Annasoltan KEKILOWA
Garaňkylyk sowulyp gitdi bireýýäm,
Parlak Gün lowurdap şöhlesin saçdy.
Kanalmyzyň köprüsiniň üstünden,
Kombinezonly türkmen oglany geçdi.
Güldürip owadan goýun gözlerin,
Daş köprüden bäri bakan pillesi.
Ol gözler şeýle bir jadylap meni,
Dikildi ýüregme yşkyň güllesi.
Töwerege aralaşyp ümsümlik,
Bulutlar seýil etdi mawy asmanda.
Ýüregmi ýesir edip ýüregne,
Özüm gitdim, ýürek galdy şol ýanda.
Annasoltan KEKILOWA

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň