KADES — zenanlara garşy zorlugyň we azar bermegiň öňüni almakda möhüm ädimleriň biri. Telefonyň ekranyndaky kiçijik bir programma käwagt bir zenanyň kömek çagyryşyna jogap bolup, hatda bir ömri halas etmäge-de ýardam edip biler.

Hiç bir zenan gorky astynda ýaşamaga, haýbatlara sezewar bolmaga ýa-da kömek soramak üçin giç galmaga mejbur däldir. KADES gyssagly ýagdaýlarda bir düwmä basmak arkaly hukuk goraýjy edaralara habar ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Meniň pikirimçe, KADES diňe bir howpsuzlyk programmasy däl, eýsem zenanlara olaryň ýeke däldigini ýatladýan möhüm goldaw serişdesi. Elbetde, biziň iň uly arzuwymyz hiç bir zenanyň bu programmanyň kömegine mätäç bolup biläýjek ýagdaýa düşmezligi

Siz KADES barada nähili pikir edýäňiz? Türkmenistana-da getirilmelimi?