Ýigriminji asyrda mergi, garahassalyk, inçekesel ýaly keseller ýeňlip geçildi, basym düwnük bilen spidiň hem melhemini taparlar, ýöne meniň pikirimçe, iň eýmenç kesel — ýalňyzlyk keseli, ýekelik derdi! Sen on dogan, on ogluň atasy, on agtygyň atasy bolaý, akyl-paýhas derejäň birçene baryp, wyždanyň kämilleşse, ol kesel hökman degýär. Ol seniň baýlygyňa-da, wezipäňe-de bakmaýar. Näçe kämil boldugyňça ol kesel hem güýçli. Adamzat san taýdan näçe artdygyça, ol kesel köpelýär. Adam ýalňyz dogulýar, ýalňyz ýaşaýar, ýalňyz ölýär! Uly-uly şäherlerde her kim öýünde it, pişik, möjek, gaplaň, krokodil saklaýar, ählisem ýekelik derdinden dynmak üçin. «Ýekelik Hudaýa ýagşy» diýip, ata-babalarymyz aýdypdyr, ýöne biz hem ýeke! Onuňam ýeke dermany bar! Özüňi tapmaly! Daýhan bolsaň — seniň melhemiň toprak, işçi bolsaň — stanok, ýazyjy bolsaň — kagyz-galam.
Nobatguly REJEBOW

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň