Eje, eje, aý eje

Sen meň üçin ýekeje

Halk döredijiliginden

Kaka, kaka, aý kaka

Maňa gyzym diý kaka,

Mährinden ýylananym

Kiçikämem hemişe

"Güýçli meň kakam" diýip,

Barlygyna daýananym

Maňa "Guzym" diýiber

Şol kiçijek gyzyň men

Ýüzüm sypap söýüber

Geňleme boý alanym

Bizi asla gysmadyň

Gabansaňam gözlerden

Diýýäň:" Aslyň owadan"

Gôreňde boýananym

Hiç närazy etmediň

Balalaryňy şu çaka

Sen nähili mert,Kaka?!

Kaka,kaka,aý kaka

Maňa oglum diý kaka,

Oğul ornun dolduryp,

Bil,daşyňy goraryn

Ödemeli b:oruna-

Mydam bizi goranyň.

Goý, asmana buýsançdan-

Peder başyň bäs etsin

Sarymaýaň hemişe

Seni başa täç etsin

Ejem bilen ýaşaň siz

Saglyk bilen uzaga

Bagtymyza, ýaşyňyz

Uzap asyra ýetsin

Kaka, kaka, aý kaka,

"Balam" diýip, söý kaka

Arkaýyn bol gyzlaňdan

Biz barkak gam çekme sen,

Şypa tapýan sözleňden

Asla oňup bilmerin,

Tarypyňy etmesem

"Dört gyzym, dört nury didäm"

Diýip, sypaýy söýdüň

Kem däl, artyk bolmasa

Ezizowça eý gördüň.

Hiç bir zada kem etmän

Şu günlere ýetirdiň

Haýyşymyz hemişe

Dillenmäkäk bitirdiň

Arzuwlara ýetirdiň

Kalbyň juda päk eken

Sen deý ynsan ýok eken

Kaka, kaka, aý kaka

Meni görme geň kaka,

Gözleriňi çyglama

Dünýâm daralyp gider

Ylham menden daşlaşyp

Depder saralyp gider

Atama meňzeýâň sen

Hasam gülen halatyň

Şoň üçin ýylgyr mydam

Gussaň gelen halatam

Ýüreginde zerre-de

Hiç garalyk bolmadyk

Deňsiz-taýsyz eý ynsan

Biz ýene seň gyzlaryň

bolmaklygy saýlardyk

Dünýä ikinji gezek -

hem, inmeli bolsadyk.

Kaka, kaka, aý kaka,

Tagzym eder mertligiňe

Asmandaky Aý kaka,

Ýokdur saňa taý kaka.

Adym tutmasaň tutma

Ol juda bir hökman däl

Ýylgyrmagyma ýeterlik

Şahyr balam diý, Kaka!

Şyhberdiýewa Göwher