Awtobusdan düşdüm. Öýe tarap, trotuardan ýuwaşlyk bilen ýöräp barýaryn. Meniñ bilen bir duralgada düşen oglan, alňasap ýanymdan geçip gidýär. Howlukmaç bolmaga çemeli, trotuardaky adamlaryň köplügine garamazdan, aralaryndan ok ýaly bolup geçip gidýär. Oglan hakynda pikir ýöredýärin:
"Bah, bu oglan durmuşda uly üstünliklere eýe bolar. Seretsene, trotuardaky adamlaryň köplügine garamazdan, aralaryndan ok ýaly bolup geçip gitdi. Nirädir bir ýere howlugýan bolmaga çemeli. Trotuarda adam köp diýip ýaýdanyp duranok, maksadyna okgunly ädimler bilen barýar. Bu oglan durmuşda-da şeýledir, alyp-ýolup barýandyr..."
(Jigim, beýle diýsem, "Trotuarda gaty ýöräseň, durmuşda-da üstünlik gazanarsyň" diýen netijä gelip, gaty ýolda büdrep ýörme ýa-da köpçüligiň arasyndan geçjek diýip, köpçülikden depilip ýörme. Bu diňe şahsy pikir ýöretme).
Bu pikire gümra bolup barýarkam, ýanymdan başga bir oglan geçip gidýär. Bu oglan, ilki geçip giden ýaly howlukmasa-da, ädimini ynamly ätýär. Köpçüligiň arasyndan sypaýyçylyk bilen ötünç sorap, ýene öz ýoly bilen bolýar. Bu oglanam howlukmaç, ýöne edil birinji oglan ýaly howlukmaç däl. Yzyndan seredip, ýene pikire batýaryn:
"Bu oglanam özüne ynamly, edýän işini bilýän oglana meňzeýär. Özem sypaýyçylykly we ugurtapyjy. Adamlaryň arasyndan ötünç sorap geçdi, ine-de öz ýoluna barýar. Bu oglanam durmuşda hor bolmaz..."
Pikirimi soňlamankam, ýanymdan başga bir oglan ýuwaş ädimläp geçip gidýär. Dünýäden doýan ýaly, ýöremäge ýaltanýana meňzeýär. Köpçülige golaýlaşýar. Ýöne beýlekiler ýaly adamlaryň arasyndan geçip gidäýenok, olaryň yzyndan barýar. Adamlaryň özi ýol beräýmese, aralaryndan geçjege meňzänok. Geçmek islemeýän ýaly. Pyşdylyň çagasy ýaly ýuwaşja ätýär, howluganok. Men onuň yzyndan seredip, ýene pikire batýaryn:
"Şu oglana bir sered-ä... 'Dünýäni suw alsa, topugymdan' diýýän ýaly. Adamlaryň özi ýol beräýmese, öz ýoluna gitjek gümany ýok. Durmuşda-da şeýledir bu. Hiç zady başarýan däldir. Nalajedeýin diýsäň..."
Birdenkä ajy hakykat şarpygyny çalýar: Meniň özüm şu üçüsindenem yzda! Olar barada pikir edip, olary sudid edip, öz ýagdaýymy ýatdan çykarypdyryn...
Awtory:McM

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...