Heý, siz kofeçil gyz bilen tanşyp gördüňizmi? Belki, ol kofehana kofe içmäge barýan ýa-da joralary bilenem türk kofesini gaýnadyp içýän däldir. Ol säher bilen oýanyp, Güneşe salam berýändir. Güllerine ýylgyrýandyr. Totuguşy bilen gürleşýändir. Gursagyny säher howasy bilen doldurýandyr. Bu gün sag-aman öreni üçin şükür edýändir. Düýn täze alan kitabynyň sahypalaryny agdarýan mahaly bolsa, bugy otagyna ýaýran kofesinden owurtlaýandyr. Ysy daş-töwerege ýaýran kofäniň her ýuwdumy ony arzuwlaryna tarap bir menzil ýakynlaşdyrýandyr.
Ol ýylgyrýandyr. Näme üçindigi belli däl. Belki, ýylgyrmak üçin dag ýaly sebäbem gerek däldir durmuşda. Ýa-da gözel gyz bu hakykata bireýýäm akyl ýetirendir. Ony sosial torlarda goňşy gyzlaryň geçen hepdedäki düşen suratlary ýa meşhur aýdymlar... asla gyzyklandyrýan däldir. Ony häzir ýekeje zat — şu mahalky bagtyýar haly gyzyklandyrýar. Şu gyza, heý, bir ýerde gabat gelip gördüňizmi? Gabat gelersiňiz bir gün. Şonda oňa kofesini mazaly içmäge päsgel bermäň. Ony özi bilen galdyryň! Ümsümligini bozmaweriň! Sebäbi ol ümsümligiň nähili çuň we giň zatdygyna gowy düşünýär.
Eýýäm ol kofesini ýarpylandyr. Kitabyň her sahypasyndan iň zerur jümläni gözleýänine welin, göz ýetirmek kyn düşmez. Eger ol sözi tapmasa, ony özi ýazyp goýberjegine şübhelenýäňizmi? Kofeçil gyzlar döretmegi gowy görýärler ahyry. Häzir onuň stolunda mele daşly ýandepderçesem bardyr. Ol aram-aram halan jümlelerini, goşgularyny oňa göçürýändir. Üýtgeşik bir roman ýazmaga başlan bolsa-da, kim bilýär... Onuň kofeli dünýesine başga ullakan dünýelerem ýerleşip bilmezmi, eýse?!
Siz ol gyzy hökman bir ýerde görensiňiz. Ýok, ol gyz ýoň bolan köýnekleri geýmeýär, äýnekleri dakynmaýar. Täze çykan torbalaram onuň nazaryny egläp barmaýar. Ýöne ol ýoldan ýörände sypaýy, ýeriň gaýmagyny bozman ýöreýär. «Gaýmaklar» bilen seresap bolmalydygyny kofesinden öwrenen bolmagy hem ahmal. Howluganyň bilen galany alyp bolmaýandygyny bir ýerlerden okandyr, meger. Ol ýöräp barýarka tebigatyň gözelligini, täze açylan dükanlary, öňünden çykýan tanşu-nätanyş adamlary synlamagam ýatdan çykarmaz. Tanyş-bilişler bilen durup hal-ahwal soraşsa, käbirlerine baş atar.
Belki, siz ol gyz bilen durmuş hakda söhbet edersiňiz. Ýa bolmasa, ol gyz size öz kebelekli, gülälekli, iň esasam, kofeli dünýäsi hakda gürrüň berer. Siz oňa sähelçe maý berseňiz, gözellik hakda ähli düşünjelerini bir demde aýdyp berer. Sebäbi onuň üçin ýaşaýyş şu pursatdyr. Ol bütin durky-düýrmegi bilen ajaýyp barlygyň suratyny çekýärkä, oňa ynanyň. Halys ýüreginden çykýan sözlerini doly kabul ediň. Ol hemmelere beýdip ýüregini açyp bilmez. Ol diýseň ynjykdyr, näzikdir. Siz oňa özi bolmaga rugsat beriň. Sözlerine «hä» diýiň. Has gowusy, oňa gül sowgat beriň. Ol siziňem, gülüňem gadyryny bilýän gyzdyr. Gorkmaň onuň duýgularyndan. Sebäbi ol duýgusy bilen ýaşaýar. Ynanaýyň, ol ýalan sözläp bilmeýär.
Siz oňa kimdir birine aşykdygyňyz hakda aýdanyňyzda-da geň görmez muny. Sebäbi onuň özem aýdym-saza, güllere aşykdyr. Bir görseň-ä, bag bilen sözleşip oturandyr, bir görseňem, ýer bilen gürleşip oturandyr. Birdenem asmanda uçup ýörendir. Oňa logika bilen düşünip bilmersiň. Akyl ýetirjek bolsaň, akylyňdan azaşarsyň. Başarsaňyz, ony söýüň hemem onuň söýgüsinden gorkmaň.
Kofeçil gyz haýsydyr bir saz guraly eline alyp, täze heň döretmäge-de ökdedir. Onuň owazy seni jadylar. Guşlaryň sesinem heňe salandyr häli görseň. Ýa-da gülleriň keşbini nagşa salyp oturandyr. Garaz, oňa adaty göz bilen däl-de, gözleriňe gülgüne äýnek dakyp seretseň, çalarak düşünmegiň ahmal. Daş-töweregindäkilerem onuň bu ýaşaýşy bilen ylalaşdylar. Isleseňiz, siz ylalaşmanam bilersiňiz.
Ol öýlänlerine täze demlän kofesini eline alyp ýa penjiräniň öňündedir, ýa-da daşaryk çykyp oturandyr. Asmanda ýüzüp ýören ak bulutlara sereder. Gursagyny dolduryp dem alar. Ýaşaýşa teşne gözleri bilen ýylgyrar. Onuň ýylgyryşyndan üýtgeşik many gözlemäň ýa gözläň, ýöne ol gyzy söýüň hemem ony kofesinden gabanmaň. Ol diňe kofäni söýýän däldir, onuň söýýäni bütin dünýädir.
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň