Söz ussatlary sungaty aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, uç-gyraksyz ummana deňeýärler. Kimde-kim şol ägirt giňişlikde guwwas kimin ýüzmegi başarsa, derýa düýbündäki dür-merjenlere eýe bolýar. Sözden sungat, owazdan gudrat, bir tokga daşdan hikmet ýasap, ynsan göwünlerini awlaýan, gözlerini gözellige kökerýän şeýle kişiler nesibeden paýlydyrlar. Sungatyň syrly ýumagyny çözleýän şeýle adamlara halkymyzyň egsilmez hormat-sarpa goýýandygy barada oýlananyňda, degişmeleridir durmuş tymsallary bilen göwünlere gülki paýlaýan wäşileriň ornunyň toý-tomaşanyň töründe, muşdaklarynyň ýüreginde ýaşaýandygyna şek bolup bilmez. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli biz şeýle ussatlaryň biri, gursagyna ylahydan ylham guýlan, Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradowy ýatlap, onuň ömri we döredijiligi bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.

Paýtagtymyz Aşgabady etekläp oturan Herrikgala obasynda 1938-nji ýylyň 10-njy fewralynda dünýä inen oglanjyga kakasy Ýazmyrat ahun doglan gününe gelşirip, Juma diýip at goýupdyr. Hünäri boýunça inžener Ýazmyrat aga diýseň gepe çeper we zähmetsöýer adam bolupdyr. «Ata kesbi — ogla halal» diýleni. Ýaşajyk Juma turuwbaşdan şirin sözlüligi we degişgenligi bilen deň-duşlaryndan tapawutlanypdyr. Ol entek 7-nji synpda okap ýörkä, Gökje obasynda geçirilen wäşileriň ýaryşyna gatnaşmagy başarypdyr. Onuň edebiýata bolan çuňňur söýgüsini aňlan mugallymy Baýmyrat Halmyýew Jumany artistçilik ýoluna ugrukdyran ilkinji janköýerleriň biridir.

Juma Ýazmyradow 1956-njy ýylda oba mekdebini tamamlap, mugallymynyň kömegi bilen Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna işe barypdyr. Artistçilik hünärine bolan söýgi oňa 1958-nji ýylda Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatral institutyna okuwa girmäge badalga berýär. Juma bu ýerde Nurmuhammet Keşşikow, Aman Baýramberdiýew, Ata Alowow dagy bilen bile okaýar. 1963-nji ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlap, türkmen radiosynda işe başlaýar. Kärdeşleriniň arasynda şohlugy we degişgenligi bilen tapawutlanýan Jumany şol döwürde halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan «Bökelek» atly satiriki radiožurnalyna işe çagyrypdyrlar. Juma «Ýartygulak» atly ýene bir satiriki žurnalyň hem şowly çykmagyna ýakyndan ýardam beripdir.

Şeýle günleriň birinde radio işgärleri maslahatlaşyp, ýaş nesilleri radio diňlemäge çekmek üçin aýdym-sazly täze bir dynç alyş gepleşigi açmagy müwessa bilipdirler. Işiň abyny-tabyny alyp ugran, zandy zehinli ýaş ýigit bu barada öz pikirini aýtmagy başarypdyr. Şeýlelikde, 1964-nji ýylda gyşyň garly günleri hem bilbilleriň hoş owazlary bilen göwünleri awlaýan «Bahar» radiostansiýasy döredilipdir. Zenan alypbaryjynyň mylaýym sesiniň gapdalyndan erkek kişiniň merdemsi owazynyň gerekdigi aýdylanda bolsa, Arap Gurbanow, Magtymguly Myşşyýew ýaly görnükli ýazyjylar dessine Jumany teklip edipdirler. Şeýlelikde, «Bahar» radiostansiýasy döredilen gününden beýläk Juma Ýazmyradow diňe bir dogumly, ýakymly sesi bilen bezemän, eýsem, oňa režissýorlyk hem edipdir. Zehinli artistiň tagallasy bilen «Bahar» gepleşiginiň 2500 sanysy taýýarlanypdyr.

Juma Ýazmyradow uzak ýyllaryň dowamynda türkmen radiosynda işläp, 500-den gowrak radiooýna režissýorlyk edipdir. Her bir oýnuň şowly çykmagy üçin öz sesi, öz owazy bilen berilmegini başarypdyr. Türkmen radiosynyň arhiwinde saklanylýan tebigat hadysalarynyň, haýwanlaryň, guş-gumrularyň, mör-möjekleriň dürli seslerinden, geň-enaýy owazlaryndan daşgary hem dürli gurallaryň, ýönekeýje zatlaryň üsti bilen hem oýnuň ynandyryjy çykmagyny gazanypdyr. Ol arhiwde ýok owazlary ululy-kiçili daşlaryň, düwmeleriň, aşyklaryň, hatda otluçöpüň üsti bilen döredipdir. Halypa artistler ýagşy taplanan Juma radiooýunlary goýmaga hem ýüňüniň ýetendigini aýdypdyrlar. Şeýlelikde, ol ýazyjy Magtymguly Myşşyýewiň adybir hekaýasy esasynda «Başdarak» atly ilkinji radiooýnuny diňleýjilere hödürläpdir. Kämillik çeşmesiniň gözbaşyny tapan Juma Ýazmyradow soňra halkyň söýgüli «Görogly» eposynyň on şahasyny radioda teatrlaşdyrypdyr. Artistiň oýnuň ähli aýdymlaryny özüniň ýerine ýetirendigini eşiden diňleýjileriň oňa bolan guwanjy has hem artypdyr. Şol sebäpli hem onuň bilen işleşen kärdeşleri artiste ýokary baha beripdirler. Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Gummadow ol barada mydam: «Juma Ýazmyradow türkmen radiosynda teatry döredip bilen adam» diýýän eken.

Bir gezek şeýle waka bolupdyr. Göroglynyň atyny ogurlaýan Zulman kempiriň keşbi ynanylan artist Akja Jumadurdyýewanyň sesinden gaty ýaşdygy bildiripdir. Zehinli režissýor uzak pikirlenmezden, otluçöpüň her başyna pagta orap, artistiň agzyna salmak bilen, garry aýalyň sesini ýasapdyr. Şular ýaly mysallary Juma aganyň sungata örklenen durmuşyndan näçe diýseň tapyp bolýar. Ol oýun goýanda, tomsuň ortasynda hem bir bölek matanyň arasyna iki penje krahmal salyp owkalamak arkaly gardan ýöräp barýan adamyň aýak sesini ýasapdyr. Otluçöp gutusyny şykyrdadyp, tikin maşynyň sesini, ulanylmaýan magnit plýonkasyny owkalap, ýangynyň sesini bermegi başarypdyr.

Juma aga Dursunjemal ýeňňe bilen bilelikde 10 çagany kemala getirip, terbiýeläp ýetişdirýär. Onuň alty ogly, 40 agtygy, 20-den gowrak çowluklary bar. Halypa artist aýdym-sazy, sungatdyr owazy sarpalap, agtyklarynyň birine Mukam diýip at goýupdyr. Atasynyň arzuwlaryna medeniýete we sungata goýýan sarpasy bilen jogap berýän Mukam bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

— Öýümiz diýseň gelim-gidimlidi. Atam Kerim Gurbannepesow, Beki Seýtäkow, Magtymguly Myşşyýew, Arap Gurbanow ýaly ýazyjylar bilen ýakyndan gatnaşypdyr. Teleradioýaýlymlarda, teatrlarda işleýän kärdeşleri bilen edebiýat, sungat, sahna oýunlary, täze döredilen aýdym-sazlar barada pikir alşyp, jedelleşip oturan pursatlaryna özüm hem telim gezek şaýat bolupdym. Şeýdip, her bir döredilen eseriň kämil çykyp, halkyň söýgüsine mynasyp bolmagynda atamyň we onuň egindeşleriniň saldamly zähmetiniň bardygyny aýdasym gelýär.

Uzak ýyllaryň dowamynda egindeşi Gurbannazar Atakgaýew bilen halka hezil berip, Topalak adyny alan zehinli artist Juma Ýazmyradow hakynda aýdara-diýere söz, getirere mysal kän. Ussadyň milli medeniýetimize we sungatymyza goşan goşandy diýseň uly. Ol «Aýgytly ädim», «Gara bägüller» ýaly filmlerde hem yz goýmagy başarypdyr. «Aýgytly ädimiň» baş gahrymanlarynyň biri Aşyryň sesini eşideniňde, artist Juma Ýazmyradow bilen gaýybana duşuşýarsyň. Şeýle wakalaryň ençemesine şaýat bolan kärdeşleridir egindeşleri oňa: «Durmuşdan oýun ýasan adam» diýip baha berýärler.

«Işleseň, il tanar» diýleni. Türkmenistanyň halk artisti, ençeme sylag-serpaýlaryň eýesi Juma Ýazmyradow döredijilige bagyşlanan ömrüniň soňky günlerine çenli halk bilen bir howadan dem alyp, bir perdeden gopmagy başardy. Biz oňa ussadyň 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolan pursadynda has hem magat göz ýetirdik. Ussadyň: «Milli medeniýetimizi we sungatymyzy sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýaryn. Şeýle hormatly hünäriň eýesi bolandygym üçin Hakdan hem, eziz halkymyzdan hem müň keren razydyryn» diýen sözleri belent adamkärçiliginiň güwäsi bolup, döredijilik bilen meşgullanýan ýaş nesiller üçin özboluşly sapakdyr.

Dünýäde jogapsyz hiç bir zat ýok. Biziň illerimizde yhlasa — yhlas, söýgä — söýgi, mähre — mähir bilen jogap gaýtarylýar. Ömrüni boýdan-başa medeniýete we sungata bagyş eden Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow 2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda bakyýete göç eýlänem bolsa, onuň at-owazasy bakylyga sapypdyr. Biz ony sungat äleminiň ägirdiniň okan goşgulary radioda ýaňlananda, degişmedir henek-ýomaklary il arasynda täzeden gaýtalananda, has anyk duýýarys.

Ogulbeg JUMAÝEWA,

«Nesil».