Kristofer Nolanyň CGI, ýagny "Ýaşyl ekran" tehnologiýasyny ýigrenýändigini bilýärdiňizmi? Bu režissýor (şol sanda, ssenarist) şeýle bir hakykatsöýüjidi welin, muny öz filmlerinde hem aç-açan görkezýärdi.
"İnterstellar" filmini gören bolsaňyz, şol uç-gyraksyz mekgejöwen ekilen mellekleri ýadyňyza salyň! Köp režissýor muny kompýuteriň kömegi bilen ýasap goýbererdi. Emma Nolan beýle etmek islemedi. Ol öz toparyna 500 gektar giňişlikde mekgejöwen ekdirdi!
Aýlap-günläp şol mekgejöwenleriň ýetişmegine garaşdylar, şeýdibem filmi surata düşürdiler. Ýöne, iň täsin ýeri bu däl...
Film taýýar edileninden soň, filmi gurnaýjylar bu mekgejöwenleri ýygnap, bazarda satdylar we filmiň býujetine ep-esli mukdarda girdeji getirdiler. Ýagny, Kristofer Nolan hem-ä kinomatografiýa taryhynyň iň täsirli filmleriniň birini surata düşürdi hem-de ekerançylykdan girdeji gazandy.
Terjime eden: Bazar Annaýew
Çeşme: internet sahypalary

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.