...Goňşyň eli giňedi-de ol, öwlüýälere ýykylyp, öten-geçen pirleriň aýaktozuny togap edip, ölüp-ýitip, zordanjyk dünýä inderen ýeke ogluna, sürüjilik şahadatnamasyny almaga ýaşy ýeten dessine, täzeje “Opel-wektra” sowgat etdi.

Şondan soň ol işigaýdanyň çagasy, misli zibilli ýerden geçip kakyn-silkine uçrana döndi. Gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden, täze bir ýoknasyz kesel tapyndy oturyberdi.

Gije diýmän, gündiz diýmän, köçede adam-gara köp bolsun-bolmasyn, ulagynyň tekerlerini doňduryp, oňa bir wagtyň özünde hem bat berip, hem togtadyp, janaweri “jüýgürdip”, ala-tütün burugsadyp, iki ýana okkesdirme geçmäni çykardy.

Öýdäkilerden: “Bi bendäň çagasyna näme bolýar-a?! Ýa ýigitlik ýelgini kellesine depip, ýeldirgäp dagy edip ýördügimi, bi işigaýdanyň?!” diýip sorasam, bäş ýaşlyja körpe oglum aýdýar: “Ýok-how, kaka” diýýär, “bu” diýýär, “çyraçy bolupdyr” diýýär.

“O bolanda ne bolýa?” diýsem, onda körpäm aýdýar: “Şeýdip, gijesi-gündizi köçede ulaglarynyň tekerlerini burugsadyp, jüýgürdip, eýläk-beýläk ters aýlanýanlara şeýle diýilýär-dä” diýýär...

Garaz, şeýdip, öýdäkiler bilen şeýdişen bolup, dalbarymyzyň astynda, howlukman özara mesaýy söhbetleşip otyrys.

Şol ýaňky çyraçy bolanam, köçede aýdylyşyndanam beter edip, terslin-oňlyn agyp-dönýär.

Oňa, ne ata-enesinden, ne goňşy-golamdan, ne dogan-garyndaşdan: “Edýäniň näme-how, seniň?! Beýle çynyň bilen jilliräp ýatan bolsaň, köwşek, gidipjik, dälihana ýüz tutaýsaň dagy, dogry gelmezmi ýa?!” diýip, geňeş berýänem ýok.

Şol pille-de, birdenkä, onuň ulagy, tüpeňden atylan ok kibi zymdyrylyp, eýlelikgän geçip gitdi. Yz ýanyndanam aýylganç bir: “GÜMP!” boldy. Dünýe lerzana geldi.

Haý!

Hemmämiz oturan-oturan ýerimizden: “Alla janlarym, sag-aman pytradyp dyndy öýdýän” diýşip, ýakamyza tüýküräge-de, köçä eňdik.

Çyksak, ine ýaňky kesele uçranyň, halk arasynda “Hywa gapdalyna depilen” diýilýän hažžygyberk opeli, badyna köçe gyrasynyň beton jähegine urlupdyr-da, böküp, kakam pahyryň şu ýana göçüp gelenimizde, elli ýyl mundan ozal eken, sütüni ýaman berdaşlydan äpet arçasynyň, takmynan ýerden tamboýy beýiklikdäki haçjaryp duran gujurly şahalaryna ilişip galaýypdyr.

Bärden ylgaşyp barýançagam, arçanyň şahalarynyň arasyna gapjalan ulagyň öň gapysy açyldy. Ondan goňşy:ň soguljanpisint ogly syrylyp, aşak gaçdy.

Ony haýdan-haý çete çekip, ýüzüne suw sepdik, içirdik.

Goňşularyň biri: “Tiz kömege” jaň etmäge öýüne ylgady.

Onýança ýaňky ýigit, birneme özüne gelişdi. Şol oturan ýerinden bulançak gözlerini göterdi-de, daşyna hümer bolşup duran hemmämizi birlaý gözden geçirdi.

Nazary meniň ýüzümde ägindi.

Tanady, işigaýdanyň çagasy.

-Kuly kaka, özüňmiň-aý?!-diýip, zordan myňňyldady.

Öňem bendäň çagasy çalarak ýeter-ýetmez bolanyndanmy nämemi, ibaly gepläp bilmeýär welin, kellesi öte urgy göreninden soň-a hasam öňkä görä-de birneme nemedipdir. Sözüne ejesi terjimeçi bolup beräýmese, zordan düşünip bolýar.

-Hawa, men köwşek. Näme, agyrýan ýeriň dagy barmy?!-diýip menem, onuň agyrýan ýeri boldy-bolmady özüme gara şaýylyk bildirmese-de, her niçigem bolsa iki ädimlik goňşy aralykda ýaşaşyp ýörüs diýen pikir bilen, azak-tenek içginsirän boldum.

-Şu agaç seňkimi-aý, Kuly däde?!-diýip, ol işigaýdanyň çagasy, özüniň ulagyny emaý bilenjik asyl-asyl edip goýan arçamyza garşy baş atdy.

-Hawa, köwşek, meniňki!-diýip menem: “Jyn kakanyň çagasy, öňki sähneliginiň üstüne, bu urgusy hasam ýagşyja ýetne bolan ýaly-la” diýen çaklama bilen, näme diýjek bolýandygyna düşünmesem-de ugruna kowan kişi bolýan. Sebäbi çagalykdan belet: owal-a däli bilen tentegi, galyberse-de şermende bilen akmak başlygyňy ugruna kowup alaýmasaň, başga hili alyp bolmaýanyny.

-Onda näm-aý, agam, şu bagyňy şundan başga ekmäge ýer tapmadyňmyň-aý?!-diýip ol, şo pille üstüme dazarylýar-a…

Haý zaňňar-a!

“Ýatanyň üstüne turan gelmesin” diýleni.

“Özüm kelpeň mahawlygymy edip, asudaja oturan bendäniň, köçäniň pyýada ýodasyndanam bäş ädim aňyrda duran agajyny wuraýdym-aý!” diýmekden-ä geçen, gaýta nägileligini bildirýär-ä!

Elli ýyl mundan ozal, entek öz-ä özi, özüni şu pormy makaw edip ýasanam dünýäde ýokka ekilen arçany: “Näme üçin şu taýyk ekdiň?!” diýip gatyrganýar…

© S.Ataýew