Sen maňa jaň edersiň...
Geçmişiňe gitjek bolup,
Birden içiň dökjek bolup,
Özüňe söz berenem bolsaň:
"Jaň etmerin indi gaýdyp"
Ýatladar meni tanyş gülki,
tanyş söz,
Ýa bolmasa tanyş aýdym...
Ýa-da..
Halyňdan habar aldyrmak üçin,
Barlygyňy bildirmek üçin.
Bile görülen filmler, multfilmler
Aýdylmadyk gepler,
Ýazylan we ýazylmadyk SMS-ler,
Daňdana çenli söhbetler
Hemmesi göz öňüňe geler,
Gulagyňa gygyrar
Hemem (islämok welin,
saňa beled-ä men)
Damja-damja gözýaşyň,
Dulugyňdan syrygar.
Çydamarsyň,
Ýalňyzsyň sen.
Bar zat ýetjek derejesine ýeter.
Şoň üçinem jaň edersiň,
9 sapar gudok gider.
Emma, men almaryn,
Sebäbi men bolmaryn...
© Ylham GURBANALYÝEW
**********************************************

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň