Hukuk dilinde kesgitleme berseň: köp aýallylyk – bu iki aýal ýa-da birnäçe aýal bilen bile ýaşap, umumy hojalygy bilelikde ýöretmekdir.
Islendik durmuşy ýagdaý ýaly, köp aýallylygyň hem, erkekleriň (käbiriniň) nukdaýnazaryndan gowy taraplary, galan adamlaryň (zenanlaryň) nukdaýnazaryndanam erbet taraplary bar.
Ilki bu durmuşy ýagdaýyň erbet taraplaryny seljereliň. Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1. Köp aýallylyk üçin, ýagny bir wagtyň özünde iki we ondan-da köp aýal bilen bile ýaşap, umumy hojalygy bilelikde ýöredene, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 163-nji maddasyna laýyklykda, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär. Şeýle-de, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde bu ýagdaý oňlanmaýar;
2. Maşgalabaşynyň gazanýan girdejilerini öň diňe bir öý üçin sarp edýän bolsa, soň iki öýe sarp etmäge mejbur bolýar. Bu ýagdaý girdejileriň ýetmezçiligini ýüze çykaryp bilýär;
3. Çagalaryň enebaşga bolmagy, olaryň birek-birek bilen dogan hökmünde gatnaşmaklaryna päsgelçilik döredýändigine durmuşda ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Şonuň ýaly ýagdaýlarda çagalar özaralaryndaky sowuklygy kakalaryna-da geçirýärler;
4. Aýallaryň arasyndaky oňşuksyzlyk erkek kişiniň ine-gana ýaşamagyna düýpli päsgelçilik döredip biler;
5. Erkek kişiniň är-aýallyk borçlaryny berjaý etmek barada bildirilýän talaplary ödemezligi mümkin (has-da öňem bu ugurdan beýlebir belent sepgitlere ýetip bilmeýän ýagdaýy bolan halatynda);
6. Aýallaryň erkek kişini biri-birinden gabanyp we her biriniň onuň günüsine has köp üns berýändigini güman edip, oňa gaharlanyp, onuň başyna juma bazarynyň bir çetinden giren ala ýabylynyň gününi salmaklary mümkin (has-da, öň öňki aýalynyň we soňkusynyň bu ugurdan belent sepgitlere ýetmek derejesine baryp ýeten üstünlikleri bar bolsa);
7. Iki aýalynyň hem garyndaşlary bilen gatnaşmak meselesi ýüze çykanda erkek kişiniň öňem kyn ýagdaýynyň has-da kynalmagy mümkin. Çünki onuň ýaranmaly adamlarynyň sany düýpli derejede artmagy ähtimal;
8. Ulagy has çalt dagar. Sebäbi öň diňe bir hatyna hyzmat etmek üçin azyndan iki-üç ýyla ýaraýan ulag, iki hatyna hyzmat etmeli boljakdygy sebäpli onuň ulanyş möhleti iki esse azalar;
9. Dürli oňaýsyzlyklaryň hem-de howsalaly ýagdaýlaryň iki esse artmagy zerarly erkek kişiniň saglyk ýagdaýyna düýpli zarba urlar we onuň saçynyň düşmegi hem-de dişleriniň dökülmegi tizleşer. Maşgala durmuşynda ýaşalan iş stažy bolsa zähmet şertleri agyr şertlerde, ýagny şahtada işleýänleriň, uçarmanlaryň, suwasty gämilerde ýüzýänleriň, kosmosa uçýanlaryň iş stažlary ýaly gysgaldylan möhletde hasaplanyp, 15 ýylda tamamlanmaýar. Şol sebäpli-de iki hatynyň äriniň gysga wagtda pensiýa çykmak hem-de „söwer“ ýarlarynyň ikisindenem bir wagtyň özünde dynmak umydynyň başa barmazlygy ähtimal;
10. Maşgala dawalarynyň netijesinde ýetirilen şikesler äri üçin önümçilikdäki betbagtçylyk hadysasynyň netijesinde şikes almak diýlip hasap edilmeýär we onuň üçin hiç hili kömek we hemaýat pullary tölenilmeýär. Maýyplyk ýeňilleşdirilen däl-de umumy tertipde resmileşdirilýär;
11. Wagtyň geçmegi bilen erkek kişi-de hemişe naharyňy özüň gyzdyrynyp iýmek, köplenç bolsa sowuk nahar iýmek ýa-da işden ýadap geleniňden soň aç garnyňa ýatmak berhizi ýaly, iki aýalanyňam agzybirlikdäki pikirlerine görä, jan saglygy üçin peýdaly bolan endikler emele gelýär;
12. Bary-ýogy bir ýylyň dowamynda erkek kişide, günüň islendik wagtynda we islendik ýerde, işde bolsun, ýolda bolsun, öýde bolsun, hindi keşişleri (ýoglary) ýa-da musulman sopulary ýaly çuňňur pikire çümüp, zikre girip, nirwananyň gözlegine çykmak ýaly täsin ukyplar emele gelýär. Maglumat üçin siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Hindi keşişleri we musulman sopulary çuňňur zikir etmek ukybyny ele almak üçin azyndan 12 ýylyň dowamynda özlerini jahanyň ähli eşretinden mahrum edip, „Hüw-hak“ diýip Hakyň yşgynda hem gözleginde, paýu-pyýada çölleri, daglary söküpdirler. Köp aýallylyk ýagdaýynda bolsa, edil şonuň ýaly netijäni iki sany hatyn bary-ýogy bir ýylyň içinde üpjün edip berýärler. Bu usul türkmençilikde: „pikir derýasynda akyl gämisi“ diýlip atlandyrylýar;
Gazanylan bu derejäniň kepillik möhleti „tä ölinçäň“ diýen belgi bilen belgilenýär. Bir saý-sebäp bilen (mysal üçin, dostlaryna duşup, azyndan 1-2 hepdelik iş saparyna gidip we ş.m.) erkek kişiniň ýeten bu derejesi bozulan halatynda, „pikir derýasyndaky akyl gämisi“ diýen ýagdaý aýallar tarapyndan goşmaça töleg alynmazdan, mugtuna, bary-ýogy 2 sagadyň içinde täzeden gaýtarylyp getirilip berilýär. Bu hyzmat derejäniň kepillendiriş şertleriniň sanawyna girýär.
Indi bu durmuşy ýagdaýyň diňe erbet taraplary barada gürrüň edip durmalyň-da, onuň gowy taraplaryny hem açyp görkezeliň:
...Alymlaryň häzirki geçirýän barlaglaryna juda köp serişdeleriň sarp edilendigine garamazdan, öwrenilýän jemgyýetçilik hadysasynyň ynsan durmuşyna, ýagny erkek kişiniň ýaşaýşyna ýetirýän oňyn täsiriniň ýekejesi hem şu günki güne çenli tapylmady. Ýöne, ylmy seljermeleri alyp barýan alymlaryň hemmesi öz ylmy seljermeleri bilen başagaý bolup, sallah ýaşaşyp ýörendiklerini göz öňüne tutmazdan, öz öwrenýän hadysalarynyň gowy ýerleriniň hem bardygyna jany-teni bilen ynanýarlar we ýakyn wagtlarda bu ugurdan degişli netijeleri gazanjakdyklaryna erkekler jemgyýetçiligini tüýs ýürekden ynandyrýarlar. Olar her gezek öz ylmy barlaglary barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edenlerinde: „Umytdan düşmäň, oglanlar! Gowy ýerem-ä bir ýerlerinde bamyş diýýärler!“ diýen şygar bilen öň ýalňyşanlara we ýalňyşmak isleýänlere göwünlik berýärler.
***
Biziň ýurdumyzda beýleki ýurtlara garanyňda, dürli jynslaryň agzalaryň sanynyň deňligi çygrynda ýagdaý gowy. Her 100 zenana 98 sany erkek kişi bar. Wikipedia akga-ha ýeriň ýüzünde zenanlar erkeklerden 8% köp diýip aýdýar. Russiýanyň mysalynda alnanda, 2010-njy ýylyň ilat ýazuwyna görä 66,1 million erkek kişi we 76,8 million aýal maşgala bar diýip belleýär.
Kanunyň bu hereketi gadagan edýänliginiň sebäbi bolsa, şeýle hereketi amala aşyrmaga ygtyýar berlen halatynda jynslaryň arasyndaky deňhukuklylyk ýörelgesi bozulýar. Hukugyň nazaryýetinde „hukuklaryň we borçlaryň deňagramlylygy“ diýen düşünje bar.
„Hukuk=Borç“ we „Ygtyýarly hem borçly şahs = Ygtyýarly hem borçly şahsa“ diýen manyda.
Biologlary diňleseň-ä „poligamlylyk adamyň genetiki kodunda bar“ diýýärler.
Yslam dini hem bu herekete rugsat berende-de onuň birnäçe şertlerini berjaý etmegi hökmany diýip kesgitleýär.
Ýadyma düşýän esasylary:
1.Başdaşyň razy bolup, rugsat bermeli;
2.Eger-de ikinji hojalyk edinmekçi bolsaň, onuň maddy şertlerini birinji hojalygyň bilen deň-derejede üpjün etmeli;
3.Gurbatyň hemmesiniň arasynda deň-dermanlyk ýarar ýaly bolmaly;
4.Diňe jynsy islegiňi gandyrmak niýeti bilen däl-de hakykatdanam maşgala gurup, nesil dowam etdirmek niýeti bilen baglaşmaly.
***
Aklawjy işiň seljermesi başlamazyndan öň hukugyny goraýan raýatyna sorag berýärmiş:
-Gadyrdan, siz näme üçin ikinji aýalyňyzy aldyňyz?!
-Ol arrykdy. Näçe gysymlanyňda-da gysymyňa ilýän zat ýokdy!-diýip hukugy goralýan hüňürdäpdir.
-Ýeri bolýar! Onda üçünji aýalyňyzy näme üçin aldyňyz?!
-Ikinjim semizdi. Gysymlanyňda gysan ýeriň gysymyňa sygmaýardy!
-Bolýar. Onda üçünji aýalyňyz bilen näme üçin alan günüňiziň ertesi aýrylyşdyňyz?
Hukugy goralýanyň ýüzi boz-ýaz bolupdyr.
Ol ýüzüni sapajak-supajak edip jogap beripdir:
-Beýlekiler eli bilen gysymlaýardy welin, ol intelligent maşgalada önüp-ösendigi sebäpli ilki nahar çarşajygyny (wilka) sünjüp, soň gysymyna alýar...
Bir bende köp aýallylygy üçin bendihana düşüpdir. Ol ýerdäkiler ondan sorapdyrlar:
-Bende, seni näme üçin bärik gabadylar?!
Ol adamam ýylgyryp jogap beripdir:
-Dynç almaga-laý!
Bir adam aklawjydan sorapdyr:
-Näme üçin kanun bir aýaldan köp aýal almagy gadagan edýär?!
Aklawjy jogap beripdir:
-Biler bolsaňyz, kanun akyly ýerinde dälleri, hatda olaryň özlerindenem goraýar!

Iki sany dost bar ekeni. Olaryň biriniň-ä diňe başdaşy, beýlekisiniňem iki aýaly bar ekeni. Onsoň ýaňky iki aýally öz durmuşyny haçan görseň öwüp arşa çykaryp ýörmüş. Hamana onuň aýallary agzybirlikde öýüň ähli işine çalt ýetişip, soňam diňe onuň hyzmatynda bolýarmyşlar. Onsoň bir aýally dosty hem onuň ýagdaýyna gözi gidip, pälini üýtgedipdir-de, öňküsiniň üstüne ikinjini alypdyr. Alan güni hem iki aýaly ütmeleşip urşup, ol gije goh-galmagaldan ýaňa öýünde ýatyp bilmän, metjide gidip ýatmagy ýüregine düwüpdir. Ol metjide barsa ýaňky dosty hem bar diýýär. Onsoň ol dostuna nägileligini bildirip başlapdyr:
-Aý dost jan, meni ýok güne goýup, ikinji aýal aldyrdyň. Öň gül ýaly günüm bardy. Indi olaryň gohundan gaçyp metjitde ýatmaly bolýaryn. Özüňem-ä öň aýallaryňy öwüp arşa çykaryp ýördüň welin, senem-ä metjitde ekeniň!
Dosty onda, ajy gülümsiräpdir-de:
-Dost jan, şol ikinjini alan günümden bäri metjitde ýatyp-turup ýörün. Onsoň bärde ýekesiräp gitdim-de, senem ýanyma gelip ýoldaş bolar ýaly, saňa-da ikinjini almagy maslahat beräýdim!-diýip dosty mysapyrlyk bilen jogap gaýtaranmyş.
Köp aýallylyk üçin kanuna laýyklykda iki ýyla çenli düzediş işlerine höküm edilýärsiň.
Bir aýallylyk ölýänçäň azatlykdan mahrum edýär.
Hukuk öwreniji talyplar mugallymyna sorag beripdir:
-Bigamiýa näme we onuň üçin nähili temmi bar?!
Professor jogap beripdir:
-Bigamiýa – bu iki aýallylyk we ol iki sany gaýyneneň bolmagy bilen jezalandyrylýar!
Bir köp aýally bendeden sorapdyrlar:
-Köp aýallylygyň iň erbet zady näme?
-Gaýyneneler!-diýip jogap beripdir.
Bir adamyň iki sany aýaly barmyş. Onsoň aýallaryň kiçisi zeýrenýärmiş:
-Dogan jan, men-ä günde elim bilen guýudan öýe suw daşap ýadadym. Sen baýry aýal, şonuň üçinem ärimizden haýyş etsene, goý, ol suw daşar ýaly öýe bir daýaw eşek satyn alsyn-la!
Onda günileriň baýrysy kiçisine şeýle jogap beripdir:
-Ýok, haýyş etjek däl! Öňki gezek oňa şeýle haýyş edenimde ol öýe seni getirdi.
***
Jemgyýeti emele getirýän durmuşy kadalaryň tutuş jemi bolsa-da, ony saklaýan zat – AHLAK!
Hasam, erkek-zenan gatnaşyklarynda ýokary ahlaklylyk hökman.
***
Haýsy taglymat näme diýse-de, jemgyýet ilki bilen ahlagyň üstünde dur. Adam, sözüň hakyky manysynda ahlakdan başlaýar. Ahlak bolmasa adam däl-de, haýwandan çala tezegi üýtgän, diňe instinktleridir-refleksleri bilen ýaşap ýören mahluk bar. Oňa jemgyýetem gerek däl, hiç zadam.
Gadymy dünýäniň iň kuwwatly patyşalyklary bolan Wawilony (Babyly), Ahemeniler şalygyny, Makedon şalygyny, Rim şalygyny näme ýykdy?
Ahlaksyzlyk!
Şol şalyklary bina eden edermen, maksada okgunly, gaýduwsyz, garadangaýtmaz, aglaba köp ýagdaýda bolsa öz-özlerine-de, kesekilere-de çakdan aşa rehimsiz, zalym daran adamlaryň nesilleri, diňe şahsy lezzetiň gullaryna öwrüldiler. Zähmet çekmän, kösenmän, mydama “diskotekada, festiwal režimde” ýaşamaga ymtyldylar. Şeýdibem ata-babalarynyň guran binalaryny goramagyň hötdesinden gelmediler.
Olaryň ählisiniň ýekeje baş şygary boldy:
“Men lezzet gözleýän!”.
Boldy.
Galan zat bolsa, ýaşlar aýtmyşlaýyn: “Şetdaly!”.
***
Maşgala bolsa, adam üçin “gulluk” edilýän ýa-da “jeza çäresini çekilýän” ýerem bolmaly däl, “işe barlyp gaýdylýan” ýerem.
“Maşgalam-başgalam” diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar.
Ha aýal bol, ha erkek, ha-da çaga, maşgalada adam özüni jahanyň ýüzünde iň agaýana, iň rahat mekanda diýip duýmaly, bilmeli.
Öýde komfort, psihologiki we fiziologiki amatly atmosfera bolmaly.
Şony üpjün edip bilen “hemme bagtly maşgalalar birmeňzeş bagtly bolýar”.
Şony üpjün edip bilmedik: “her bir betbagt maşgala bolsa, özüçe betbagt bolýar”...
...diýip Ýolbars Semizbegow (Lew Tolstoý) aýdypdyr, eger-de ýalňyşmaýan bolsam.
Zenanlar hakda (degişme)
Eger-de zenanlar barada Mendeleýewiň tablisasyndaky himiki elementleriň häsiýetlendirilişi ýaly häsiýetnama ýazmaly bolsady, onda ol häsiýetnama şu aşakdaky ýaly görnüşde bolup bilerdi:
Element ZENAN
Obýektiň esasy häsiýetli alamatlary:
Element: 99,999∞
Ady: Zenan
Gysgaça aňlatmasy: Zn
Ilkinji açan alym: Adam ata
Atom agramy: 60 kg (şeýle hem, tebigatda 40 kg-den 250 kg agramly
görnüşleri hem gabat gelýär)
Ýaýrawy: Giňden ýaýran (Takmynan Ýer şarynyň 3-den 2 bölegi,
Kosmos giňişligindäki möçberi doly anyklanmadyk)
Fiziki häsiýetleri: Belli bir şertlerde täsir edilende ereýär,
Belli bir şertlerde öz-özünden gaýnap, tüsseläp başla-
ýar, giňelmegiň koeffisiýenti-ýyl geçdigiçe giňeýär.
Belli bir ýerlerini gysymlanyňda – ýumşajyk.
Himiki häsiýetleri: Altyn (Au), Kümüş (Ag), Platina (Pt) ýaly gymmatbaha
metallar bilen gowy gatnaşyga girýär, şeýle gymmat-
baha metallary çäklendirilmedik köp möçberde özüne
kabul edip bilýär we olar bilen gapma-garşylykly reak-
siýa girmeýär, gaýta ýumşaýar. Käbir ýagdaýlarda bir-
denkä, duýdansyz partlamaga ukyply, elementlere
mahsus işjeňlik döwri gije-gündiziň wagtyna bagly-
lykda artýar ýa-da peselýär.
Ulanylýan ýerleri: Bezeg maksatlary bilen giňden ulanylýar, esasanam
üýtgeşik owadan edip gurlan jaýlarda we gymmatbaha
ulaglarda. Örän gowy arassalaýjy hem ýuwujy serişde
bolup durýar. Anyk kesgitlenen möçberlerde ulanylan
halatynda rahatlanmaga we gaýgy-aladadan dyndarmaga
ýardam berýär, kesgitlenen möçberden artyk ulanylan
halatynda uzak wagtlaýyn näsaglyga getirip bilýär
Hil taýdan üýtgeýiş Eger-de ýanynda şu elementiň has ýokary hilli
häsiýetleri: nusgasy bolan halatynda ýaşyl reňke boýalýar,
gymmatbaha metallar bilen çäklendirilmedik
möçberde goşulanda täsin gülgüne reňkde öwüsýär
Ätiýaçlyk çäreleri: Tejribesizler tarapyndan ulanylanda olara çynlakaý
howp abanýar. Bu elementiň bir nusgasyndan artygyny
edinmek maslahat berilmeýär.
Çeşmesi: http://erichware.net/neavtor/rasskazy/jenwina.htm
***
Söhbetdeşlikleriň birinde: “Soňky döwür, erkekler ownaýar. Maşgalada-da, jemgyýetde-de jylaw olaryň elinden gidýär” diýdiler.
Bu hakykat, indi açylmaly açyş däl-le.
“Jylawyň doly elden gitmegi” hakda aýdylanda bolsa, adamzadyň döreýşiniň dini taryhyny ýadyňa salaýmaly.
Jennetde bigamlykda ýaşap ýören kime kim gadagan edilen nygmaty iýdirýär?!
Hämi?!
Hä.
Onsoň kim-ä hemme zady özüne siňdirýän, hemmelerden pesgöwün diýlip, hemmeler tarapyndan ykrar edilen gara ýerden ýasalýar.
Kimem kimdir biriniň hiç haçan göneldip bolmajak egri gapyrgasyndan.
Onsoňam, adamlary dolandyrmak sungatynyň iň aňrybaşy kämil görnüşi – bu haçan-da dolandyrylýan özüniň goýun kimin “pynhan çopanyň” islän ugruna sürülýänini bilmese, düşünmese diýilýär.
Wo-o-ot!!!
A siz bolsa: “jylaw” diýýäňiz, “zar-u-zar elden gider” diýip nalaýy-efgan dartýaňyz.
Aslyýetinde, şol: “jylaw” diýilýän närse, “gitdi” diýilýänleriň elinde dünýe döräp boldumyka beri?!
Hämi?!
Hä.
Ýöne, adalatyň hatyrasyna ýene-de bir zady bellemeli. Öňde bir danadan: “Älem...(hawa, hawa, men ýalňyşamok hut “Zemin” däl-de “Älem”), kimiň egninde dur?!” diýip soranlarynda, ol: “Aýal bilen Erkegiň egninde” diýip jogap beripdir.
Hut şonuň üçinem adamlaryň hemmesine diýen ýaly erkek bilen aýalyň arasyndaky gatnaşyklar iň gyzykly tema. Şol temany dürli wariasiýalarda näçe öwrenseler-de, şondan adamlar öwrenip doýup, soňuna ýetip bilmeýär. Şol gatnaşyklaryň dürli röwüşlerine ýugrup berlen eserlerem meşhur bolýar, hezil edilip okalýar. Bu adamyň tebigy mahsuslygy.
***
Biziň gelin-gyzlarymyza: “mata-marlyga at dak” diýseň, guşy uçýan bolmaly. Biziň jahyl döwürlerimiz gyz-gelinler täze çykan matalara: “samolýotdan sallanan”, “sandykda sygyran” “guşdyrnak”, “akyş sakgal”, “pommah arka” diýip at dakardylar. Ýigitleriň eşikleriniň arasynda bolsa: “wanderleý köýnek”, “paraşýut balak”, “äçkili köwüş”, “kyrkadil guşak” ýaly ismi-nisbaly esbaplar bardy. Internetde bildim, bu çygyrda indi ýagdaýlar biraz gowulanypdyr. Her niçigem bolsa, gelin-gyzlar täze matanyň adyna: “çille gülýüpek” diýip dakýan ekenler.
Özbaşdak hatyn ☻
Mariýa Iwanowna Arbatowa, irden oýandy. Erkek kişiler tarapyndan oýlanyp tapylan we erkek kişiler tarapyndan ýeriň aşagyndan gazylyp alnan magdandan eredilen metaldan erkek kişileriň ýasan ulagyna mündi. Ýolda ulagyna erkek kişileriň burawlap çykaran nebtinden erkek kişileriň gaýnadyp öndüren ýangyjyny guýdy. Soňra erkek kişiler tarapyndan gurlan ýoldan gitdi.
Barmaly ýerine baryp, erkek kişiler tarapyndan öndürilen betondan we kerpiçden erkek kişileriň gurup, erkek kişleriň gurnan ýyladyş ulgamy bilen ýyladylýan jaýa girdi. Erkek kişileriň gurnan göterijisinde (liftinde) özüne gerek gata çykdy. Erkek kişileriň guran elektrik bekedinden we ulgamyndan elektrik togy bilen üpjün edilýän çyrasyny ýakdy. Erkek kişileriň gazyp alan tebigy gazy bilen işleýän, erkek kişileriň öndüren gaz plitasyny otlap, erkek kişileriň çeken suw üpjünçilik ulgamyndan erkek kişileriň öndüren kitirine suw guýdy. Suw gaýnanyndan soň erkek kişileriň oýlap tapan we ýasan uçarynda, erkek uçarmanlar tarapyndan getirilen, erkek kişileriň zähmet çekýän meýdanlarynda ýetişdirilen kofeden atyp, bir bulgur kofe taýýarlandy.
Erkek kişileriň ekip-orup, üwäp taýýarlan bugdaý unundan bişirilen we erkek kişileriň guran dükanyna erkek sürüjiler tarapyndan getirilip, erkek ýükçüler tarapyndan daşalan ýumşak kökäni eline aldy.
Erkek kişileriň oýlap tapan we ýasan kompýuteriniň düwmesini basyp, ony işletdi. Soňra erkek kişiler tarapyndan işlenip düzülen programma girdi. Soňra erkek kişileriň oýlap tapan we döreden Internetine girip, erkek kişileriň oýlap tapan elipbiý harplarynda:
-Men – Özbaşdak hatyn! Bu dünýäde şü dereksiz erkek kişiler nämä derkar-a?!-diýip ýazdy. ☻☻☻....
Çeşmesi: http://www.orator.ru/pr_27.html. 08.07.2020ý.

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...