Halk arasynda: “Körekeni alamana ugrat, alyp gelse-de peýdaň, ölüp gelse-de” diýen söz bar. Bu söz gaýynata tarapyndan aýdylan diýýärler. Köreken diýýäni giýew. Onuň alyp gelmesiniň peýdasy düşnükli. Gürrüň alamana gitmek we olja getirmek barada barýar. Emma ölüp gelse, näme peýda bar?
Nakyla dogry düşünmek üçin onuň döredilen döwrüni anyklap, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öwrenmek derwaýys.
Türkmeniň taryhynda alamançylygyň örç alan döwri on sekizinji-on dokuzynjy asyrlar bolsa gerek. Ondan öňem alamana gidilendir. Bu barada bizde anyk çeşmeler azlyk edýär. Gorkut atada, Görogluda, käbir dessanlarda alamançylyk barada agzalsa-da, onuň ýaýbaň häsiýetli bolmandygy belli. Ýöne on dokuzynjy asyrda alamançylygy kesp-kär edinen, bütin ömrüni çapawulçylyk bilen geçiren adamlar bolupdyr. Üstüne ýagy dökülip, ogul olja, gyz ýesir edilip, keseki ýurda sürlenem, alamana gidip, bendilige düşenem, ýarag ujundan ölüp gelenem az bolmandyr. Alaman baradaky düşünje durmuşyň jümmüşine aralaşypdyr, milletiň aňyna siňipdir. Halk döredijiligine siňňitli nazar aýlasaň, muňa göz ýetirmek kyn däl. Kitaplara girizilmedigem bolsa, häli-häzire çenli ulanyşdan galman gelýän hüwdä gulak asyň:
Meniň balam balaman,
Gitse, getir alaman,
Az getirseň halaman,
Bedew atyň baglaman.
Il içinde bu hüwdiniň başgaçarak görnüşine-de gabat gelýäris:
Balam, balam, balaman,
Gitse, getir alaman.
Alamandan bolmasa,
Bulamagnam ýalaman.
Entek enesiniň emmesinden başga zady bilmeýän, sallançakda ýatan çaga aýdylýan bu hüwdilere düşündiriş bermegiň zerurlygy ýok. Olara şu günüň gözi bilen garap, netije çykarmazdan öň agyr durmuş şertlerinde ýaşan türkmeniň uludan kiçä alamançylyga, çapawulçylyga öwrendikli bolandygyna we onuň sebäplerine düşünmek gerek.
Alamançylygy öz döwrüniň zerur şertleri orta çykarypdyr, ony inkär edip bolmaz. Bu ýagdaý, ozaly bilen döwletsizlikden, jemgyýete merkezleşdirilen döwlet baradaky düşünjäniň ýetmezliginden habar berýär. Alamançylyk syýasy bähbit araýan döwletara uruş däl. Onuň gözbaşynda zorluk, ganhorluk, zulum-sütem ýatyr. Alamançylyga esasan iki ýagdaý sebäp bolupdyr. Ar almak we talaňçylyk. Çünki goňşy ülkelerden türkmen obalaryna ýagynyň dökülýän pursatlary seýrek bolmandyr. Bu mesele dogrusynda ýalana çykaryp bolmajak faktlar kän.
Haýsy maksada gol ýapanda-da alamançylyga uýgunlaşan adam rehimsiz bolýar, ýabanylaşýar. Kişiniň derdine biperwaý bolýar.
Şeýleräk sahnany göz öňüne getirip göreliň. Topar atly gije ýarymdan agansoň keseki ýurduň çetinden girýär, çola obanyň üstüne dökülýär. Aljyraňňy adamlar. Zähresi ýarylara gelen çagalaryň agy sesi. Yzanda-çuwanlyk. Garşylyk görkezeniň depesinden ýalaw ýaly gylyç inýär. Talaňçylyk başlanýar. Gabylrak, gerege ýaraýjak zatlara topulýarlar. 4-5 ýaşly çagany torba atýarlar. Göze görnen gyzy atyň öňüne kese basýarlar. Sähel salymda obany ýyldyrym uran ýaly edip, garaňkylyga siňip gidýärler. Ine, alamançylygyň tipiki sahnasy!
Kä halatlarda uly adamlaryň ýesir edilip sürlen wagtlary-da bolupdyr. Olary gul bazaryna çykaryp satypdyrlar. Adamy gul hökmünde satmak barada taryhda kän waka ýatlanýar.
Armeniý Wamberi “Orta Aziýa syýahat” atly kitabynda gul söwdasy barada anyk maglumatlary ýazypdyr. Ol Buharanyň bazaryna gullary getirip satýan milletiň diňe türkmenlerdigini, gul bahasynyň syýasy ýagdaýlara görä üýtgeýändigini nygtýar. 1861-nji ýylda Merwde bolan söweşde görlüp-eşidilmedik ýeňiş gazanan türkmenler azyndan 18 000 eýranlyny ýesir alýar. Şonuň yzysüre Buharanyň gul bazarynda bahasy 40-50 tylla barabar bolan adaty erkek guluň gymmaty 3-4 tylla çenli pese gaçypdyr.
A.P.Andreýewiň 1902-nji ýylda çap etdiren “Türkmen alamançylygy” atly hekaýasynda gul söwdasy barada bölüm bar. Onda türkmen alamançysy tarapyndan Buharanyň bazaryna çykarylan otuz ýaşlaryndaky syratly, sagdyn pars ýigidiniň 80 tylla bahalanýandygy, onuň ýerli özbege 70 tylla satylandygy beýan edilýär.
1861-nji ýylda Merw söweşine gatnaşan, wakalary öz gözi bilen gören pereňli Genri de Blokwiliň “Türkmenleriňkide ýesirlikde” atly kitabynda ýesir düşen serbazlaryň we goşunbaşylaryň Eýran hökümetine gymmat bahadan satylýandygy barada maglumatlar bar.
Gul bazary diýen düşünje ýeke bir türkmenlere däl, tutuş Gündogara mahsus. Bu ýagdaý halk rowaýatlaryna siňipdir. Babaröwşeniň Hezret Alyny Berber şäherinde müň guluň bahasyna satýan pursatyny ýatlap göreliň. Has aňyrraga gitsek, agalary tarapyndan guýa taşlanyp, soňam ujypsyz pula gul hökmünde satylan Ýusup pygamber baradaky gyzykly rowaýat bar. Umuman, adam söwdasy geçmişiň islendik döwründe-de bolupdyr. Muňa eklenjiň bir çeşmesi hökmünde garalandygy gizlin zat däl.
Başdaky nakyla dolanalyň. Alamana giden körekeni ýarag ujundan ölüp gelse, gaýyn tarapynyň toý tutup, begenmejegi düşnükli zat. Ýöne bu ýagdaýyň bähbitli taraplary barada pikir edenlerem tapylypdyr. Köneden gelýän kada görä, dul galan gelne atasy ýa-da erkek doganlary eýe çykýar. Äri ölen naçarlaryň agalary tarapyndan telpegagana satylan ýa-da gurply, barjamly kişilere aýal üstüne berlen halatlary az bolmandyr. Geň göresi iş ýok, “Naçaryň gara başy ölinçä agasynyňkydyr” diýen nakyly ýada salyp görüň!
Bu söwdada üns bermeli ýene bir ýagdaý bar, dul aýala gyza tölenýän galyňyň möçberinden has artyk baha kesipdirler. Güzeran aýlamagyň, hojalygy dolandyrmagyň abyny-tabyny alan, durmuş gören tejribeli aýal üçin 7-8 sany ýetişen gyzyň galyňynyň tölenen wagtlary-da bolupdyr. Bu geň ýagdaýy on dokuzynjy asyrda türkmen topragynda bolup gören, halkyň edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny öwrenen taryhçylar, alymlar, syýahatçylar hem tassyk edýär.
Şulardan çen tutsaň, alamana gidip getiren ýesirini Hywanyň, Buharanyň gul bazarlarynda haryt hökmünde satyp, güzeranyny aýlan türkmeniň durmuş ýörelgesine düşünmek kyn däl. Onuň gözi bilen garasaň, dul galan aýal doganyny lomaý pula satmagynda, şeýdibem giýewisiniň ölüminden bähbit aramagynda haýran galar ýaly näme bar? Hiç zat. Elbetde, beýle bähbit köpçülikleýin häsiýete eýe bolandyr diýen çaklamadan gaça durmaly. Il içinde käte gabat gelýän töwra hadysanyň çäginde halk ahlagyna baha kesmek bolmaz.
Ikinji ýagdaý. Kä halatlarda dürli sebäpler bilen dul galan ýaş gelniň äre turup gitmezligi ýa-da agalarynyň ony başga birine satyp goýbermezligi üçin naçaryň gaýynlarynyň guda tarapa pul tölänligi hakynda-da maglumatlar bar. Bu ýagdaý hem gürrüňini edýän söz düzümimiziň döreýiş köküne aralaşmaga goşmaça ýardam edip biler.
Haýsy bolanda-da “Körekeni alamana ugrat, alyp gelse-de peýdaň, ölüp gelse-de” diýen söz türkmeniň geçmişde galan ýowuz durmuşyndan kän zatlary habar berýär.
21-nji dekabr, 2009-njy ýyl.
Kakamyrat ATAÝEW. "Dürüşde" kitabyndan.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň