Öňki mowzuklarymyň birinde gadymy Ýapon pelsepesi bolan Kintsugi (Altyn timar) barada gürrüň edipdik. Bu mowzuk hem edil şoňa ýakyn bolan pelsepe Wabi-Sabi barada bolar.
Wabi-Sabi nâme?
Bu ýapon medeniýetinden gelip çykan sungat pelsepesi bolup, kemçiligi, wagtlaýynlygy we ýönekeýligi gözellik hökmünde kabul etmegi öwretýär.
Wabi: Ýönekeýlik we sadalyk. Ol a:şa bezeglerden daşda durup, asyl manysyna üns berýär. Mysal üçin: ýasan gap-gaçlaryňyzda gyşyklyk bar bolsa goý ol şeýle galsyn. Ol şonuň bilenem öz gymmatyny tapyp biler. Esasy zat —ony siz ýasadyňyz.
Sabi: Könelik. Âhli zatlar wagtyň geçmegi bilen köneler. Käbir zatlaryň könesi has gymmatly bolýar.
Wabi-sabinyň ähmiýeti nämede?
Durmuşyň depgini tizleşdi. Adamlar has kämil we hemişelik gözellik isleýärler. Wabi-sabi bolsa beýleki ýoly görkezýär:
Kemçiligi kabul etmek: El bilen ýasalan gap-gaçdaky egrilik. Öýümizi az zatlar bilen bezemek (minimalizm) Ýüzümizdäki ýygyrtlary ýaşyrmagyň ýerine olary durmuşyň kadasy hökmünde kabul etmek.
Ähli zat ötegçidir: Hiç bir zat ebedi däl. Güller solýar, pasyllar çalyşýar, döwürler geçýär. Biz şu günki günümiziň lezzetini almaly. Her döwüriň, her ýaşyň öz owadanlygy bar.
Wabi-sabi — bu hiç zada ähmiýet bermän, biparh bolmak däl. Ol hakykata açyk göz bilen seretmekdir. Dünýäniň kemçiliklerindäki gözelligi görüp bilmek we lezzet almakdyr.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň