Topar adamyň oslagsyz ýerden gysga pursadyň içinde hersiniň bir tarapa dargap gitmegini “Jyn dagan ýaly” diýip häsiýetlendirýärler. Bu deňeşdirmäniň öz döreýiş taryhy bar. Ol Dawut ogly Süleýman pygamber bilen bagly.

Rowaýatlara görä, Süleýman hem pygamber, hem adyl patyşa bolan. Onuň bir jadyly ýüzügi bar ekeni. Şol ýüzügiň güýji arkaly ýele, suwa, haýwanata, hatda döw-perilere-de, jynlara-da ygtyýary ýetipdir.

Süleýmanyň permany bilen adamlar şäherleri bina edipdir, şonda guşlar göge galyp, olara saýa bolupdyr. Periler zerden kilim dokapdyr. Şemal onuň tagtyny asmana göteripdir. Döwler daglary opurypdyr, daşlary göçüripdir. Jynlar ýerleri tekizläp, meýdanlary bejeripdir. Käbir rowaýatlarda pygamberiň emri bilen döwleriň, jynlaryň Ierusalimdäki Beýtil mukaddes ybadathanasyny bina edendigi hem aýdylýar. Umuman, Süleýmanyň patyşalygy ulus illere ýaýrapdyr, adalaty, şan-şöhraty arşa galypdyr.

Süleýman pygamber gojalan çagy köşgüň öňündäki sekide hasasyna söýenip, meýdanda işläp ýören jynlara seredip durka amanadyny tabşyrypdyr. Ýöne tutuş bir ýyllap onuň ölenini hiç kim bilmändir. Çünki tä garynjalar gelip, hasasyny içinden iýip gutarýança ol edil diri ýaly, ýykylman durupdyr.

Bu barada Gurhanda-da agzalýar. Sebe süresiniň 14-nji aýatynda “Onuň (Süleýmanyň) ajalyny ýetirenimizde, onuň ölendigini ýaplanyp duran hasasyny iýen garynjadan başga görkezip bilen bolmady. Süleýman ýykylanda, onuň ölendigi jynlara aýan boldy” diýen sözler bar.

Şeýlelikde, Süleýman pygamberiň ölenini äşgär bilen jynlar şo bada dyr-pytrak gaçyp gidipdirler. Bu barada aýdylýan bir-birinden gyzykly, täsin rowaýatlaryň netijesinde türkmenleriň arasynda “Jyn dagan ýaly” diýen meňzetme peýda bolupdyr.

 

2-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.

Kakamyrat ATAÝEW. "Dürüşde" kitabyndan.