“Kül-peýekun ederin!” diýen sözi eşidensiňiz. Derbi-dagyn ederin, dyr-pytrak ederin diýen manyda ulanylýar. Bu sözüň gelip çykyşy nähilikä?
Gurhanyň “Ýasin” süresiniň 82-nji aýatynda şeýle diýilýär: “Innamä emrihu iza erade şeyen en ýakula lahu kun faýakun”. Manysy: Allatagala bir zady islese, oňa “bol” diyyär, şonda ol zat bolyar, döreyär. Ýagny, “kun faýakun” “Bol diýdi we ol döredi” diýmekdir.
Kun sözi Magtymgulynyň goşgularynda hem gabat gelýär:
Kadyr Alla gudratyndan, yaranlar,
Käb-u nundan berpa boldy bu dünyä.
“Kün!” lefziden älemni
Möwjut etgen Alla sen.
Käb we nun – arap elipbiýiniň harplary, ikisi goşulanda kun sözi emele gelýär. Diýmek, Allatagala “kun!” diýip emr edende bu dünýä, älem bar bolupdyr.
Eýsem, türkmen dilindäki kül-peýekun özüniň döreýiş gözbaşyny Gurhandaky kun faýakundan alyp gaýdýarmyka? Şeýle bolsa, bu ýerde çaprazlyk, has dogrusy gös-göni gapma-garşylyk bar. Çünki türkmen dilindäki kül-peýekun ozal bar bolan zady, adamy ýok etmek manysyny berýär. Gurhandaky kun faýakun bolsa, ozal ýok zady bar etmek manysynda gelýär.
“Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde” kün-peýekun sözüniň ikinji manysy, ýagny, dargamagy, derbi-dagyn bolmagy hem aňladýandygy bellenip, Misgingylyjyň bir goşgusyndan mysal getirlipdir:
“Lam-elipla” – la baka dünýä soňy kün-peýekun.
Görnüşi ýaly, bu setirde dünýäniň panylygyna, soňunyň berbatlygyna üns çekilýär. Türkmen dilindäki kül-peýekun hem hut şu manyda ulanylýar. Kün sözüniň kül görnüşine geçmeginde bolsa, hiç hili geň-taňlyk ýok. Kül-peýekun asylky gözbaşyndan daşlaşyp, halk arasynda azm bilen aýdylýan “Külüňi çykararyn!” diýen sözüň äheňini özüne siňdiripdir, onuň bilen ugurdaş manyda ulanylýan söze öwrülipdir. Onda “Külüňi çykararyn!” sözi nireden geldikä?
Bu barada il içinde aýdylýan gürrüňi tutaryk edinmekden başga arka diräre takyk delil ýok. Gürrüň bermeklerine görä, käbir sebitlerde goňşy arasynda ýer dawasy bolmaz ýaly, mellek araçäginden ýarym gulaç çuňlukda çukur gazyp, tamdyryň, ojagyň külüni gömüpdirler. Yzgarly topraga gömlendigine garamazdan, kül uzak mahal üýtgewsiz durýar. Eger goňşularyň biri çäkden geçse, beýlekisi ýer astynda gömlen küli çykaryp, meseläni çözmeli bolupdyr. “Külüňi çykararyn!” diýen söz şondan döräpdir we soňlugy bilen ilçilikde ulanylyş gerimi giňäpdir.
Ýene-de durşy bilen haýbata ýugrulan “Kül ederin!” diýen söz bardyr. Munuň emele gelşinde çylşyrymly zat ýok. Kül ýakylan zadyň tozap ýatan, ownujak böleklerden ybarat galyndysy. Kül etmek bolsa, ýakmak, owratmak, tozdurmak, ýok etmek ýaly manylary öz içine alýar.
Şeýlelikde, kül-peýekun etmek, külüni çykarmak, kül etmek sözleri deň derejeli manyda ulanylýandygyna garamazdan, gelip çykyşy boýunça dürli-dürli ekeni diýip netije çykarsa boljak.
30-njy awgust, 2009-njy ýyl.
Kakamyrat ATAÝEW. "Dürüşde" kitabyndan.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň