Öldürer

Şagaldan, möjekden goran goýnuňy,

Agşam artyk beren arpaň öldürer.

Dostuň ýeňsä sokan pyçagy dälde,

Seniň oňa goýan sarpaň öldürer.

◇◇◇

Hiç kimiň bagtyna hiç kim degmesin,

Çagasy bagtsyz ýaşan ýeňlesin.

Geljekdäki arzuwlaryň hemmesin,

Maksat tutulmadyk ertäň öldürer.

◇◇◇

Mähirliräk gelse özgäň gujagy,

Basym öz eýesin dişlär güjügi.

Duşmandan garaşyp durkaň hüjümi,

Seni arka duran, arkaň ÖLDÜRER.

◇◇◇

Tapylsa

Möjeklerden,

Gorap ýören sürüñi,

İtleriñ şam eder,

Pursat tapylsa.

​Jansyz gurjak ýaly,

Oýnajak kändir,

Sada ýuka ýürek,

Gursak tapylsa..

◇

​Döwrän süryär,

Bergidarlañ ençesi,

Algydardan rahat geçýär gijesi.

​Göýdükdir garybyñ

Maly jüýjesi,

Oragyny ýitirer,

Çarşak tapylsa..

◇

​Haçan iş bitirdi,

Soñky puşmanyñ,

Şoñ üçin mert bolsun,

Dosduñ,

Duşmanyñ.

​Biderekdir,

Bar arassa işläñiñ,

Ýekeje işinde,

Çyrşak tapylsa..

◇

​Gözüñe görünmez

Dünýäñ boşlugy,

Kör bolsalar,

Kimler kimiñ başlygy.

​Namaz kylyp,

Geçirmeseñ ýaşlygy,

Gabyrda kyljak kän,

Rugsat tapylsa...

Kuwwat ÝAZMUHAMMEDOW