Ol wagtyñ puly bilen 14 ýaşyndaky oglanjyk men. 8-nji klasda okaýardym. Ol döwürleri bilýänsiňizle, hemme gyza hat ýazýarys, «ýok» diýse-de, indiki hepde başga gyza hat ýazýarys. Garaz, iň çylşyrymly, iň ýigrenji wagtlarymyz ol wagtlar.
Bir gün öňümde oturýan gyza hat ýazdym. Ol-a «ýok» hem diýmedi, «bolýar» hem diýmedi. Aradan 1–2 gün ýaly geçdi, men henizem gyzyň jogabyna garaşýaryn. Sapak dowam edip durka, gyz ýuwaşlyk bilen yzyna öwrülip: «Nury Meredowyň „Ah çekinýärin, ah ökünýärin“ aýdymynyň sözlerini ýazyp bersene», diýdi. Menem «bolýar» diýip, derrew ýazyp berdim. Özümem begenýärin, öz-özüme: «Maňa wagtynda jogap bermeýäni üçin ökünýän bolmaly, şonuň üçinem maňa şol aýdymyň sözlerini hat bilen bile berjek bolyar öýdýän» diýýärin.
Sapak gutardy — hat ýok, 1 gün geçdi — hat ýok, 2 gün geçdi — hat ýok. Ol haty 10-njy klasda okaýan bir oglana ýazypdyr, soň bilip galdym. Aýdymyň sözlerini ol oglana berjekdigini bilsem ýazyp bermezdim, pripewine çenli «2 gezek» diýip ýazypdyryn menem.
«Ilkinji gezek gyzyň menden ýüz öwürişi» diýen boldum welin, beýlekilere meňzesin diýip şeýle ýazdym. Ýogsa, 8-nji klasa çenli 20 gyz dagy menden ýüz öwrendir.
Awtory: McM

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...