Oýandy.
Gözünem açman, eli bilen sermeläp, ýassygynyň aşagyndan eltelefony tapdy.
Açdy.
Gözünem.
Eltelefonynam.
Oh-how! Gije ýigrimiden agdyk habar gelip gowşupdyr ahyry.
Äý ýogsa-da, nädip “gije” bolýar-aý?!
Çatda[1] topardaşlary bilen ýazyşyp, soňam IMO-da suratlardyr klipler alşyp-berşip, halys gözleri öz-özünden ýumlup, kellesi gum dykylana dönüp, kim bilen näme ýazyşýandygyna doly düşünmän başlandan soň, daňdan bäşiň ýarynda, eltelefonyny ýassygynyň gapdalyna taşlap, uklap galdy ahyry.
A, bu wagt sagat näçe?!
Ekranyň ýokary çetine göz aýlady.
On bir.
Baý-bu-u-w!
Hiç kim turuzmandyram!
Bu günem işiň enesi dula bakdy.
Ýogsa, düýnjügiň özünde, agzyna köwüş bilen urup tamdyryň daşyndan aýlasaňam ýerine düşmän durmajak başlygy, mazaly külüni kakyp käýýänden soň: “Şü, şunuň ýalaky özümçe bar-ýoguň gepine galyp ýörenimden, şü, ertir-ä, gijä galman, wagtyndajyk gelerin!” diýip öz-özüne şert edipdi ahyry.
Indem, hanha, şert küje, äht küje…
Gaýta, düýn sagat onda işe baran bolsa, bu gün on ikä ýetişip bilse-de zor boldugy.
Barakga, firmanyň ofisine (edara binasyna) girip-girmän, ýüzüniň ugruna günortanky arakesmä çykybermeli bolýar.
-Hi-hi-hi…-edip ol, başlygynyň özüne diýmäge gep tapman, gahar-gazapdan ýaňa çym-gyzyl bolan keşbi göz öňünde janlananda, bir demde süňňüni gaplan ýöwselligi, hatda özündenem gizlejek bolýan mysaly, gülesi gelmese-de kikirdäp, ýalandan gülen boldy.
Ýöne, “Herki zeleliňem peýdasy bar” diýlişi ýaly, ýyldyrym çaltlygynda aňyndan zymdyrylyp geçen bu ýakymsyz oýlanmalar ony ukudan açdy.
Hasyr-husur düşeginden turdy-da, hammama ylgady.
Öýlerinde hemmeleriň özünden ir turup, okuwly okuwyna, işli işine gidýändigem bir töwra. Onuň işiniň dokuzda başlaýandygyna belet bolandyklary üçin: “Özi birneme gijräk turup, gider-dä!” diýip, hiç haýsy ony oýarmaýar.
Üstesine-de ol, uzakly gije ýeke özi tüm-garaňky içki otagda, kürsüde jaýlaşyşyna kompýuterine dümtünip, gündiz işinde ýetişmedik haýsydyr bir işlerini edýändir öýdýärler.
Ol, göýä, özüniň owunjak kezzaplygynamy ýa-da ýakynlarynyň ynanjaňlygynamy, göwnüýetmezçilik edýän dek, eltelefonyna öten agşamky gelip gowşan habarlary dörüşdirip unitazda oturyşyna ernini gyşartdy.
Soň ýuwundy.
Ala-başagaýlykda çalşyryndy-da, “etek alty ýeň ýedi” bolup işine eňdi.
Awtobusda barýarka-da, diline siňňil çykmyş başlygynyň gazabyndan eýmenjine her näçe injigi syzlasa-da, gözüni ekrandan aýyrmady.
Küýem şonda, köçesem.
Ýetdi.
Hususy kärhananyň ýerleşýän binasynyň öňünde sataşan ýaşytdaş kärdeşi onuň: “Başlyk nirde?!” diýen sowalyna, agzyny “waçjyldadyp” sakgyç çeýnäp durşuna:
-Irden işe gelmän iş saparyna gidipdir. Birigün gelýämişin.-diýip biparh jogap gaýtaranda onuň derisi giňäp gitdi. Deňdeşiniň ýanynda eglenmän geçip barşyna eltelefonyna hasam uly höwes bilen boýyn çümdi.
Iş ornuna barandan soň-a, kompýuterini açakga, Mozilla Fairfoksa sümülenden soň, ýigdiň göwnünde ak patrak bolup erikler gülledi. Şahalarynda-da şeýda bilbiller joşup-joşup saýrap başlady. Özi bolsa oýanaly bäri, hammamda bir owurt suw içen bolaýmasa, duz datmandygynam unutdy.
Öten agşamky içilen ajy kofäň bäş-alty bulgury aşgazanynda “julkuldap”, ýüregini endiredip dursa-da, munuň ýaly sähel-mähel oňaýsyzlyklara ähmiýet bermezlige endik edip giden, birmahal internetiň hakyky aşygyna öwrülen beýnisi, ekranyň ýüzünde açylýan her bir postdan (forumlarda, bloglarda goýulýan maglumat toplumy) heýjana gelip, oňa kompýuterden ünsüni sowmaga mümkinçilik bermedi.
Ýaňky agzy sakgyçly kärdeşi iş otagyna girende onuň bolup oturyşyny gördi.
-One day netizen! Visual material!-diýip, iňlisçe pessaý hümürdebäm, öz ornuna geçdi.
Dünýä kerebine depesine çenli çümen internetkeş oňa diýýämisiňem diýmedi. Hatda, eşitmedem.
Ýöne, ol eşitmese-de, olaryň iş otaglarynda oturýan üçünji kärdeşleri eşitdi.
-“Netizeniň bir güni! Görkezme esbaby!” diýeniň-ä düşündik, inim! Ýöne, şü “netizen” diýýäniň nämedigine düşünip bilmedik. Hä?!-diýip ol, sakgyjyny yhlas bilen “waçjyldatmagyny” dowam edýäne äýneginiň üstaşyr gözlerini güldürip bakdy.
-Äý agam, netde (internetde) inetiň kerebine baglanyp, aklyny aldyrakga internetkeş bolanlara şeýle diýilýär-laý! Iňlis dilinde “citizen – şäheriň ýaşaýjysy, raýat” diýlişine öýkünip, şolar ýalylara “netizen – netiň ýaşaýjysy, raýaty” diýen manyda, şeýle at dakypdyrlar.
-Hä-ä…Gör-ä asyl bu nähili ekeni! “Ölinçäň öwren, barybir çöňňeligiňe-de gömlersiň” diýilýäni, gör asyl, mundan çykdy-ow!-diýip sowal beren, agzy sakgyçla ýeserlik bilen gözüni gypdy-da, işine gümra boldy.
Ýaşytdaşy tarapyndan “netizen” diýlip atlandyrylan internetkeş bolsa, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara düýbünden gulak gabartman, çatdan-çata, saýtdan-saýtda, forumdan-foruma böküp, ber-başagaýdy.
Hezillik!
Gijara çenli dowam eden şol hezilliginiň arasyny üzmänem ol, hemmeler işden gaýdanda kompýuterini öçüren dessine eltelefonyndaky internetine geçdi-de, gaýtdy.
Ýolda-da şol öňki ýagdaý.
Hezillik!
Näçe çümseň çümüber, onuň içine!
Başarsaň gark bol!
“Edýäniň näme-how seniň, diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy?! Eliňdäki “janyň” gizlenen jäjegiňden, iň bolmanda ýeke pursatlygam bolsa ünsüňi sow-da, töweregiňe bir seret ahyry! Dünýe adamdan doly. Nämeler bolup geçýär dünýede! Bakylyk bilen deňeşdireniňde dem salymlyk ömrüň paýaw bolmanka, Hakyň Kereminden ýaradylan bu giň jahany ine-gana görüp bir gal ahyry!” diýip syýyndan çekjek ýok.
Öýlerine barandan soňam ol özüniň soňky birki hepdäniň anyk ýadynda galmadyk haýsam bolsa bir gününde serine gelip, diline ýelmeşip galan sözleri içinden hiňlenjiräp, öňüne goýlan nahardan şamlyk edindi.
Beýnisiniň bir bölejigi bilen-ä: “Konekt mi wiz him[2], konekt mi wiz him…” diýip hiňlenjireýär. Bir eli naharda, beýlekisi telefonynda. Agzy gyssanmaç gäwüseýär. Beýnisiniň galan bölegi bolsa tutuşlygyna postlarda…
Konekt mi wiz him, konekt mi wiz him…
Naharyny iýip bolan badyna töwir galdyrybam kofe demlendi-de, ata-ene, dogan-jigi hiç haýsy bilen gepleşmän, bir elind-ä bulguryny, beýlekisinde-de eltelefonyny tutaklap, iş otagyna, kompýuteriniň başyna howlukdy.
Ejesi:
-Jaýymyzyň birinji girelgesiniň bäşinji gatyndaky goňşular sünnet toý edýärler. Elin çakylykçy ugradyp, aýdyp gidipdiler. Uzakly günem-ä işde bolýaň. Şu wagt gidip: “Gutly bolsun!” diýip gaýtsaň-a gowy bolardy. Diňe kakaň ikimiziň görnüp gaýdanymyz bilen çäklenmän, ile-güne goşulyşybermeli ahyry. Senem-ä indi kiçi-girim däl.
Ejesiniň aýdanlary aňyna ýetende, ol içki otagyň bosagasynda biraz kürtdürjek ýaly etdi.
Oýurgandy.
Ýa, dogrudanam, derrewjik gidip geläýsemikä?!
Birdenem, toýdaky goh-galmagal, özüni gyzyklandyrmaýan goňşularyň, tanyşlaryň, deň-duşlaryň, özüni gyzyklandyrmakdan-a geçen, gaýta içini gysdyrýan gürrüňleri aňyna geldi.
Ony entäk gitmänkä tukatlyk basmarlady.
Äý, ýok bolsun-la!
Ondan-a çata gireniň müň esse gyzykly.
Ýa-da LJ-de[3] gündeligine şu günki eden işleri barada ýazsa…
Ýa-da aska-da[4] kimdir biri bilen bolsa-da habar-surat alyşsa…
-Äý eje, ertir irden işe barýarkam, ýüzugruna gutlaryn-da. Bu mahal bolsa wagtym ýok, işde gaty kän iş tabşyrdylar!-diýip müýnli hümürdeşdirdi-de, otaga girip gitdi. Ýöne çyrany ýakmady.
Kompýuteriniň öňüne geçip, bulguryny, telefonyny stoluň üstünde, elýeterinde goýdy.
Terminalyň düwmesini basanda-da, ejesiniň:
-Wah-wah-eý balajygym, “iş-iş” diýip halys surnugjak sen. Öýde-de, gije-de gün ýok saňa! Ol gyran degmän geçen başlyklaň bolsa iň bolmanda şunça işleseňem hatda aýlygyňa azak-tenek mündüreýinem diýmeýärler...-diýip jibrinjireýäni gulagyna ildi.
Onuň ýüzi gyzarjak boldy.
Emma, onýança ekran ýagtyldy.
Bar zat huşundan uçdy.
Diňe, ýaňkyja setir, beýnisinde, göýä, onuň kalbyny uklatmak maksady bilen hüwdüleýän dek mymyjak hiňlenjiräp, eda bilenjik üznüksiz gaýtalanyp başlady.
Konekt mi wiz him, konekt mi wiz him…
…Şondan soň ol, bu günem daňyň düýbi çyzylýança, adaty adam hökmünde dirileriň dünýäsinden gaýyp boldy.
Öler ýaly ukusy tutup, gözleri öz-özünden ýumlup başlanda-da, özüni zoraýakdan mejbur edip, ejesiniň ýazyp goýan düşegine geçdi. Kellesini ýassyga goýan dessine-de, bihuşluga çalymdaş agyr uka gitdi…
Düýşünde-de ilk-ä birki gezek ýaňkyja setirini gaýtalady.
Konekt mi wiz him, konekt mi wiz him…
Soňam, birdenkä, özüniň goşgy setirleri bilen tüýs ýürekden Allatagala mynajat edýändigini agyr ukudaky ýagdaýynda aňşyrdy…
Eziz Allam!
Ýa Ýaradan Biribar!
Rehim eýleýip, men pakyr guluňa,
Waý-faýym ýatyp, galdyrma intizar!
Janly aýdar men, Gugl babaň ýoluna,
Limitim tepbet, galmaýyn giriftar.
Ýalňyz özüm ýarym gije ötürip,
Internetsiz buz düşekde ýatmaýyn!
Çatdan kowlup, forumlardan öçürlip,
Gül ömrümni, kül edipler ötmäýin!
Ýa Rebbim!
Keremiň men gurbany!
Kesilmesin, waý-faýymyň tolkuny!
Ýüregimiň bolmaz jinnek armany,
Prowaýder saz işledip dursa ony.
Domene-serwere erk eden pirim,
Gugl baba, seň ýoluňa wepalyýam!
Telefonym, internetim – mydarym,
Şolaň barlygynda men sapalyýam.
Ineti ýokdan bar eden, Mäligim!
Mübärek nazaryň bizden öwürme!
Owalda-ahyrda birje dilegim,
Meň domenim rozetkasyn sogurma!
Maýlyma girmesin, wirus-belalar,
Brandmauer böwet bolsun ýoluna.
Dostum-internete geljek melamat,
Gidewersin, feýk-nýuslaň alyna.
…Ertesi gün oýananda-da ýene-de düýnküsi ýaly oýandy.
Ýene-de önki-öňkülik…
One day netizen…
© S.Ataýew. Internetli dünýä. Eserler ýygyndysy II jilt. – Aşgabat, 2022. Golýazma hukugynda.
[1] Iňl. Chatter – lakgyldamak diýen sözden gelip çykyp, kompýuter ulgamynda göni aragatnaşykda habar (maglumat) alyşmagy aňladýar.
[2] Iňl. Connect me with him – Meni oňa seple (birleşdir).
[3] Iňl. LiveJournal, LJ – Diri Žurnal, internetde onlaýn-gündelik ýöretmek üçin ulanylýan ýörite maglumat gory (blog-platforma).
[4] Iňl. I seek you (ICQ) – Men seni gözleýän. Eltelefonlary we beýleki maglumat ulgamlary üçin tölegsiz, çalt (şol wagtyň özünde) sesli we şekilli habarlary alyşmak üçin ulanylýan maglumat platformasy.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...