Iň gowy ýazyjylar şahyrlardan çykýar.

Näme üçin?

Sebäbi olar söze syrnyh. Bogun ölçeginiň hemişelik guly bolandyklary üçin söze, sözleme, aýtjak bolýan pikirine husytlarça tygşytly çemeleşmek olaryň zannyna ornan. Şol sebäpdenem şahyrlar kyssa tesiminem (abzasynam) goşgy setiri ýaly gysga, düşnükli, duýgudyr-pikirden ýaňa dyňzap duran görnüşde beýan etmäge ökde bolýarlar.

Mysal: Gurbannazaryň “Tabyt” hekaýasy liriki-minimalizm prozasynda ýazylan şedewr.

Puşkiniň “Belkiniň powestleri”, “Kapitanyň gyzy” eserleri şedewr.

Pasternagyň “Doktor Žiwagosy” şedewr.

Lermontowyň “Biziň döwrümiziň gahrymany” şedewr.

Buniniň “Ýalynly gün” hekaýasy şedewr.

Şahyrlykdan ýazyjylyga ýüz uran awtorlar bilen, şeýle tämiz sözlemli kyssa ýazmakda meniň bilýän sap prozaiklerimdenä-hä diňe üç awtor bäsleşip bilýär:

1.Çehow;

2.Hemingueý;

3.Harper Li.

Diýmeýärmi, Çehow: “Gysgalyk – zehiniň uýasy”.

Ýa-da Nekrasow aýdýar: “Şu düzgüne hötjet eýer: sözlerä-hä dar bolsun, pikirlere-de giň”.

Ine şunam esasan şahyrlar oňarýar.

 

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.