Azat RAHMANOW
KEMALYŇ GÜJÜGI
Ýörme-da, Kemal,
Gujagňa alyp.
Gitdim-ä indi
Biraz ulalyp.
Hemra gülleri,
Basjak bolanda.
Jahany owlak,
Süsjek bolanda.
Aldym öňüni,
Şobada ýetip.
Edip haw-haw-y,
Haýbaty atyp.
Çykardym gurjak
Gaçanda salma.
Däl men-a kiçi,
Gujagyňa alma.
Gitdim ahyry
Biraz ulalyp.
Utanýan dursaň
Gujagyňa alyp.
Azat RAHMANOW

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.