Ýigit:

(tas hyllygyny akdyryp diýen ýaly)

- Bäh, munuň eýjejikdigini-i-i-i!!!...

 

Gyz:

(göwnübir)

- Sypaty dagy nähili gyz, bu sypaty gurmyşyň?!

 

Ýigit:

(tas demi tutulyp diýen ýaly)

-Aýajyklaryny dagy gören badyňa aklyňdan azaşdyryp barýar-aý!!!....

 

Gyz:

(çalaja gaharlanyp (ýa-da gaharlanýansyrap))

- Bi yşarat haýran, näme maňa aňalyp dur-a? Ýa çölden tutulyp geläýdimikä? Ilkinji gezek gyz görýän ýaly-la, bi köwek!

 

Ýigit:

(tas huşundan gidip diýen ýaly)

- Ýörän boluşjygyny dagy diýä sen! Tarypyny aýdyp-diýip soňuna çykar ýaly däl!

 

Gyz:

(ýigdiň özüne aňk bolandygyna hoşal bolandygyny bildirmezlik üçin gaharlanan kişi bolup)

-Waý ýerçeken, iýdi, hakyýt gözleri bilen iýip barýar-a meni, bi çatmasy başyna ýumrulmyş!

 

Ýigit:

(körje umyt bilen, pyşyrdyly pikir edýär)

-Eý Allam, bu ýedinji gat uçmahdan ýere inen peri-peýker maňa tarap gözüniň gyýtagyny aýlaýan ýalymy?! Eý-ho-o-o!!! Eý Hak-Hudaýym, eger-de şu ajap näzeniniň men mynasyp däl bendäňde gözi äginse, ýoluňa iki sany semiz öweç sadaka!!!...Ýok, eger-de az bolsa, eger walla, çypbakaý-çynym, ýene-de birisini şolaryň yzyndan iberýän!

 

Gyz:

(çalaja gaşlaryny geren bolup, pisse dodajyklaryny hem göwnüýetmezçilik bilen ýygran bolup)

-Äý-ý…Dogrusy…Edil gije tok öçende, asmanam bulutlaşyk bolsa, bi sypatsyz haýranda-da çalamydar syr-sypatam, edil ýogam däl ýaly-la???...

 

Ýigit:

(ýüregini tutup)

-A-na, a-na… ynha durdy…ynha maňa tarap gözüniň gyýtagyny aýlady… Waý öldüm…Waý ölýän… Ýene-de hudaýýoluna üç-dört sany öweç sadaka…Dat-bidat, Gaýtarmyş ata özüň ýetiş!

 

Gyz:

(sähelçe gyzyklanma bilen)

-Özem-ä birneme biziň obaň oglanlaryna garanyňda daýawrak ýalymy, ýa?! Hä?!

 

Ýigit:

(gözlerini agdaryp)

-Waý gitdim! Waý gidýän-how, häzir! Wa-a-ah! Bilbilgöýäniňkä gaýra dur diýdirýän sesjagazyny hem bir eşitsem... Soň ölsemem armanym ýok…

 

Gyz:

(Az-owlak aýak çekip)

-Ýa bi işigaýdana ýeke gezek ýylgyran bolup goýbersem, begenjinden ýaňa bi sypatsyzyň takga jany çykaýmaz-da, hernä?! Hä?!...

 

Ýigit:

(az-owlak köşeşip, demini dürsäp)

-Boldy! Durdy! Indi biziňki, bi! Derrew ejemi ugradýan!...

 

Aýlar-günler, ala-tütün bolup demir ýoldan barýan otlynyň yzyna tirkelen wagonlar ýaly biri-biriniň yzyna sepleşip, ötüp durlar, ötüp durlar. Eje-de ugradylmaly ýerine ugradyldy. Aşhanada, gelnejeden ogrynça joralar bilen etli çöregem iýildi. Toýam tutuldy, sowuldam. Ondan soň birneme wagt geçirip bäbekhana-da gidildi, bir-iki ýola, yzly-yzyna…Ine-de günlerde bir gün…Öýde… Şol ýigit bilen gyz, indi adamsy we aýaly çaý içip otyrlar…Adamsy teleýaýlymda futbol görjek bolup dert-azar çytraşýar. Mydam işde bolandygy sebäpli onuň mährine hem söhbedine suwsan aýaly, şelaýyndan-şelaýyn gepler tapyp, ony özüne üns berdirmäge çalyşýar. Ikisi hem pikir edýärler:

 

Adamsy:

(aýalyna tarap gözüni alardyp)

-Ýürege-bagra düşd-äý! Bir, şunuň bir, bir ýerlerinde sesini öçürýän nurbady ýokmuka? Bi ýanda “Barselona” “Madridiň” enesini dula bakdyryp, uwladyp alyý-y-yp barýa…Bi işigaýdan bolsa, maňa sygrymyzyň süýdüniň azalandygy barada gürrüň berjek bolup ber-başagaý… Munuň ýaly eňňerelik gidip ýatyrka, sygyr küje, süýt küje?! Ýa, ýüzüni alyp goýberäýsemmikäm?! Hä?!

 

Aýaly:

(mähir-muhabbetden doly nazaryny güberilip ýatanyň gyňyr ýeňsesinden aýyrman)

-Wah neressejigim, işden öte ýadap gelipdir öýdýän, hiç gepläsi gelmeýär welin! Ýa ýeňsäňi, aýaklaryňy owkalap beräýeýin diýäýsemmikäm?! Hä?!

 

© S.Ataýew