Durmuşda her hili ýagdaý bolýar. Karz pul alman-bermän ýaşamaklyk täs mümkin däl. Her niçigem bolsa, her zadyň öz çeni-çaky bar. Meň pikirimçe ýagdaý karz pul meselesinde-de hut şeýle.

Ilkinji gezek, talyp wagtym ýakyn dostumdan karzyna pul alypdym. Has takygy, karz almaga mejbur bolupdym. Işçi maşgalasynda ulaldym. Öýümizde diňe kakamyň girdejisi bardy. Ejem bolsa öý hojalykçy. Dördünji kursa geçemde, tomusky dynç alyşdan soň paýtagta poýezdli gaýdypdym. Aşgabada ýetemde sumkamdaky ähli pulumyň ogurlanandygny bilip galdym. Kakama jaň edip, gaýtadan pul soragama utandym. Şol sebäpli, ýakyn dostuma haýyş edip, ondan pul karz aldym. Okuwyň daşyndan işläp, karzymy ejem-kakama bildirmän, sözümde durup, öz wagtynda üzüpdim.

Şondan bäri görüp otursam, ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçipdir. Geçen döwürde, durmuş ýa iş zerurlygy sebäpli, tanyşlarymdan birnäçe gezek pul karz aldym. Şeýle-de, tanyş-bilişlere karz pul beren ýerlerimem boldy. Hudaýa şükür, edil bergimä köýmedi. Emma, birnäçe gezek algym köýdi. Özem, garaşmaýan adamlarymda şeýle boldy. Bu babatda men durmuşda ýeke däldigimi aňýan. (Ähtimal, sizem, şu pursatda başyňyzdan geçen meňzeş ýagdaýy ýatlansyňyz.)

Umuman, karz pul almak – uly jogapkärçilik. Kimdir birinden zerur alada üçin alnan pul, aňrujy ýagdaý bolsa, gijä galman yzyna gaýtarylsa gowy. Karz pul beren adamyň eli giňem bolsa, häli-şindi sorap durmasa-da, öz pikirim-ä, başarsaň, tizara yzyna gaýtarmaklyk.

 

MEKDEP OKUWÇYSYNYŇ TELEFONY

Häzirki döwürde durmuşy Internetsiz, telefonsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Meniňem çagalarym bar. Her biriniň elinde-de telefony bar. Dogrysy, garny doýsa, telefony elinde bolsa, başga zat bilen işi ýok. Wagtda tapsa telefonda. (Eger-de, ýagdaý özlerine bagly bolsa).

Men bu barada size şikaýat etmek maksady bilen ýazmaýaryn. Bu mesele, her bir ene-ataň, çagaň jogapkärçiligi. Dünýädäki ähli jemgyýetlerde ene-çagalaryň, çagalaryň şeýleräk meselesi bar. Bu ýagdaý biziň jemgyýetimiz üçinem şeýle. Elbetde, her ene-ata, öziçe netije çykarýar. Özüçe ykjam telefon meselesinde çäre görýär. Menem, öz durmuşymda şeýle ýagdaýy tejribe edinenim üçin, siz bilen paýlaşýaryn. Belki, meniň tejribämiň, bu hakdaky pikirimiň kimdir birine nepi deger

Edil men-ä şeýle çykalga tapdym: Çaga bir oýny ýa programmany telefonyna ýazdyryp almak (download) islände, bu barada meniň telefonyma bilidiriş gelýär. Oýnuň-programmaň mazmunyna seredýän. Eger çagaň ýaşyna, şol wagtky ruhy-aň ösüşine ýaramaz täsir etjek bolsa, ýükläp almagyna ýol bermeýärin. Peýdaly bolsa, onda rugsat beýärin. Şeýle-de, her çagaň öz gündelik çägi bar. Ýagny, her gün bir, bir ýarym sagat wagty bar. Şol wagt dolanda, telefonynyň ekrany öçýär. Ertesi güne çenli garaşmaly bolýar. Ine, şeýle çykalga meniň tejribämde diýseň peýdaly boldy. Çagalaram öz wagtyny, çägini bilensoň, şoňa görä hereket edýärler. Ilki başlarda, ýanyma gelip her gezek, wagt goşaý, şu oýna-programma rugsat beräý diýerdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen ýagdaýa düşündiler.

Döwrüň talabyna görä, ösüp barýan çagalarymyz, ýaşlarymyz, Interneti, emeli aňy, telefony, kompýuteri öwrenmeli. Olardan habarly bolmaly, kämil derejede baş çykarmagy başarmaly. Ýöne, şol bir wagtda, gereginden artyk telefona güýmense, çaganyň hem fiziologiki hem-de ruhy ösüşi üçin zyýanlydyr. Muny ählimizem bilýäris. Emma, çaga gezek bolanda, ýagdaýlar başgaça. Özelenip, dursa, köp ene-ata dözmezçilik edip, ýa-da ony başyndan sowmak üçin, adatça eline telefony (çäk goýman) beräýýär. Netijede nämeleriň bolup biljegini, meniň pikirimçe, ählimiz azda-kände bilýaris, çak edýäris.

 

"ÝÜREK ÝANYP, ÇEŞMI ÝAŞDAN AÝRYLSA..."

Bu gezekki makalamy Magtymguly Pyragyň goşgusyna döredilen “Aýrylsa” türkmen halk aýdymynyň bir bendi bilen jemleýärin.

Zynahor* sylamaz ilin-ýurduny,

Gaýra teser, görse äriň merdini,

Adam ogly diýebilmez derdini,

Ýürek ýanyp, çeşmi* ýaşdan aýrylsa.

 

*awtoryň belligi: zynahor – zyna edýän adam; çeşm – göz.

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.