SEŇEM KELLÄŇDE KONSERT GIDIP DURMY?

Hany bir aýdym bolýar-a... gije ýatyrkaň kelläňde, turaňda kelläňde, hatda dişiňi ýuwup durkaňam kelläň içinde şo-ol yzygiderli gaýtalanyp dur. Üstesine, köplenç aýdymyň hemme ýerem däl, şo bir iki jümle. Olam döwük disk ýaly, zol diliňe çolanyp durandyr, undup bilýän dälsiň.

Geçirilen barlaglara görä, adamlaryň tas hemmesi diýen ýaly bu ýagdaýy köplenç halatda başyndan geçirýär. Ýagny gysgaça, kellesiniň içinde mugt konsert bermeýän hiç kim ýok.

Ýöne, bu näme sebäpden bolýar? Mesele: beýnimizde. Beýnimiz ýarym-ýarty galan işleri halamaýar. Muňa ylymda "Zeigarnik täsiri" diýilýär. Aňymyz gutarylmadyk işleri gutarylanlara garanyňda has gowy ýadynda saklaýar we soňlandyrmak maksady bilen olary kellämizden çykarmagymyza päsgel berýär.

Indi pikirlenip gör. Şol ýadyňdan çykmaýan aýdymdan bar bilýän jümläň iki setirjik bolsa gerek? Ine, hut şu sebäpden beýnimiz ony gutarylmadyk iş hökmünde bellige alýar we ony gutartmak üçin gaýta-gaýta ýadymyza salýar. Ýöne sen her gezek şol bir setirleri ýadyňa salýanyň üçin, bu tükeniksizligiň soňy gelmeýär. Edil öz guýrugyny kowalaýan güjüjek ýaly.

Mahabatlarda diňleýän sazlaryňyzyň beýnimiziň içinde aňsat ornaşmagy tötänlik däldir. Olaryň köpüsi aňymyza gowy ýelmeşsin diýip döredilýär.

Indi bolsa, bu ýürekgysgynç ýagdaýdan nädip dynmalydygy baradaky çözgüde geleliň. Ylymda muňa garşy iki sany çözgüt görkezilýär, ikisem täsin.

1‐nji çözgüt:

Gulagymyza tersräk gelýänem bolsa, şol aýdymy doly diňlemek. Sebäbi, bu tükeniksizlik diňe aýdymy doly diňläniňde tamamlanýar. Şonda aňymyz "Indi bolaýdy öýdýän" diýýär we bu ýagdaýa nokat goýýar.

2-nji çözgüt:

Sakgyç çeýnemek. Sebäbi, aýdymy içiňden gaýtalamak — ony ýaşyrynlyk bilen içiňden aýtmakdyr. Sakgyç çeýnelende bolsa, biziň äň myşsalarymyz içimizden aýdym aýtmaga ýol bermeýär. Çünki, olar şo mahal başga işe gümra bolýarlar.

Senem bu ýagdaýy başyňdan geçirensiň. Boýnuňa alaý. (Mende kän bolýardy) Sen häzir içiňden haýsy aýdymy gaýtalaýaň?

Terjime eden: Bazar Annaýew

Çeşme: Internet sahypalary