Bagyşla kaka men ýene saklanyp bilmedim,

Şunça gözledim ýöne hiç adalaty görmedim.

Garybyňky boldy ýalan, baýyňky mydama çyn,

Asyl köki çüýrük bolsa ýaprak nädip güllesin?

Öňkülik ýok indi, her kim özüni bildi,

Olaň garny doýsada doýanok asla gözleri.

Senden peýda bolmasa hiç kakanoklar gapyňy,

Bir manat pul diýip unutdylar dosty - ýakyny...

Hiç zadyň aýby ýok diýip ne gözel gelinler,

Äri işde wagty özgä namysyny berdiler.

Bulardan habarsyz äri ýadap gelende işden,

Mähir bermäge derek ýüzün sowup ýatdylar.

Ýekeje soragym bar muňa kimler günäli?

Haramlyga baş goşup, unudýaňyz Hudaýy.

Bir zada düşün dogan, bäş günlükdir bu pany,

Äden ädimiň synagly bakydadyr jogaby...

Ölüm ýok ýaly ýaşaýas...

Ýalançy dünýede...

Biz günäni gazanýarys —

Öz islegimiz bilen... x2

Kera — Ölüm ýok ýaly