur ekeni. Olar wagonyň girelgesine barýar-da, sypaýyçylyk bilen birek-birege ýol berip başlaýarlar.

Biri aýdýar:

-Eke, sizdendir!-diýip, ýoldaşyna sowlup ýol berýär.

Ikinjisem sypaýyçylykda ýoldaşyndan kem galar ýaly dälmiş. Olam:

-Eke, sizdendir!-diýip, sowlup ýoldaşyna ýol berýärmiş.

Ikinjisem ýene-de sypaýyçylyk edýärmiş.

Garaz, gardaşlar birek-birege sypaýyçylyk edýänçäler, wagonyň gapylary ýapylyp, otly ugrapmyş.  

“Инстинкт доминирования” bolsa, az-da-kän-de hyjuwy hem zehini bolan her bir şahsyýetde bar.

Ýöne, geçen asyrda Patyşa Russiýasynyň ofiserleri (serkerdeleri) bu duýgy, ambisiýalar, şöhratparazlyk, özgelerden tapawutly bolmak barada şeýle belläpdirler: “Ambisiýa ofiser üçin erkeklik jyns agzasy ýaly bir zatdyr. Onsuz-a erkek kişi ýok, ýöne şol bir wagtda-da, ony hemme ýerde sereşläp ýörmegem gelşiksiz :-)”. 

 

*****

Adamlaryň aglaba köpüsinde psihologlaryň “комплекс неполноценности” diýip atlandyrylýan ruhy-emosional ýagdaýy bolýar. Onsoň, şonuň ýaly ruhy-emosional ýagdaýly adamlar özlerinde bar bolan ýa-da bardyr öýdýän kemçilikleriniň öwezini başga bir artykmaçlyklar bilen dolmaga ymtylýarlar.

Mysal üçin, ol birnäçe sylaglara mynasyp bolan sport türgeni.

Men bolsa dogry, saglygym gowşakdygy sebäpli (hakykatda barypýatan ýaltadygy üçin) sport bilen meşgullanyp bilmeýärin.

Emma men pul gazanyp bilýärin.

Meniň gymmatbaha ulagym, iki sany jaýym bar.

Onuňky bolsa ýok.

Ol görmegeý.

Men bolsa köp okaýaryn, şonuň üçinem akylly.

Ony akylly hem görmegeý diýip ykrar edýärler.

Emma oňa derek, meniň iki sany gymmatbaha, modanyň iň soňky haýkylygy (ýa-da çykylygy) bolan köýnegim bar.

Ol ýokary bilimli.

Zato (oňa derek) men diplomym bolmasa-da taryhy gowy bilýärin.

Ol akylly, baý, wezipeli, görmegeý.

Zato (oňa derek) onuň aýalynyň agramy 200 kile (kilogram).

Meniň keýwany janymyňky bolsa, bary-ýogy 99 kilejik. 

Umuman, “ýoly kändir, aly kändir haýynyň[1]”...


© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Birinji kitap. – Aşgabat, 2022. Golýazma hukugynda. 


[1] Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Üç apat” goşgusyndan setirler.