Beýik Göktürkmen döwletinde ýörgünli bolan jür (çor, çür, çur, jor, jur; turugbitigde: 𐰲𐰆𐰺) unwanynyň gelip çykyşy hakynda-da birnäçe çaklamalar bar.
Gadymy oguz-göktürkmenleri öz uruglarynyň serdarynyň adynyň yzyna: “urugyň / tiräniň goragynda sak duran garawul” manysynda: “jür” diýen unwany goşupdyrlar. Mysal üçin: Turug Iliniň birinji hökümdary Ilteriş-bilge kaganyň “Gutlug beg jür” diýen är hem beg adyny: “Bagtyýar beg serdar” diýip terjime etmek bolar. Şeýlelikde “jür” sözüniň gadymy manysy, oguzlarda, göktürkmenlerde onuň: “sak, ukusyz durýan, ahmala salyp bolmaýan sakçy, garawul” manysyndan ugur alnyp, “iliň-günüň, obaň, urugyň goragynda, aladasynda gijesini gündiz edip sak durýan sakçy-öňbaşçy, penakär ýolbaşçy” diýmegi aňladandygyny çaklamak bolar. Biziň pikirimizçe, bu sözüň has gadymy döwürlerde, pars-pehlewi dilinden biziň dilimize soňraky eýýamlarda geçip ornaşyp galan: “serdar – baştutan, öňbaşçy” sözüniň ornuna ulanylandygyny çaklamaga-da doly esas bardyr.
Galyberse-de, hatda Beýik Göktürkmen Iliniň kaganlary hem tagt atlarynda, özleriniň diňe Bengu Iliň hökümdary däl, eýsem oguz-gökturugman (göktürkmen) halkynyň serdarydygynam aňladyp, “jür” unwanyny göteripdirler. Mysal üçin: Bumyn hanyň dördünji ogly Tadbar kaganyň (Aýpalta gaýanyň / hakanyň) tagt adynda: “jür” tituly – epiteti bolupdyr. Bilge hakanyň kakasy Ilteriş-bilge kagan hökümdarlyga göterilmezinden öň, onuň unwany: “jür – serdar” bolup, onuň adynyň hem unwanynyň: “Gutlug beg jür”, ýagny “Gutlug beg serdar” diýlip tutulandygy bolsa ýokarda bellenip geçildi. Şeýle hem, Ilteriş-bilge kaganyň inisi Gapagan kaganyň är / eren hem beg ady Begjür (Serdarbeg, hytaýça: “Moun-çur”) bolupdyr. Ýöne “jür – serdar” sözi gadymy hytaý transkripsiýasynda: “çur, çor, çžo” görnüşinde ýazylypdyr[1].
Mundan başga-da gadymy sýunnularda (söýünnurlarda, hunlarda), oguzlarda, göktürkmenlerde öý-ojagynyň penakär, naşyja ruhjagazlaryna – öý, ojak eýelerine: “Akjürjen, Akjürje, Akjür (çur, biçur, çor)” diýlipdir. Öýde, kümede, agylda ownuk-uşak kynçylyklar döredýän öý-ojagyň bezzat ruhjagazlaryna bolsa: “Garajürjen, Garajürje, Garajür (karaçor, karaçur)” diýlipdir.
Durmuşda her hili ýagdaýlaryň bolýandygy sebäpli, irki döwürlerde ata-babalarymyz, adamyň hakykatdan hem amanadyny tabşyrandygyny ýa-da onuň “kliniki ölüm” diýen adalga bilen aňladylýan ýa-da letargiki uky ahwalyndadygyny doly kesgitläp bilmändirler. Şonuň üçinem ata-babalarymyz bir bende ýalňyşlyk bilen jaýlanyp, soňam mazaryň içki öýünde, gömlen gumundan içki öýüň ýüzüne örtülen toýun kerpiçler bilen goragly ýagdaýda huşuna gelen halatynda, ol demigmez ýaly howanyň baryp durmagy üçin hem-de onuň kömege çagyrýan sesi galyň gum gatlagynyň aşagyndan eşidiler ýaly, gamyşdan, agaçdan köwlenip ýasalan inçeden uzyn tokurtgajyklary täze gabyryň tä içki öýüne ýetýänçä sokup goýar ekenler. Şol tokurtgajyklaram “jür” diýlip atlandyrylypdyr.
Gonamçylyklaryň müjewürlerem[2] täze jaýlanan bendäniň mazaryna üç gün bolýança, şonuň başujuna baryp, aram-aram jüre gulaklaryny tutup diňläp durmaga borçly ekenler. Çünki şol tokurtgajykdan mazarda ýatanyň dem alýan sesi ýa-da iňňildisi eşidilen halatynda, müjewür haýal etmän adamlary çagyryp, diriligine gömlen bendäni gabyrdan çykarmak üçin ähli çäreleri görüpdir.
Uzagyndan tebipçilik ylmy, adamlaryň bu ugurdan ukyp-başarnyklary ösüp, mazaryň başujyna jür dikmek däbi, özüniň durmuşy peýdalylyk tarapyny ýitirip, adaty edim-gylyma öwrülipdir. Jürleriň özünem içi köwlen tokurtgajykdan dikmän, adaty agaç kesindisinden ýa-da gury töňňelere mata bölegini daňyp dikmäge başlapdyrlar.
Şol tokurtgajyklaryň, soňra bolsa agaç kesindisiniň “jür” diýlip atlandyrylmagy hem, biziň pikirimizçe, onuň: “sak durýan, sakçy” manysyndan ugur alnandygyny tassyklaýan bolmagy ahmal. Şonuň bilen birlikde-de, bu aňlatma bir tarapdan: “mazaryň sakçysy”, ikinji tarapdan: “mazarda ýatan diri bolsa, şol ýalňyşlyk bilen jaýlanan bendäniň janynyň penakär garawuly” diýen manylary aňladan bolmagy mümkin.
Käbir alymlaryň pikirine görä, “jür” unwany “čor / cwr” diýen gadymy sözünden gelip çykyp, ol “hökümdar, öňbaşçy” diýmegi aňladýar[3]. Taryhy maglumatlara görä bu unwany Beýik Göktürkmen döwletiniň düzümindäki On ok (On og, On oguz, On ogur) taýpalar birleşmesiniň hataryna girýän 50 müň öýli äpet Tele (Du-lu, Tölüs, Tu-lu, Dulu) aýmagynyň bäş tiresiniň serdarlary göteripdirler[4].
Şeýlelikde, jür (çor, çur, çžo) unwany, birwagtyň özünde harby hem-de dolandyryş derejesi bolmak bilen, bu unwan esasan Turug Iliniň Gündogar ganatynda ýerleşýän Tele (Du-lu) taýpasynyň serdarlaryna bagyş edilipdir. Munuň şeýledigini Beýik Göktürkmen döwletlerinde gönüden-göni merkezi Kagan häkimiýetine tabyn uluslarda bu unwany göterýän begzadalaryň has ýygy-ýygydan gabat gelip, Kaganlyga tuwg kasamy esasynda bagymly (wassal) bolan taýpalarda onuň seýrek duş gelýändigi hem subut edýär[5]. Jürleriň öz dolandyrýan tirelerinde hem uruglarynda tutuklaryň, erkinleriň taýpalardaky serdarlyk ygtyýarlyklaryna çalymdaş bolandygy bu ýerde öz-özünden düşnüklidir.
Görkezilenler bilen bir hatarda, uzagyndan bu unwanyň hem tegin, ýynal, tutuk, han, beg, seňun, erkin ýaly adam atlarynyň birine öwrülip gidendigi bolsa taryhy maglumatlarda örän köp sataşýar. Mysal üçin: Semizkent (Samarkand) şäheriniň häkimi Ulug (Gurek, 710-738-nji ýyllar), özüniň Begjür (Beguçor, Begçer, Moçjo) atly ikinji ogluny Mi (Maýmurg) ülkesine dikme edip belländigi “Tan Şu (Tan nesilşalygynyň seneýazgysynda)” bellenilýär[6]. Şonuň ýaly-da gadymy sogt resminamalarynda Pançyň häkimi hökmünde, 693-708-nji ýyllarda dolandyran Çakyn jür Bilge ýazylýar[7].
© S.Ataýew
____
[1] Donuk, Abdülkadir, Eski Türk Devletlerinde İdarî-Askerî Ünvan ve Terimler, Türk Dünyası Araştırmaları Vakfı, İstanbul, 1988. – P. 14.
[2] Müjewür – arapça:جَاوَرَ – jawara – goňşy bolmak, goňşy, ýakyndaş ýaşamak diýen sözden gelip çykyp, mazarystanlygyň, mukaddes hasaplanýan zyýarathanalaryň, keramatly ýerleriň gözegçisini aňladýar.
[3] Шервашидзе И.Н. Фрагмент древнетюркской лексики. Титулатура // Вопросы языкознания. – 1990. – № 3. – 90 c.
[4] Chavannes E. Documents sur les Tou-Kiue (Turks) occidentaux // Сборник трудов Орхонской экспедиции. Вып. 6. - СПб., 1903. – P. 27.
[5] Бичурин Н.Я. [Иакинф]. Собрание сведений о народах, обитавших в Средней Азии в древние времена. II том. – М.-Л.: изд. АН СССР, 1950. – 311 c.
[6] Chavannes E. Documents sur les Tou-Kiue (Turks) occidentaux // Сборник трудов Орхонской экспедиции. Вып. 6. - СПб., 1903. – P. 136, n.5.
[7] Лившиц В.А. Правители Панча (Согдийцы и тюрки) // Народы Азии и Африки. №4. – М., 1979. – 69 c.

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň