Dünýäniň çar künjegine üýtgeşik, özboluşly zatlary görmek üçin syýahat edýändigiňizi göz öňüne getirip görüň. Emma, baran ýerleriňizde şaýat bolýan zatlaryňyz biri-birine meňzeş. Adamlar şol bir markalary geýinýär; şol bir tagamlary iýýär; şol bir aýdymlary diňleýär; şol bir kinofilmlere tomaşa edýär we birmeňzeş sosial mediýa trendlerine eýerýär. Hatda, biziň durmuş ýörelgelerimiz, arzuwlarymyz, pikirleniş usullarymyz hem barha kybapdaş bolup barýar.

 

Ýogsa-da biz, kem-kemden özboluşly bolmaklyga mahsus ajaýyplygy ýitirýäsmikäk?!...

 

Globallaşmagyň (ykdysady taýdan dürli ýurtlaryň bazarlarynyň goşulyşmagy we bir umumy bazara öwrülmegi) gürrüňsiz birgiden bähbitleri bar. Bu dünýäniň dürli ýurtlaryndaky jemgyýetleri özara ýakynlaşdyrdy; dürli halklaryň bir giňişlikde aragatnaşyk gurmagyna getirdi; medeni alyş-çalyşy höweslendirdi; mümkinçilikleri giňeltdi; maglumaty has elýeterli ýagdaýa getirdi. Muňa garamazdan, bu agzalan üstünlikler bilen bir hatarda, adatça göze ilmeýän, ähmiýetli bir üýtgeşme-de bolup geçýär: adamzat medeniýeti barha kybapdaş ýagdaýa gelýär.

Köp asyrlaryň dowamynda aýratyn medeniýetler dürli däp-dessurlary, dilleri, aşhana däplerini, geýimleri, aýdym-sazlary we jemgyýetçilik gymmatlyklaryny kemala getirdi. Bu özboluşly medeni miras ol halklaryň taryhyny, geografiki gurşawyny we jemgyýetçilik tejribelerini açyp görkezýär. Şol medeni miras dünýädäki jemgyýetlerde milli aňyýeti we degişlilik duýgusyny kemala getirdi.

Häzirki wagtda, dünýäde ýaşaýan milliardlarça adamyň sarp edýän; halaýan; höwes edýän; öýkünýän harytlaryny we esbaplaryny kesgitlemekde halkara sarp ediş brendleri, sanly platformalar we algoritm esasynda işleýän güýmenjeler barha has uly orun eýeleýär. Instagram, TikTok ýaly platformalarda şu gün tutuş dünýäde ýoň (trend) bolýan bir kontentdäki egin-eşikler, iýmitler, aýdymdyr sazlar ertesi güni, dessine, millionlarça adamyň arzuw-islegine öwrülýär.

Dünýädäki käbir halklaryň dilleri, milli senetçilik sungaty we milli mirasyna degişli beýleki gymmatlyklar ýitmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýaş nesilleriň wekilleri bolsa mahal-mahal miras galan däp-desssularyny terk edip, dünýä derejesinde meşhur bolan dünýä ýörelgelerine eýerýärler.

Öýüňizden köpçülik ýerlerine çykanyňyzda bir pursat säginip, daş-töweregiňizdäki adamlara üns berip görüň. Olaryň egin-eşigine, esbaplaryna, iýmegi halaýan tagamlaryna we içgilerine; gidip görmek isleýän ýerlerine, dynç almaga höwes edýän künjeklerine, diňleýän aýdym-sazlaryna seredip görüň. Köpüsiniň meňzeşdigne göz ýetirersiňiz. Hatda, köp halatlarda, köpçüligiň geýmeýän egin-eşigini geýýän; beýlekilerden tapawutly aýdym-sazlary diňleýänler deň-duşlary, tanyş-bilişleri tarapyndan köteklenýär.

Dünýäniň beýleki halklary bilen medeni alyş-çalyşyň bolmaklygy hökmany ýagdaýda medeni taýdan doly ýitip gitmekligi aňlatmaýar. Geçmişde däp-dessurlaryň wagtyň geçmegi bilen özgerýän halatlaram bardy. Tutuş taryhyň dowamynda halklar hemişe-de beýleki halklaryň pikirlerinden täsirlendiler; olaryň açyşlaryndan peýdalandylar; täzeçilliklerini ornaşdyrdylar. Esasy howp, kybapdaşlygyň köpdürliligiň ornuny almagy netijesinde, ýerli özboluşlylyga we garaşsyz pikirlenmäge zerur bolan şertleri aradan aýyran mahaly ýüze çykýar.

Özboluşlylygy gorap saklamaklyk häzirki zaman ýörelgelerini ýa-da globallaşmagy bütinleý inkär etmekligi aňlatmaýar. Bu, medeni köklerimizi ýitirmän ösüşi kabul etmek diýmekdir.

Adamzadyň esasy baýlygy, biziň kybapdaş bolmagymyza däl-de biziň durmuşa dürli jähtden düşünip bilmegimize hem-de ony dürli ýagdaýda tejribe edip bilmekligimize baglydyr.

Hemmeleriň meňzeş pikir edýän; meňzeş geýinýän we meňzeş iýmitleri iýýän dünýäsi biziň gözümize has tanyş görünse-de, eýsem, şeýle dünýä biz üçin has gyzykly bolarmyka?!...

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.