2-NJI BAP
ÜÇEKDÄKI KÖLEGE
Otagyň içini garaňkylyk gaplady. Diňe çüýlenen penjiräniň tagtalarynyň arasyndaky inçejik jaýryklardan aýyň solgun şöhlesi syzylyp girýär. Ol şöhle poluň üstünde ýatan jesediň üstüne düşüp, töweregindäki garaňkylygy has-da gorkunç görkezýär.
Daşarda şemal uwlaýar.
Köne myhmanhanaň agaç pürsleri her gezek şemal turanda, agyr ýüküň astynda galan ýaly, ýuwaşjadan jygyldaýar.
Ewelin Eşkroft demi-demine ýetmän, birsalym gymyldaman durdy. Ýüregi gursagyndan çykara gelip urýardy. Ol ýanyndaky gyzlaryňam howsalaly dem alşyny eşidýärdi.
Däliziň agzynda duran kethuda Harlan aljyraňňylykdan yza tesip, diwara söýendi. Keýlan Uitlok garaşyp durmady. Ol uzyn hasasyny berk gysyp, däliziň aňry ujundaky dar penjirä tarap okduryldy. Bir böküşde diwaryň çykydyna aýak diräp, penjiräniň daşyndaky agaç talaryň üstüne çykdy.
— Penjiräni açyň! — diýip, Sesiliýa Uitmor penjirä tarap ylgady. — Ol kim? Göreliň!
— Beýle howlukma, Sesiliýa! Penjire çüýlenen ahyryn. Eliňi ýaralaýma! — diýip, Rozalind Torn ony saklajak boldy. — Keýlan oň hötdesinden geler.
Myhmanhanaň üçeginde gara ýapynjaly bir adam dur. Aýyň öçügsi ýagtysyna oň ýüzüni saýgaryp bolanokdy. Diňe şemala galgap duran gara ýapynjasynyň etegi görünýär.
Şol wagt Keýlan aşakdaky agaç talardan ýokary galyp, üçegiň gyrasyna ýeňillik bilen çykdy. Ol hasasyny iki eli bilen mäkäm tutup, nätanyş adama tarap ätiýaçly ädimler bilen golaýlaşdy.
Üçekdäki nätanyş bolsa sesini çykarmady. Birden ýapynjasynyň aşagyndan elini çykardy-da, Keýlana tarap yzly-yzyna üç hanjar zyňdy.
Hanjarlar gijäň garaňkysyny böwsüp, göni Keýlana tarap süýnüp gaýtdy. Emma ol howsala düşmedi. Hasasyny iki eli bilen öňünde şeýle bir çalt aýlady welin, göz açyp-ýumasy salymda onuň öňünde aýlanyp duran tegelek galkan emele gelen ýaly boldy. Hanjarlar hasanyň agajyna degip, jyňňyrdap, iki ýana serpildi-de, garyň üstüne gaçdy.
Gara ýapynjaly adam muňa-da baş egmedi. Ol birden öňe atylyp, elindäki egri gara gylyjy Keýlanyň depesine inderdi.
Keýlan bir gyra sowulyp, urgudan sypdy. Soňra hasasynyň bir ujuny buz baglan üçege diräp, howada aýlandy-da, garşydaşynyň üstüne topuldy.
— Bu ýöne bir garakçy däl — diýip, Ketrin penjireden gözüni aýyrman pyşyrdady. — Serediň, oň her hereketi öňünden ölçelgi. Darkenmiriň gijeki awçylary şeýle söweşýärler.
Üçekdäki söweş barha gazaplanýardy. Gara ýapynjaly adam dessine yzyna öwrülip, gylyjyny Keýlana tarap ýene salgady. Keýlan hasasyny keseligine tutup, urgyny saklady. Demir bilen gaty agajyň çaknyşmagyndan çykan ses gijäniň ümsümligini böwsüp, töwerege ýaň saldy.
Birden Keýlan hasasyny bir eline geçirdi-de, beýleki eliniň aýasyny garşydaşyna tarap uzatdy.
Ol hiç zat aýtmady. Ne doga okady, ne-de başga bir hereket etdi. Ýöne onuň elinden ýaýran görünmeýän bir güýç üçegiň üstündäki gary ýerinden goparyp, tozana öwürdi. Gar bölejikleri tüweleý turan ýaly asmana göterildi. Şol güýjüň zarbasy gara ýapynjaly adamyň döşüne degip, ony üçegiň gyrasyna çenli süýräp äkitdi.
Nätanyş adam zordan özüni dürsedi. Ýykylmazlyk üçin gylyjyny üçegiň agaç örtügine çümdürip, şoňa ýapyşdy. Ol başyny galdyryp, Keýlana geň nazaryny aýlady. Ýaşyl saçly ýigidiň elindäki hasasyna, soňra ýüzüne seretdi. Indi onuň öňünde duran adamyň ýönekeý bir goragçy däldigine göz ýetiripdi.
Ol Keýlan bilen güýç synanyşmagyň özüne peýda bermejekdigine düşündi. Şonuň üçin başga bir ýola ýüz urdy.
Boýnundaky zynjyra dakylan kiçijik demir nyşany eline alyp, aşakky otaga tarap göz aýlady. Soňra boguk ses bilen gadymy dilde birnäçe söz aýtdy.
Şol pursat otagyň içindäki stoluň üstünde açyk ýatan depderden tüsse çykyp başlady.
— Gyzlar, serediň! — diýip, Rozalind gygyrdy.
Ol depdere tarap elini uzatdy, emma kagyzyň gyrasynda gyzyl köz peýda bolup, depder ýanyp başlady.
— Depder ýanýar! — diýip, ol howsala bilen dillendi. — Ol subutnamalary ýok etmekçi!
— Degme, Rozalind! — diýip, Ewelin stola tarap ylgady. — Ýalaňaç el bilen öçürip bilmersiň. Bu adaty ot däl! Ketrin, kitabyňy aç, çalt bol!
Ketrin gujagyndaky galyň kitaby stoluň üstünde goýup, sahypalaryny howlukmaç agdaryp başlady.
— Ine, tapdym! Ýedinji sahypa. «Sowuk dem» jadyly sözleri! — diýip, Ketrin barmagyny setiriň üstünde goýdy. — Ýöne bu jadyny ýeke özüm ýerine ýetirip bilmerin. Ot örän güýçli. Üçümiz bile okamaly!
Üç gyz bilelikde jady okamaga başlady. Ketriniň sesi agras, saldamly ýaňlanýar, Eweliniň sesi dury we ynamlydy, Sesiliýanyňky bolsa güýçli hem batly çykýar.
Olaryň sesleri otagyň içinde birleşip, täsin bir owaz emele getirdi.
Birden otagyň howasy üýtgedi. Öňki sowukdanam has güýçli aýaz duýuldy. Depderiň sahypalaryny ýuwdup barýan gyzyl ýalyn birden söndi. Depderiň üstüne inçejik gyraw düşüp, ýalyn kem-kemden güýjüni ýitirdi.
Depder halas boldy.
Şol wagt üçegiň üstünden güýçli gümpüldi eşidildi.
Gara ýapynjaly adam jübüsinden kiçijik şar çykaryp, Keýlanyň aýagynyň öňüne oklady. Şar ýere düşen badyna ýaryldy-da, üçegiň üstüni goýy, ajy tüsse gaplap aldy.
Keýlan tüssäň içinden garşydaşynyň nirede gizlenendigini saýgarjak boldy. Ol hasasyny başynyň üstünde aýlap, güýçli ýel turuzdy. Ýel tüssäni iki ýana syrdy.
Emma gara ýapynjaly adam eýýäm gaçypdyr.
Keýlan üçegiň gyrasyna baryp, garaňky tokaýa göz aýlady. Agaçlaryň şahalary biri-birine çolaşyp, töweregi öňküsinden-de garaňky görkezýärdi. Ol birsalym yzyndan kowalamak barada oýlandy. Emma aşakda gyzlary ýeke goýmak islemedi.
***
Gyzlar ýarym ýanan depderi alyp, myhmanhanaň daşyna çykanlarynda, ol ýeriň adamlardan doludygyny gördüler. Kethuda Harlan bilen obanyň birnäçe ýaşaýjysy el çyralaryny tutup, üçege tarap seredip durdy. Üçegiň üstündäki söweşi, tokaýa tarap gaçan näbelli adamy olaryň ählisi görüpdiler.
Şol wagt Keýlan myhmanhananyň burçundan aýlanyp çykdy. Ol juda rahat görünýärdi. Bir elinde hasasyny, beýleki elinde bolsa nämedir bir zady tutup gelýär.
— Gaçyp gutuldymy? — diýip, Sesiliýa onuň öňünden çykdy.
— Hawa. Tokaýyň içinde aty garaşyp duran eken, atyna atlanyp, garaňkylyga siňip gitdi —
Ol soňra elindäki zady Eweline uzatdy.
— Ýöne gaçyp barýarka, muny gaçyrypdyr.
Ewelin onuň elinden hanjary aldy. Gara demirden ýasalan uzyn hanjaryň ýüzüne garga şekili oýulypdyr.
Rozalind hanjara, soňra elindäki ýarym ýanan depdere seretdi.
— Indi bize ynanarsyňyz diýip umyt edýän, kethuda! — diýip, ol märekä ýüzlendi. — Jenap Jonasyň ölümine biziň dahylymyz ýok. Ony öldüren ganhor şu wagt hemmäňiziň gözüňiziň öňünde üçekden gaçyp gitdi. Hanjaryndaky nyşanam oň bu ýerleriň adamsy däldigini görkezýär.
Kethuda Harlan hanjaryň ýüzündäki şekile uzak wagtlap seretdi. Soňra çal sakgalyny sypalap, başyny ýaýkady. Onuň öňki gahary köşeşip, ýerine aljyraňňylyk aralaşypdy. Oba adamlarynyňam ýüzündäki gazap indi kem-kemden çekilýärdi. Nalçy elindäki çarşagyny ýere diräp, bir ädim yza çekildi.
— Ýöne bir zada düşünemok — diýip, Harlan ahyry dillendi. — Ol adam näme üçin Jonasy öldürdi? Bizden näme isleýär?
— Muny bilmek üçin ilki bilen şu depderiň içindäkileri öwrenmeli — diýip, Ewelin jogap berdi. Ol ýarym ýanan depderi seresaplylyk bilen ýapynjasynyň astyna saldy. — Ganhoruň yzyna dolanyp gelmeginiň sebäbi şu depder. Ol içindäki ýazgylaryň biziň elimize düşmegini islemeýär. Biz muny monastyra alyp gideris. Belki, ol ýerdäkiler ýazgylaryň syryny açyp bilerler.
Ol biraz dymdy-da, sözüni dowam etdirdi:
— Siz daň atýança obanyň ähli giriş-çykyş ýollaryny gözegçilikde saklaň. Ol adam ýeke özi gelmedik bolsa, ýene kimdir biriniň peýda bolmagy mümkin.
Harlan bu gezek garşy çykmady. Ol başyny atdy-da, obalylara öýlerine dolanmagy, galanlaryna bolsa ýollarda garawul durmagy tabşyrdy.
Dört gyz bilen Keýlan monastyra barýan baýyr ýoluna düşdüler. Gijäniň sowugy barha güýjeýärdi.
Biraz ýöränlerinden soň, Ketrin Keýlana tarap öwrüldi.
— Keýlan, bir zady unutma. Üçekdäki adam seň hasaňy, ulanýan güýjüňi gördi. Eger ol Darkenmire baryp ýetse, bu ýerde görenlerini hökman başlyklaryna habar berer.
Keýlan başyny galdyryp, demirgazykdaky garly daglara seretdi.
— Goý, aýtsyn — diýip, ol hasasynyň ujuny doňak topraga diräp, ädimini çaltlandyrdy. — Bir gün bolmasa, bir gün olaryň muny biljegi ikuçsuzdy.
Olar monastyra tarap ýollaryny dowam etdirdiler. Emma hiç biri şol ýarym ýanan depderiň diňe bir ganhoruň syryny däl, eýsem öňde garaşýan has uly howpuň hem açarydygyny entek bilmeýärdi.

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň