“...Ony tanaýanlaram pyşyrdaşdylar:

– Aý, bir ykmandadyr ýa-da bir ogry!”

#N. Rubsow.

~~~~~~~~~~~

Başda-ha ol dünýä ýalňyz doglupdy.

Soň il üçin ýalňyz özi ýüwürdi.

Gije ýatman, daň atarna howlukdy –

Kime dogan, kime boldy ýüwürji.

Çalşyrmaga wagt tapmady eşigin.

Il agysyn kalba urup aglady,

Dikgirdetjek bolup başgaň eşegin,

Öz ulagnyň haýallanyn aňmady.

Bilmedi ol ownuk öýke-kinäni –

Kimiň ýükün,

kimiň derdin göterdi.

“Wah, bar kişi bolan bolsa seň ýaly!!.” –

Daş-töwerek öwgüsini ýetirdi.

Ömrün pul deý il derdine sarp edip,

Garrady ol – tapdan düşdi teý ahyr.

Ile serpaý etdi barja sarpasyn –

Boş dulunda galdy diňe öz ahy...

Çykmansoň ol bu älemden tamasy,

Dünýä sygman, akylyndan azaşdy –

Ne hossary,

Ne dost-ýary tanady,

Ýakyn-ýady ondan arany açdy...

...Indi oňa känbir ünsem berýän ýok –

-Aýlanyp ýör ýyrtyk juluň içinde.

“– Aý, bir betbagt dälidir-dä!” – diýýärler,

Ygyp-tozup gapdalyndan geçen-de...

* * *

Owadan duýgulam gitdiler sämäp,

Owadan günleriň gerşine münüp.

Deregne köpeldi gykylyk-dawa,

Melekleň çyrasy seň üçin sönük.

Aýlanyp ýörensiň

ysgyndan gaçyp,

Dilleri sallanan köwşüňi süýräp.

Känbir soraýan ýok: “Ahwallar niçik!

Neneňsi ýaşaýaň.

Uguryň niräk?!”

Senem o zatlary göwnüňe alman,

Şol gezip ýörensiň egniňi gysyp.

Boýnuňy meňzedip sapagna almaň,

Ýörensiň durmuşyň yzynda busup.

Käte gezen şa günleriň ýatlarsyň,

Şeýdip öz-özüňe göwünlik biýrsiň.

Haraý gözlemersiň ýakyn-ýatlardan

“Gözläñde nä,

kim seň gözýaşyň sylsyn?!).

Şo-ol gezer ýörersiň çekip sümügiň,

Gözüň düşse kölegäňden tisginip.

Seň ýeriňe başga götär temegin,

Geçer senden ýazlar gülün gysganyp...

Owadan günlerim gitdiler sämäp

Deregne köpeldi gykylyk-dawa.

* * *

Bagt, söýgi, gam-gussa, şat gülküler,

Öter gider,

egläp,

bezäp ömrüňi. –

Ýaşlyk, söýgi, ýanar,

öçer gül kibi

Müdimilik gözlegiňe öwrülip.

Ýürek yza sary bakar diliner,

Karar tapmak üçin öten ýazlardan.

Köne duýgularyn gözlär, elener

Ýaryň pyşyrdysy ýiten baglarda.

Gygyrasyň geler sesiň ýetdigne

Tanyş ýodalara bakyp intizar:

“Daraýy köýnegiň geýip egniňe,

Juwanlykda dolanmazmyň indi, ýar!”

Ýaşlyk, söýgi, ýanar, öçer gül kibi

Ahwalyňa,

ykbalyňa öwrülip. –

Ne bagt, ne hasrat, ne şat gülküler

Ýalňyz başy saklap durmaz ömürlik...

* * *

Şo gadymy guşlar,

Gadymy guşlar,

Gadym aýdym bolup gaýar asmanda.

Kä edip baglaryň köňlünde düşleg,

Öwrülýär olaryň köne ahwalna.

Zaryn iňňildeýän gamyşlyklaryň,

Gamgyn duýgularyn çala pitiklap.

Şo gadymy perler,

tanyş guşlarym

barlyga pasyrdap maýyl edip ýör.

Şo gadymy sesler,

Gadym owazlar.

Entek kalbyň hyjuwlaryn ýelpeýär.

Eger şol seslere yşkym sowasa,

Ýaşaýyşa çuň höwesim telperer.

Şo gadymy guşlar,

müdimi guşlar

Asmanda geçmişi saklap otyrlar.

Gadym baharlaryň gelenin buşlap,

Üstünde köp gyşy saklap otyrlar.

Ýok, olar gadymy,

gadym guşlar däl,

Gadym ganatlaryň endigi olar.

Çünki guşlaň ömrem gysga yşklar deý,

Gyzan bazarlar deý,

toýlar deý sowlar...

Şo gadymy guşlar gadym asmanyň

Ahwaly deý şalyk sürýär ýadynda.

Diýýändir guşlaram ýokardan synlap:

“Şo gadymy adamlar,

Gadym adamlar...”

✍🏻D.Annamyradow.