Bilşimiz ýaly, kanagatlylyk biziň esasy milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Kanagatly bolmaklyk barada edebi mirasymyza degişli eserleriň tas ählisinde diýen ýaly ündelýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kemala getiren birnäçe beýleki gymmatlyklary bilen bir hatarda, kanagatlylyk hem möhüm orun eýeleýär.
Şeýle-de, soňky 10-20 ýylyň dowamynda günbatar ýurtlarynda “minimalism” (minimalizm – has az zat bilen kanagat etmeklik) ýörgünli durmuş ýörelgesine öwrüldi. Soň bu minimalizm ýörelgesi, günbatardan tutuş dünýä ýaýrady. Geliň, gysgaça ikisine-de ser salalyň.
Ilki bilen kanagat we kanagatlylyk sözleriniň manysyna seredeliň:
Kanagat - Özüňde bar zat bilen oňňut etmek, berlenine kaýyl bolmak, razy bolmak hem-de gowy zatlara garaşyp bilmek, sabyr etmek duýgusy.
Kanagatlylyk - Kanagatly bolmaklyk, kanagaty barlyk, sabyrlylyk.
(Çeşme: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi, ikinji tom; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty; Aşgabat ş., 2015 ý.)
Türkmen maşgalasynda önüp-ösen her bir adama, beýleki gymmatlyklar bilen bir hatarda kanagatlylyk hem ündelýär. Her gezek milli ýörelgelerimiz barada gürrüň açylanda, sabyr bilen bilelikde kanagat hem agzalýar. Köp halatlarda “sabyr-kanagat” diýlip, ugurdaş manyda hem ulanylýar.
Maňa-da, edil ählimiz ýaly, kiçiligimden bäri maşgalada sabyr, kanagat yzygiderli ündeldi. Meniň pikirimçe, kanagat durmuşda her adama gerek gymmatlyklaryň biridir. Sebäbi, ynsanyň islegleriniň çägi ýokdyr. Adamyň isleg bildirýän harytlarynyňam, hyzmatlaryňam gowydan gowysy, gymmatdan gymmady bar. Kaşaňlygyň çägi ýok. Eger-de ynsan öz-özüne erk edip bilse, bu onuň bähbidine bolýar. Kanagat ine, hut şuňa ýardam edýär.
Şeýle-de men öz tejribämdem ýene bir ýagdaýa üns berdim. Adamyň alýan girdejisiniň mukdary artdygyça, onuň durmuşdaky islegi, höwesi hem artýar. Käte oturyp ýatlaýaryn. Gullukdan gelip, ýaňy işe duran wagtlarym, sähel aýlyk bilen oňňut edipdirin.
Häzirki girdejim, şol wagtdakydan birnäçe esse ýokary. Muňa garamazdan, girýän pul, adatça sowulýar. Adamyň tebigaty şeýle. Ine, şu ýerde, kanagatyň ähmiýeti ýüze çykýar. Kanagat bilen ynsan belli bir derejede özüne çäk goýmagy başarmasa, özi kösenýär.
Şahyrdyr ýazyjylarymyzyň arasynda, kanagatlylyk barada ýazmadyk megerem ýok bolsa gerek. Ýazgyň şu ýerinde, kanagatlylyk bilen bagly käbir mysallary getirýärin.
Sabyrly [kanagatly] gul, dura-bara şat bolar. (nakyl)
Magtymguly, garyp göwnün baý edip,
Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan aý edip,
Aýyn gözlär, özge aýa seretmez.
(Magtymguly Pyragy, "Mala seretmez" goşgusy)
Haknyň bergenine edip kanagat,
Oturmyşdyk tapyp aýşy-parahat,
Söhbet üçin bina bolgan ymarat,
Galar bolduň itler ýalap, hoş indi.
(Seýitnazar Seýdi, “Lebap, hoş indi” goşgysy)
Gök çaýyň başynda gyzyşdy gürrüň,
Gürlendi panyýet, bakyýet hakda,
Gürlendi kyýasat, kanagat hakda,
Lukman, Osman hakda, Muhammet hakda.
(Kerim Gurbannepesow, “Garyp şahyr” goşgysy)
MINIMALISM (MINIMALIZM)
Köplere mälimdir. Soňky on-on bäş ýylda günbatar ýurtlarynda “minimalism” (minimalizm) diýilýän düşünje ýörgünli boldy. Soňky ýyllarda günbatar jemgyýetlerinde ýaşaýan adamlaryň barha köpüsi minimalizme eýerip başlady. Bu ýörelgäň günbatar jemgyýetleinde giňden ýaýramagynyň düýp sebäbi hökmünde şu ykdysady ýaýdaýy agzap bolar: çendenaşa sarp ediş endigi (excessive consumerism).
Bilşimiz ýaly, ilki bilen günbatar ýurtlarynda, soň bolsa globallaşmagyň netijesi bilen, tutuş dünýäde çendenaşa sarp ediş endigi (excessive consumerism) yzygiderli ündeldi. Metbugatda, teleýaýlymlarda, Internetde, sosial mediýa platformalarynda... ähli gurallaryň üsti bilen ündeldi.
Adamlara özüňi şadyýan we bagtly duýmak üçin yzygiderli pul harçlamak, harytlary we hyzmatlary satyn almak maslahat berildi. Önüm öndüriji we hyzmatlary ýerine ýetiriji kompaniýalar bolsa, mahabat (reklama) we marketingiň ähli mümkinçilikleri özleşdirlip, sarp edijileri gije-gündiz çendenaşa sarp etmeklige çagyrdylar. Häzirki günde, ösen günbatar ýurtlarynda adamlar entek eline gelmedik puly harçlaýarlar. Adamlar maddy taýdan, banklara bakna boldylar. Minimalizmiň pelsepe, ýörelge bolup döremeginde, ine şu ýokarda agzalan ýagdaýyň hem täsiri bardyr.
Minimalizm ýörelgesi oňa eýerýänlere ine şulary ündeýär: has az zat satyn almaklyk; goşlaryňy saýhallamaklyk; adam gatnaşyklaryna ähmiýet bermeklik; gündelik endikleriňi gözden geçirmeklik; bir zat satyn aljak mahalyň has parasatly hereket etmeklik.
Gysgaça, bir söz bilen aýtsak, minimalizmiň baş şygary: “less is more” (az zat - has köpdür).
Görşüňiz ýaly, minimalizmiň ündeýän zatlary, aslynda biziň kanagatlylyk diýip atlandyrýan ýörelgämizdir. Kanagatlylyk biziň medeniýetimizde eýýäm, birnäçe asyrlardan bäri çuňňur ornaşan ýörelgeleriň biridir. Minimalizm bolsa, soňky çykan moda.
Minimalizm babatda, meniň ylalaşmaýan bir düşünjämi nygtap geçeýin: kimdir biriniň “minimalizme” eýerip, muny hem daş-töweregindäkilerden özüni tapawutlandyrýan ýaly äheňde tekrarlamagydyr. Bu juda ýöntem düşünjedir. Şeýle düşünjäki adam(lar) gürrüňsiz ýazgarylmadyr. Özüm-ä sataşsam, ýazgarýan. Häzire çenli şeýle gowşak düşünjede bolan üç-dört adama sataşdym. Ilkinji dörän pursatda-da olary ýazgardym.
Şeýle-de men soňky birnäçe ýylyň dowamynda biziň käbir ildeşlerimiziň hem “minimalism” ýörelgesine eýerip başlandygny synlaýaryn. Okuw, iş ýaly maksatlar bilen günbatar ýurtlarynda ýaşaýan ildeşlerimiz, ýaşaýan jemgyýetiniň täsiri, şeýle-de (ýurdumyzda ýaşan ildeşlerimiz) sosial mediýa platformalarynyň täsiri bilen “minimalizmi” özlerine ýörelge edinip başladylar. Bu elbetde gowy ýagdaý.
Kimdir biri, “kanagatlylyk” ýa-da “minimalizm” diýsin, adynyň tapawudy ýok; esasy bu ýörelgä eýerýän bolsa, alkyşlanmaga mynasypdyr. Sebäbi, bu şol adamynyň şahs hökmünde kämilleşendigini alamatlandyrýar. Goý, siziň daş-töweregiňizi şeýle kämil şahslar gurşap alsyn.
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (9)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...