Şäherde täze kofe dükany açylypdy. Her gezek deňinden geçenimde dükana seredip, uludan demimi alýardym. "Men haçan gelerkäm bu dükana? Gelsem pulum ýetermikä? Içinde diňe kofe satylýarmyka ýa çaý-paýam barmyka?" diýip oýlanýardym. Beýle pikir etmegimiň sebäbi hem dükan lýuks bolup görünýärdi. "Baýlar gelýändir bärik, meni içerik almazlar, jübiňde çigit alar ýaly pul ýok" diýip pikir edýärdim. Ýöne her gezek deňinden geçemde, içimden: "Bir günä hökman şu taýdan kofe içerin, gerek bolsa kakamyň jübisinden pul ogurlaryn welin, gelerin", — diýip gamlanýardym, gözüme ýaş aýlanyp, alyslara seredýärdim, ýöräp barýarkam büdreýärdim.

Günüň birinde, bir sebäp bilen tötänleýin "Visa" karta eýe boldum. Kakam näçe: "Ulanma dereksiz, saňa geregem bolasy ýok welin, aldyk-da", — diýse-de, ulanmakçydym. Şol diýýän kofe dükanyma gitmek üçin pursat döräpdi. Ýanymda az-owlak pul bolsa-da, "Visa" karty alyp, dükana gitmekçi boldym. Meniňem "Visa" kartym bardy, menem indi baýlar ýalydym. Indi arkaýyn şol dükana gitsegem boljakdy. Bahalary gymmat bolup pulum ýetmeýän ýagdaýynda, arkamda dag ýaly bolup "Visa" kart durýardy.

Eşiklerimi geýdim, gulagyma-da "iPhone"-yň nauşniklerine meňzeş fason, arzanjak ak nauşnik dakdym. Eger düşünişmezlik bolaýsa ýa kofýanyň adyny okap bilmän masgara bolsam, "nauşnikden eşidip bilmedim" diýip wagt utar ýaly. Taksa münüp, dükanyň göni öňünde düşdüm. "Visa" kartymam ýitiräýmäýin diýip, elimde saklaýan.

Dükana girdim. Girsem, dogrudanam lýuks ýer ekeni. Gyz ofisiant güler ýüz bilen garşylady. Menem elimde pakedim, gulagymda arzan nauşnigim, hamana Türkmenistanyň iň uly baýlary ýaly, leňňeç ýaly gollarymy açyp ýöräp, hondan bärisi bolup oturdym. Bular ýaly ýerlere köp gelip gidýän ýaly hereket edýärdim. Oturmankam barmagym bilen stoly çyzyp, stol arassamy ýa dälmi barlan boldym.

Gyz ýanyma gelip menýuny berdi, stolyň başynda meniň zakazyma garaşýardy. Men menýu seretsemem düşüner ýaly däldim. Bäş ýaşly çaganyň roman kitabyna seredişi ýaly, kofeleriň atlaryna seredişdirýärdim. Hijisem öň eşiden atlarym däldi, birinji gezek gelýärdim, nädip bileýin? Elim bilen "şundan ber" diýjek boldym, soňam ofisiantka maňa "bilenok" diýmesin diýip, kofýanyň adyny tutup zakaz bereýin diýdim. Indi menýuda adyny iň aňsat okap biläýjek kofýami gözleýärdim. Gyz henizem garaşýardy. Gözüme atlaryny aňsat okap biläýjek iki sany kofe kaklyşdy: "Frappuccino" we "Japanese syphon". Şu ikisiniň birini diýmekçidim. Ýöne bularyňam atlaryny düzüw okap biljegim belli däldi. Soňunda, näme bolsa bolsun diýip, gözümi ýumup: "Ýaponski sipýan...", — diýip, çalt-çaltdan bir zatlar samradym, özümem düşünmedim.

Gyz düşünmän aňk-taň boldy. Ýüzüme seredip, gülmejek bolup zordan saklanýardy. Masgara boldym. Bäş sekunt maňa seretdi, ýöne maňa bäş sagat sereden ýaly boldy. Bir zat edip bu ýagdaýdan baş alyp çykmagym we ünsi başga tarapa sowmalydym.

— Japanese syphon içmekçimisiňiz? Örän gowy, — diýdi.

Iki hepdeläp sakalymy syrmandygym üçin türkmene meňzeýän ýerim ýokdy. Onuň aýdanlaryna düşünmediksirän bolup:

— Sorry? — diýdim. Soňam: — Yes, yes, Japan, Japan, — diýdim.

Gulagymdaky fason nauşnigi görkezip, "Aý, eşidemoga" diýýän ýaly elimi galgatdym. Gyz maňa daşary ýurtlymyka diýdi öýdýän. Geň galyp:

— Where are you from? What is your name? — diýip sorady.

Bu zatlaram çalaja bilýärdim, olaram okuwda öwrenen zatlarym. "I am from Spain. My name is Antonio" diýmekçidim. Ýöne iňlisçe "Spain" sözüni düzüw aýdyp bilmerin öýdüp, diňe:

— My name is Antonio, — diýdim.

Gyz "Okey" diýip gitdi. Howwa, eýýäm men bir spaniýalydym, adym bolsa Antoniody. Hawi Hernandes, Raul Albiol, Iker Kasilias dagy meniň zemlýaklarymdy. Näme üçin beýle diýenime özümem bilemok. Ondan bir gün öň "Desperado" kinosyny gören bolmagymam ahmal.

Kofe geldi, iki owurt aldym. Dükanyň işgärleri bolsa maňa seredişip, bildirmänjik gülýärdiler. "Bildiler öýdýän Antonio däldigimi, gaty masgara bolmankam gideýin" diýip, kofem gutarmanka hasaby bermekçi boldym. Gyza seredip, elimi galdyryp, howada hat ýazýan ýaly edip hasaby soradym. 7 manatlyjak hasaby "Visa" bilen bermekçidim. Gyza kartymy berdim. "Visa" kartyň üstünde bolsa adym we familiýam ýazylgydy, Antonio däldi, "McM McMow..." ýazylgydy.

Aljyrap gulagymdaky nauşnigi çykardym. Nauşnikden Nurmuhammet Meredowyň "Men garyyp, biçäreee..." aýdymy ýaňlanýardy. Dogrudanam, hem garyp, hem biçäredim. Haýdap ýerimden turdum, kartymy alyp, gapa tarap ýöredim. Dükandan çykyp barýarkam, köwşüme kofe dökülendigini gördim. Süpürmesem, tegmil bolup galaýmagy hem mümkindi. Hemme zady ýatdan çykaryp, aladalanyp, aksentsiz, arassa türkmençe bilen:

— Salfetkaňyz barmy? — diýdim.

Antonio 30 sekuntda türkmençe gürlemegi öwrenipdi! İşgärleriň biri gülmesini zordan saklap:

— Ýanyňyzdaky stoldan alyp bilersiňiz, — diýdi.

Şeýdibem dükandan çykdym. Utanjyma öýe nädip gelenimi bilmän galdym. Ýerganat ýaly, lýustradan dik başaşak aslyşyp, öz-özüme jeza berdim.

Awtory: McM