Her toplumyň içinde başgalardan birahat bolýanlar hemişe tapylýar. Olaryň bu nägileligine sebäp boljak zat hemişe taýýar: biriniň gürrüňini halamaz, beýleki biriniň ýazan goşgusyny. Ýene biriniň ýürekden çykýan gülküsi ýüregine düşer, başga biriniň üstünligine bolsa tumşuk towlarlar. Olaryň içki dünýäsindäki logika örän ýönekeý, ýöne şol bir wagtda gynandyrjy: Eger bir ýerde üstünlik bar bolsa, oňa ilki özleri ýetmeli. Eger bir ýerde gülki bar bolsa, ilki özleri gülmeli. Eger bir ýerde goşgy ýazylýan bolsa, hökman öz galamyndan çykmaly. Eger bir söz aýdyljak bolsa, ilki olar aýtmaly.
Ynsan ogly nähili geň we düşnüksiz jandar! Dünýädäki ähli zatdan birahat bolar. Emma bu birahatlyk diňe bir nägilelik bilen çäklenmeýär, ol ýykyjy, dargadyjy güýçe öwrülýär. Töweregindäki bar zady ýok etmäge synanyşýar. Iň geň galdyryjy tarapy hem – bu ýok etmäge bolan höwes şeýle bir çäksizdir welin, ol ahyrynda hiç zatdan bihabar, dünýäniň ho-o-ol bir çetinde, öz halyna ýaşap ýören taýpalary hem rahat goýmaz. Olary hem öz düzgünlerine tabyn etmäge, özüçe «düzetmäge» ymtylar.
Eger şol adam sarp edýän wagtyny, energiýasyny, gahar-gazabyny başgalary ýok etmäge däl-de, nämedir bir täze zatlar bar etmek üçin sarp etse käşge... Şonda dünýä döredijilikden we ösüşden doly bolardy. Ýöne ýykmak – döretmekden hemişe aňsat görünýär.
Nitçäniň «Üstün ynsan» (Übermensch) pelsepesi bu hakykaty ýiti açyp görkezýär: «Eger sen toplumyň düzgüninden birahat bolýan bolsaň, özüň has gowusyny döret. Adamlara köne düzgüniň ýalňyşdygyny subut et we olary has gowy düzgüne çagyr. Şuny başarsaň – sen Üstün ynsansyň. Eger başarmasaň bar bolan düzgüne kaýyl bol».
Garaz niýetiň dünýäni üýtgetmek bolsa, onuň başyny ýatan düşegiňi ýygnamakdan başlap bilersiň!
Aýsapar Emelowa

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň