Okamasa, adamyň dünýesi kitap bolanda näme?!
...Kakam pahyr gurluşykçy-inženerdi, ejemem öý hojalykçy.
Obada ýaşadyk (häzirem şo taýda ýaşaýan-la :-)). Dört otagly jaýda 5 oglan, 4 gyz, ejem-kakam – jemi 11 baş.
Mellegimizde gök ekinimiz, baglarymyz, ýatagymyzda sygrymyz, goýunlarymyz, towuklarymyz bardy.
Bäş ýaşymdan kolhoz işine äkidilip başladym. Owadandepede 3,5 gektar üzümçilik potratymyz bardy. Ondan başga-da kolhoz başlygy, kolhozyň ýüküni çekişmeseň, ýagny kolhoz işinde işlemeseň kolhozyň ýerinden mellek ýer bermeýärdi. Şol sebäpli bize-de sogan meýdany paý, gurçuk tutmak paýy berlerdi. Uly uýalam, agalam — hemmesi daňdan başlanyp, gün ýaşandan soň sowulýan kolhoz işindediler.
Kakam edarada işlese-de, her şenbe, ýekşenbe günleri biziň bilen meýdan işindedir.

Ejem körpelere sereder, öýüň biş-düşi, syr-süpüri, mal-gara, ekin-tikin… garaz, haçan görseň, bir-ä depesi ýere deger, birem dabany.
Kolhoz işine ýetişmek üçin köplenç mekdep okuwam, toý-tomaşa-da kör edilerdi.
Kolhoz işinden eliň sypyndygam, mellegiň, hojalygyň işi kekirdekdendir.
Gurçuk tutulýan wagtlary dagy, gije meýdandan geleniňden soňam işden dynuw ýokdur. Kakam işden gelip tut keser. Bizem işden gelip kesilen tutlary şaha-şaha laýyklap, çinäp, gijesine ejem gurçuklary iýmitlendirer ýaly amatly edip goýmalydyrys. Ejem pahyram, körpeleri her emdirende turup (gije azyndan iki gezek: 02:00-da, 05:00-da) gurçuklara taýynlanan tutdan bermelidir. Ýogsa olar ajygsa piläni saramak üçin uka gidip bilmän kösenýärler, soňam bihuda/pilesiz gyrylýarlar.
Gurçuk tutulmasa-da, gijara meýdan işinden geleniňden soňra, oglanjykdygyň sebäpli, mallaň, towuklaň ot-iými, suwy, aşagynyň dersini aýyrmak daşa ýazylan ýaly seniň boýnuňadyr.
Emma şonda-da hemmämiziň öler aşymyz kitapdy.
Kakam pahyr her aýlygynda kitap satyn alyp geler.
Biziň haýsymyzyň elimize sowalgalyk pul bersinler — hökman bir ýa-da iki kitap alnyp geläýmelidiris (Gowy zady: ol wagt kitaplar arzandy, obaň kitap dükanyndakyň gymmadynyň bahasy üç manatdan geçmezdi).
Obaň dükanyna täze kitap geldigi, hökman satyn alnaýmalydyr.
Käte dagy biri-birimizden habarsyz, dükana täze gelen kitaby kakamam işden gelýärkä satyn alar.
Ýokary okuwynyň daşyndan ýarymhakly mugallyma bolup mekdepde işleýän uýamam özbaşdak aýlyk alansoň, olam baryp alar.
Menem “biderek zada” pul bermejek bolup hernäçe janygsa-da, üzeňňisinden üç däl, ýetmiş ýedi geçip, ejemden diläp-diläp ahyrsoňy özümiňkini gögerdip, pul alaryn-da, hut şol kitaby alyp gaýdaryn.
Şeýdibem öýmüzde şol bir kitapdan üç sanysy peýda bolar.
Özem her bir kitaby biri-birimizden öňürti okajak bolup, ilk-ä kakam, soňam ejem pahyr okap bolan badyna (köplenj-ä olaryň biri okap otyrka, onuň okap bolaryna takatym ýetmän, ýanynda dyzyna eňegimi diräp, oturyp, menem bile okaýandyryn), kitabyň üsti «Artygyň harmanydyr».
Munuň ýaly «daşa-ha-daşa» bilen meşgul bolnansoňam, içerimizde, köneje garniturymyzyň tekjelerem, kakamyň iş kagyzlarydyr kitaplary, gollanmalary doly şkaflaram, ulaghanamyzdaky gurally tekjelerem, kümämizdäki içi kompotly, bally, duza basylan hyýar-pomidorly çüýşeleriň arasam, penjireleriň erňeklerem kitapdan dolar durardy.
Niräni görseň kitapdyr.
Özem tapawudy ýokdur: rus dilindemi, türkmen dilindemi, kyssamy, şygyrmy, tankydy kitaplarmy… tapan zadymyzy, elimize ilen zady okardyk.
...Iň soňunda şol kitaplaryň hemmesine diýen ýaly men eýe çykyp, göçenimde alyp gaýtdym. Häzirem bir otagymdaky tekjeler doly kitap.
Ýöne, haýp.
Okaýan ýok.
Çagalar-a näme?
Eltelefon, kompýuter, telewizor, internet bolsa bolany.
Şondan başga hörek gerekmeze dönýärler.
Kiçijikkäler, ýaňy okamany-ýazmany öwrenenlerinde, çaklaňja ertekileridir hekaýajyklary mejbur edip okatjak bolup, işden näçe ýadap gelenem bolsam özüme zor salyp, agşamlaryna çagalarymy iş edinerdim.
Onda-da, menden çekinip okaýandyklaryna, höwesleriniň bolsa noldanam beter nokatdygyna anyk göz ýetirdim.
Nädip?
Heh.
Olaryň öňünde şert goýdum.
Ulusy şol wagt on ýaşyndady, kiçisem ýedi.
Onsoň ulus-a günde men işden gelýänçäm “Görogly” eposynyň bir şahasynyň ýarysyny okap, agşam naharyndan soň maňa gündizki okanyny öz sözi bilen gürrüň bermelidi.
Kiçisem edil şonuň ýaly bir çaklaňja ertekini okap, ony aýdyp bermelidi.
Heh.
Ojagazlaryma ýaman kyn düşýänini, meniň bu “emrimiň” olar üçin hut gazaply temmi derejesindäki ýükdügini günde agşam olaryň okanlaryny sakyna-sakyna gürrüň berjek bolup çygnyşlaryndan görýärdim.
Ýöne dözmesem-de, ruslaryň: “işdä nahara başlanyňdan soň açylýar” diýen aýtgysyny ýadyma salyp, ogullarymam bir gün bolmasa bir gün, ahyry meniň özümiň bolşum ýaly kitabyň gyzykly dünýäsine boýyn çümüp başlarlar-da, soň olary kitap okamakdan käýýäbem aýryp bolmaz diýip umyt edýärdim.
Emma paşmady.
Şu düzgünde birki aý geçse-de, ogullarymda kitaba höwes döremedi. Olaryň okamakda, okanlarynam maňa gürrüň bermekde birneme kämilleşýändiginiň bildirýändigine garamazdan, henizem kitap okamak pişesiniň olar üçin ezýetdigi ýüzjagazlaryndan bildirip durdy.
Bir günem gyş aýlary, garaňkyda işden geldim welin, öýüň penjirelerinden ýagty içeri görnüp dur. Ogullarym ala-başagaý bolşup, basalaşyp oýnap ýörler. Birdenem olaryň kiçisi äpişgeden meniň sudurymy gördi-de: “Kakam gelipdir!” diýip, “etek alty ýeň ýedi” tasap, meniň kitap şkaflary düzüm-düzüm iş otagyma eňdi.
Agasam gözi ýok ýaly onuň yzyndan okduryldy. Ikisi iki ýerden yzlaryndan ýagy kowalaýana dönüp, hasyrdaşyp, meniň olara düýn agşam okamagy tabşyran kitaplarymy garbap aldylar-da, çüňke busurylyp, ýapyrylyp, gara çynlary bilen kitap okaýandan boldular.
Muny görüp biygtyýar inim tikenekläp gitdi.
Bada-badam kakam pahyr işden gelende, körpe gyz jigim, oglan jigim, men, üç bolup, begenişip, ylgaşyp onuň öňünden çykyşymyz, onuň ulagyny ulaghana girizip, gapyny açaryna howlugyp, heýjanelek elewreýşimiz, bökjekleýşimiz göz öňüme geldi.
Kakam pahyryň her gün işden gelmegi, biziň üçin gutulgysyz gorky pursadam däldi, gündizki gaýryp-goparan hokgalaryňa jogap berilýän boýnaşak dikdurmalyk müddetem.
Tersine, jinnekçe-de çirksiz, şübhesiz, şertsiz, tükeniksiz tämiz baýramçylykdy.
Ol ulagyndan düşüp-düşmänkä-de:
-Kaka! “Kyrk sekize”!-diýip, üçümiz üç ýerden sesimi zaňňyrdadyp gygyryşardyk.
Özem eger-walla, iň bolmanda birimizde, hatda olaryň iň ulusy bolan mende-de, “işden ýadaw dolanan bendä biziň şaňňy sesimiz ýaramaz-ow, ol bize bu biedepligimiz üçin erbet gatyrganar-ow, käýiner-ow” diýen dynnymça-da bolsa gypynç bolsun-da.
Kakam bolsa biziň gohumyza iň bärkisi gaşyny çytmakdan geçen, gaýta geler-de, her haýsymyzyň süýrdepämizden bir ysgar, soňam gülümsiräp, “müňüň bakaly” diýen yşaratda kellesini köneje “žigulimize” garşy silker.
Biziň: “Kyrk sekiz” diýýänimiz, Büzmeýin şäheriniň uly demir ýol bekediniň öňündäki kyrk sekizinji demirýolaýyrdynda gurlan köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndan hem mellek ýerli hojalyklardan ybarat, garym-gatym ýaşaýyş toplumydy. Şol ýaşaýyş toplumynda-da siroply gazirowka bilen plombir buzgaýmagy satylýan aýna penjireli, atam döwri daşy boýalan ýaşyl reňki gopuk-gopuk, agaç budka bardy.
Özi ýetim ösen kakam pahyr, bizi günde işden gelen badyna öýe-de girmän, ulagyna mündürip, şol ýere äkiderdi. Buzgaýmakdyr siroply gazirowkadan alyp bererdi. Uly maşgalada biziň üçümiziň hemme zatdan paýymyz goşady. “Kyrk sekiz” diýilýän, şol hezillik mekanda-ha buzgaýmakdyr gazly süýji suwdan bir doýardyk. Soňam kakamyň ýany bilen alan üç litrlik çüýşelerin-ä morsdan ýa kwasdan ýa-da siroply gazirowkadan, uly hamyr jamynam buzgaýmakdan dolduryp, olary öýe getirenimizden soňra, aga-uýalarymyzdyr ejem-kakam bilen daşyna üýşülen ortadaky süýjülik saçakdanam ýene bir ýola ýetdik paýymyz berlerdi.
Bizi günde äkitmäge ýadamazdam, ýaltanmazdam, pahyr.
Indi-indi düşünýän, ol pahyr üçin iň uly eşret, iň uly dynç, şol, biziň şatlygymyz içre ýaýnap, biziň bolşumyzdan ganyp bilmän, bize aňalyp, gohumyza meýmiräp, yzymyza düşüp ýörmek ekeni...
...Şonda ogullarymyň meni görüp, basga düşüşleri bagryma ok bolup sanjyldy. Ýeke demde hyýalymy ýagtyldan kakam pahyryň özümizi ezizleýşi hakyndaky ýatlamalar bilen bir wagtda diýen ýalam, öz-özüme gyjalatly pikir beýnimden zymdyrylyp geçdi: “Ine şeýle agaýana durmuşda ýaşadylan men bolsa, öz çagalarym üçin öz dogduk öýleriniň-ä iň mähriban, iň rahat, iň penakär gala bolmaklaryny, özümdir ejeleriniň ýanynyňam olara iň islegli, iň küýsegli goraghana bolmagyny üpjün etmäge çytraşyp, ugrum bolsun, bolmasyn, hödürlenen işden boýun gaçyrman, gazanç etjek bolup, jaý gurjak bolup, bergi edip, ony üzjek bolup gijämi gündiz edip çarp urup ýörşüme, gör, bujagazlarymy nä güne salypdyryn ahyry?! “Kitap, kitap” diýip, olardan özümi, öz çagalygymy ýasajak bolup, men kemakyl, öz badyhowa akmaklygym zerarly bujagazlaryma asyl sütem edip ýören ekenim-ä! Gör-ä muny! Mundan bäş-alty aý ozalam işden gelenimde: “Oh-how! Kakam gelipdir! Näme getirdiň, kaka?!” diýip ylgaşyp, begenişip öňümden çykyp ýören ogullarym, indi meni görenlerinde zähresi ýarylýar. Ezraýyly görene dönýärler-de, meni garşy almak üçin işige topulman, menden eýmenjine kitap alyp çüňke dykylýarlar-a! Okalman geçsin kitap, şeýdip zulum edilip okadylmaly bolsa! Täterimiň teýine gitsin, hemme zat! Özüne ýeke-täk iň rahat, iň mähriban mekan bolmaly dogduk öýünde meni özüne iň penakär saýmaly çagalarym meni gören dessine çüňke busurylyp ýaşajak bolsa! Gara şaýy dälmi, hemmesiniň bahasy, eger-de men, özümi kakamdyr-ejemiň ýaşadyşy ýaly özümden önen bujagazlarymy agaýana ýaşadyp bilmejek bolsam!”.
Şonda öýe girdim-de, maňa howatyrly garanjaklaşyp üşerilişýän çagalarymyň her haýsynyň süýrdepesinden ysgap, diýdim:
-Kürräm! Topbujam! Taşlaň hany, ikiňizem bi eliňizdäkini! Ýörüň, dükana gidip geleliň! Näme alnasyňyz gelse alnyň!
Olaryň begenäýişlerini görmäge göz gerek...
Daşary sowuk. Gyşyň mährewsiz ýagşam pessaý çisňeýär.
Garaňky köçeden haýaljak ädimläp barýarys.

Ogullarymyň ikisem şu “kitaply gürrüň” başlamanka boluşlary ýaly, meniň daşymda, bir eýläme geçip, bir beýläme geçip, pyr-pyr pyrlanýarlar. Biri-birine gezek bermän joşup-joşup, gyssanmaçlykdan ýaňa sözleri çeýnäp, günüň dowamynda öz kiçijik dünýäjiklerinde bolup geçen juda wajyp nämedir bir zatlar barada maňa gürrüň bermäge howlugýarlar.
Men bolsa olaryň, hasam kiçisiniň käte üzlem-saplam, käte peltekläp, käte ýarym aýdyp gürleýşi üçin hemişekim ýaly: “Oglum, düzüwje gürläň, sözleri doly aýdyň! Ýogsa ulalaňsoňyz “ňoň-ňoň” bolup galarsyňyz-da, adamlar gürleýşiňize güler ýörerler!” diýip, olara belligem edemok.
Diňe olary ünsli diňleýän.
Ýöne sözlerini däl-de, gursajyklarynda gürs-gürs urýan kindiwanja ýürejiklerini.
“Hä-hawa” bermäge bolsa ýagdaýym ýok...
...Sebäbi hamana, bu üçümiziň gapdalymyz bilen obamyzyň öl-myžžyk garaňky köçesinden kakam pahyram dähedem-dessemläp barýan ýaly. Özem maňa ýazgaryjam äňedenok, gatyrganmasyny ýa kinaýasynam bildirenok.
Ýöne onda-da...
...Onuň diňe, ine şeýdip, kelam agyz geplemän, asla aýatda görmedik agtyjaklaryny gaýypdan guwançly synlap barşynyň özem maňa ýeterlik...
...Şondan soňam çagalaryma: «okaň» diýip azar bermegimi düýbünden bes etdim. Dükandan dolananymyzdan soň: “Okasyňyz gelse eliňize alyň, bolmasa asla gerek däl” diýip, başlaryny sypadym.
Ejelerem: “Bulary aýnadýaň. Bulardan gara çynyň bilen asla hiç zat talap edeňok. Kim bolup ýetişerler?” diýip igenjek bolýar.
Oňa-da hüňürdeýän: “Aýnatjag-ow! Aýnatdylar dälmi? Menem aýnatjak. Gözümiň üstündä-hä däl, ýüregimiň ýa-da bagrymyň üstünde-de däl, tutuş iç-goşumyň üstünde, ykbalymyň üstünde orunlary. Agnasynlar şo taýda. Nähili adam boljakdyklary bolsa, bizi adam eden Keremli Allam, bularam gözden salmajakdygyna müň ýa-da milýon-a däl, tükeniksiz esse ynanýan...”.
Gurbannazar diýýärmidi:
“Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,
Goý öçmesin! Sen ölçerme oduny.
Şonsuzam aýaklaryň ätjek ädimin äder,
Görer göreçleriň görjek zadyny”...
Şu mahal ogullarym hatda öz ýazan zatlarymam okamaýarlar.
Körpes-ä oýun oýnanyny ýa-da telewizorda multfilm, kino görenini gowy görýär. Iki ulusyna-da IMO-daky jilkildeşýänleri, TikTok-daky ýuwandan-ýuwan, suwjukdan-suwjuk kelç-külçlikleri hemme zatdan ýeg.
Döwür-dä.
© S.Ataýew. Ejem. Ýatlamalar, hekaýalar ýygyndysy. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...